11:19 Bu aýallar, bu aýallar, aýallar... | |
"BU AÝALLAR, BU AÝALLAR, AÝALLAR..."
Goşgular
Isteseler arşa ýetir adyňy, Isteseler ýakyn eder ýadyňy. Bol ederler öýdäki ýok zadyňy, Bu aýallar, bu aýallar, aýallar. Isteseler bar zadyňy ýok eder, Günäkärem bolsa özün ak eder. Göwneseler eliňden suw akydar, Bu aýallar, bu aýallar, aýallar. Göwnün ýyksaň ondan elhenç duşman ýok, Söýse weli owal-ahyr puşman ýok. Dünýä döräp heniz onsuz ýaşan ýok, Ah, aýallar, bu aýallar, aýallar. Kynam däl ýalydyr göwnüni tapmak, Göwnün tapmadyga diýerin akmak. Gödek söz – ömürik gapyňy ýapmak, Bu aýallar, bu aýallar, aýallar. Bir bakyşda açyp biler telbäni, Bir ýakyşda weýran eder külbäňi. Kim bolsaň-da, borsuň şoň talabany, Bal aýallar, gül aýallar, aýallar. Erkekmidir söýýän diýip aldaýar, Aýalmydyr eýsem şondan aldanýan?! Size başyn egip gider Allaýar, Jan aýallar, han aýallar, aýallar. 18.04.2000. ▶ AMAN SAKLA Herki kellekeserleriň Gazabyndan aman sakla. Töhmet atly nägehanyň Azabyndan aman sakla. Aman sakla ot-ýalyndan, Tokaý otlap at alandan. Gülende gülýär ýalandan, Bozugyndan aman sakla. Aman sakla sil suwundan, Suw içsin göwün-göwünden. Atanyň dişin owurdan Ýazygyndan aman sakla. Peşabyň aýpaltasyndan, Hem aýal sölitesinden. Garaz, adam gendesinden Uzagyndan aman sakla. Hudaýjan oýunjakmykan?! Bilse şonam aldajak kän. Bir-biregi goldajak däl Duzagyndan aman sakla. Aman sakla kän-kän zatdan, Arsyz diýen ýaman atdan. Nebis diýen ýaman ýatdan Gazygynda aman sakla. 18.04.2000. Surat: Medine Safari / "Obaly aýallar" | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |