11:35 Bu käliň | |
Eý, ýaranlar, size muny aýdaýyn,
Goşgular
Diýdigim çakyña ýetmez bu käliñ. Käte gawun-garpyz iýip gaýdaýyn, Mazasy çekgämden gitmez bu käliñ. Ekenden endigan çykyp ugrady, Yssy düşdi günbe-günden zorady, Özgeleri tapbat alyp gurady, Asyl biýarasy ýatmaz bu käliñ. Her düýbi ýaýrandyr bir tanap ýere, Gawuny çymmakdyr, garpyzy gara, Gujaga sygmazdyr bäş garyş sere, Bolaýşyna aklyñ çatmaz bu käliñ. Künjüsi bag ýaly, kösügi hatar, Düýbünde dört adam saýalap ýatar, Gawuny gahr edip garpyzy atar, Gije tarkyldysy ýatmaz bu käliñ Gowaçasy sansyz goza getirdi, Her bir düýbi üç gadaga ýetirdi. Suw içenden suw içmedik ötürdi, Ýüzüniñ yzgary ýitmez bu käliñ. Telärler maýrylar serilen sökden, Bede deý basylan ol küde kakdan. Gelen alyp gider gujak-gujakdan, Eýeleri ýüzün çytmaz bu käliñ. Bellik: Bu goşgy şahyryñ Kaka şäherindäki medresede okap ýörkä ýazan goşgusy bolup, köne türkmen ýazuwly öz golýazmasyndan Aşyr Salyh ogly tarapyndan geçirip alnan. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |