20:34 Bölünen öý | |
BÖLÜNEN ÖÝ
Publisistika
Kylyçdarogly prezident saýlawlaryna üçünji gezek girýär! Ekmeleddin Ihsanoglyndan we Muharrem Injeden soñ bu gezek öz kandidaturasyny goýdy. Eýse Kylyçdarogly ýeñiş gazanyp bilermi? Ol "Türkiýäniñ Obamasy" bolup bilermi? Onuñ durmuşynda Obama bilen aktual meñzeşlikler bar. Mysal üçin... Obamanyñ amerikan garaýagyzlarynyñ 1995-nji ýylyñ 16-njy oktýabrynda Waşingtonda geçiren "million adam" ýörişine gatnaşmagy bilen Kylyçdaroglynyñ "adalat ýörişine" gatnaşmagy meñzeş... Obama bir ýyldan soñ syýasata aralaşdy: Illinoýs senatyna saýlandy. Syýasy durmuşyna täsir eden ýene bir ýörişe şu ýerde gatnaşdy: "Ýok bolsun Yrak okkupasiýasy!" Yzyndan senatorlyk geldi... Yzyndan amerikan prezidentlige kandidatlyk geldi... Kandidaturasyny goýýandygyny mälim etmek üçin simwoliki ýer saýlap aldy: Awraam Linkoln senata kandidaturasyny goýýandygyny aýdyp çykyş eden ýeri Springfild! Saýlanyp alynan ýerden zyýat Linkoln gul eýeçiligine garşy çykan taryhy sözleriniñ ähmiýeti bardy: "Öz içinde bölünen öý abat durup bilmez". "Bölünen öý" allegoriýasy Kylyçdaroglynyñ "supra" ýaly meñzetmelerine çalym edenokmy? Springfild * * * ABŞ-da prezidentlige kandidaturañy goýmak üçin ilki partiýañdaky beýleki kandidatlar bilen bäsleşmek gerek. Obamanyñ Demokratik partiýasyndaky prosaýlawlarda iñ uly bäsdeşi kimdir öýdýäñiz: Hillari Klinton! Obama bilen arasyndaky kandidatlyk ýaryşy uzak wagtlap başa-baş dowam edenem bolsa, Hillari ýurduñ taryhyndaky beýleki ähli kandidatlatdaj has köp prosaýlaw we delegat toplandygyna garamazdan, birdenkä kandidatlykdan çekildi. (ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdenem şol ýyl kandidatdy, ýöne olam Klinton ýaly Obamanyñ peýdasyna ýaryşdan çekildi). Hillary Klinton saýlawdan soñ Daşary işler ministri wezipesine bellendi, Jo Baýdenem prezidentiñ orunbasarlygyna bellendi... Meral Akşeneriñ Kylyçdaroglynyñ peýdasyna özüni alyp barşy şuña meñzänokmy? * * * Saýlaw döwründe Obamanyñ etniki gelip çykyşy hemişe jedelli gürrüñ boldy. Milletparaz respublikanlar, akýagyz amerikanlar Obamanyñ ilkinji afro-amerikan prezident bolmagyny islemeýärdi. Obama "keniýaly negr" şahsyna edilýän her hüjüme birmeñzeş jogap berdi: - Ak-gara diýen zat ýok, ýeke-täk Amerika bar. Liberal ýa-da tutujy Amerika ýok, bir bitewi Amerika bar, Amerikanyñ Birleşen Ştatlary bar. Obamany ilki ("arap" ýa-da "musulman" diýip) ýañsyladylar. Soñra ("entek ýaş, oñarmaz" diýip) hüjüm etdiler. Ahyrsoñunda Denwerde we Tenneside janyna kast etmäge-de synanyşdylar... Ahyrynda: Obama 69.4 million ses alyp, amerikan taryhynda iñ köp ses alan prezident boldy! Diñe öz Demokratik partiýasyndan ses almady. Garşydaş Respublikan partiýanyñ konserwatiw we liberallaryndanam ses aldy. Gellap institutynyñ barlaglaryna görä, konserwatiw respublikanlardan 7%-i, ylymly-liberal respublikanlardan bolsa 21% goldaw tapdy. Saýlawyñ şeýle netije gazanmagynda Obamanyñ toparynyñ sosial mediýany örän ýerlikli ulanmaklarynyñam hyzmaty uly boldy... Ahu Özýurt * * * Žurnalist Ahu Özýurt Obamanyñ saýlaw kampaniýasynyñ janly şaýady boldy. Türkiýedäki duşuşyklarymyzda ol ýygy-ýygydan Obamanyñ kampaniýalarynyñ gürrüñini edip duransoñ, men oña bu barada kitap ýazmagy maslahat berdim. Ýazdy. "Obama. Köstsüz tupan" (“Obama / Bir Kusursuz Fırtına"). Kitabyñ girişinde ilkinji duýgusyny şeýle beýan etdi: "Şumy gürrüñi edilýän adam" diýip, teleýaýlymda görünýän metis, inçemik, uzyn boýly, ýognas sesli adamy synlamaga başladym. Dört ýyl öñ Demokratik partiýanyñ kongresinde adyny ýañlandyran ýaş senatory Türkiýedekäm ýeke gezegem diñlemändim, hatda hiç hili gyzyklanmandym. Şeýle-de bolsa, ABŞ-na gadamymyñ basylan noýabr aýyndan bäri hünär karýeramy-da üýtgeden saýlawy şonuñ saýasynda yzarlamaga başladym…” Bir döwür JHP-niñ merkezi edarasynda-da işlän Ahu Özýurtuñ Obama hakdaky kitabynda öwrenerlik zat kän. Kylyçdarly saýlawda Obamanyñ üstünligini görkezip bilermikä, ony görübermeli bor.. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 08.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |