10:13 Bokurdak üçin gimnastika | |
BOKURDAK ÜÇIN GIMNASTIKA
Medisina
(Apnoýe keseline, ýagny ukudakaň ýa-da duýdansyz gozgaýan demgysma, bokurdak gysylma keseline garşy) 1. Dik duran ýeriňden, iki eliňem tirsegiňden epmeli-de, eliň aýasyny ýokaryk edip, aýaňy açmaly. 5 gezek gysgajyk dem alyp, demiňi daşyňa üflemeli. Her gezek dem alanyňda ýumrugyňy güýç bilen düwmeli. Demiňi daşyňa üfläniňde ýumrugyňy açmaly. 5 gezekden soň 5-e çenli sanaýançaň arakesme etmeli. Soň ýene-de ýaňky maşky gaýtalamaly. Şu maşky 5 gezek gaýtalamaly. 2. Diliň ujy bilen agzyň ýokarky bölegine (depe dişiňe) basmaly-da, şol ýagdaýda mümkin boldugyndan diliň ýadaýança saklamaly. Bu maşky 5-6 gezek gaýtalamaly. 3. Eňegiňi eliň bilen saklap, saga, çepe, öňe we yza süýşürmeli. Eňegiňi süýşüreniňde, eliň bilen ony agyrtman, süýşürýän tarapyň tersine itmeli. Bu maşky 30 gezek yzly-yzyna gaýtalamaly. 4. Eňegiňi sagadyň diliniň ugry boýunça aýlamaly. Soňra eňegiňi sagadyň diliniň tersine aýlamaly. Her tarapa 10 gezek aýlanyňdan soň, 5-e çenli sanaýançaň arakesme edip, ýene-de bir sapar bu maşky gaýtalamaly. 5. Agzyňy pugta ýumup, burnuňdan dem almaly. Dem alanyňda diliňi boklurdagyňa tarap çekmeli-de, içiňden 10-a çenli sanamaly. Bu maşky 10 gezek gaýtalamaly. 6. Agzyňy açyp, diliň mümkin boldugyndan uzadyp, çykarmaly we ony 3-e çenli sanaýançaň şol ýagdaýda saklamaly. Soňra ýene-de 3-e çenli sanaýança, haýaljakdan diliňi yzyna çekmeli-de, şol birwagtyň özünde uzyn edip “i” harpyny süýndürip aýtmaly. Bu maşky 5 gezek gaýtalamaly. 7. Bokurdagyň we bokurdagyň içki dem alyş dokumalaryny (myşsalaryny) gatadyp, hemme çekimli harplary (a, ö, ü, i, y, o, u, ä, e) owazly aýtmaly. Bu maşky 3 gezek gaýtalamaly. 8. Dikligine, göni durmaly: elleriňi aşak sallamaly, gowşatmaly. Kelläňi bir tarap öwürýärsiň-de, burnuňdan gysgajyk dem alýarsyň, agzyňdan howany daşyňa goýberýärsiň. Soň kelläňi beýleki tarapa öwrüp, ýene-de şonuň ýaly dem alyp, daşyňa üfleýärsiň. Bu maşky 10 gezek gaýtalamaly. 9. Her gün agşam, bokurdagyňy ýuwanrak şerebe (duz garylan suw) bilen çaýkamaly. Bokurdagyňy çaýkanyňda mümkin boldugyndan dogry ses bilen “g” harpyny aýtmaly. Bokurdagyňy azyndan 5 gezek, lygyrdadyp, “g” harpyny aýdyp çaýkamaly. Internetden alnyp, terjime edildi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |