02:01 Büdreýän ädimler | |
BÜDREÝÄN ÄDIMLER
Publisistika
Lawrowy indi ne metbugat ýygnaklarynda, ne-de Hmeýmim harby bazasynda ynamly ädimler bilen patyşalar ýaly ýöräp barýarka görýäris. Russiýanyñ Daşary işler ministri Sergeý Lawrow / Fotosurat: Reuters Gazadan Ýemene çenli uzaýan bu gorkunç goh-galmagalyñ ortasynda Siriýanyñ ynjalykly pozisiýasy bilen birlikde Russiýanyñ gaba pozitiwligi, diplomatiýasy we ultradolandyryşy öz içine alýan pozisiýasy geñ galdyryjy görünýär. Sergeý Lawrowyñ çykyşlary, Russiýanyñ wetosy we batly sesi nirede? Düýp sorag we düýp mesele şunda. Munuñ iñ añsat jogaby - Moskwanyñ argyndygy we Ukraina urşy bilen meşguldygy hem-de Siriýa frontynda artykmaç ýük islemeýändigi bolup biler. Siriýanyñ özi urşuñ içinde we ol çaknyşyklaryñ ulalyp gidibermegini islänok. Emma bu beýanat dogrudygyna garamazdan ynandyryjy ýaly bolup görünse-de, ýeterlik däl. Russiýa duşmançulygyny söz bilen beýan edende köplenç belent ses bilen çäksiz dil ulanmak arkaly beýan edýär. Emma häzir Kremliñ Tel-Awiw bilen gatnaşygynyñ üýtgändigi we Putin bilen russiýaly jöhitleriñ arasynda organiki baglanyşygyñ bardygy mesaña belli boldy. Bu meseläniñ Moskwanyñ pozisiýasyna täsirini ýetirip, kanunylaşdyryşy ýaly Şamyñ pozisiýasyny-da "Hamasa" bolan duýgulary we "Musulman doganlar" bilen arsyndaky taryhy duşmançylygy kanunylaşdyrýar. Režimem, siriýalylaram "Hamasyñ" "rewolýusiýa" ýyllarynda oýnan roluny heniz ýatdan çykarmady. Şu üýtgän arenada iñ bolmanda ýokardakylar ýaly syrly faktor ýañy orta çykyp başlady - olam bir döwür bilelikdelik we ýaranlyk derejesine ýeten Siriýa-Eýran gatnaşyklarynda bolup geçýändigi aýdylýan üýtgeşme. Özara gatnaşyklaryñ edil häzir agsaýandygy we Siriýanyñ araplaryñ arasynda özüni ýaramazlaşan izolýasiýa iteren öñki syýasy ugurlarynyñ köpüsini gözden geçirýändigi belli. Bu üýtgeşmeler Gaza-Liwan urşunyñ gyra-bujagynda däl-de, jümmüşinde ýer alýar. Arap dünýäsindäki jemgyýetçilik onuñ üçin möhüm bolman biler, emma Kreml ABŞ-dyr Günbatara garşy alyp barýan giñ gerimli urşuñ içindekä rus jemgyýetçiligini görmezlige salyp bilmez. Gazadaky, Liwandaky gyrgynçylyklardan täsirlenen dünýä üçin Ukraina urşunyñ ruslar üçin nähili möhüm ähmiýetiniñ bardygyny göz öñüne getirmegem kyn. Sowet Soýuzy rus ruhundan, edebiýatyndan we taryhyndan uzak, köpüsi aziýaly, yslam we kawkaz gelip çykyşly on bäş respublikadan ybaratdy. Diñe Ukraina Russiýanyñ medeni, etniki we milli ekizi ýalydy. Uruşam şu ekizlere garşy alnyp barylýar. Gaýgy-ünjilerimiz we betbagtçylyklarymyz zerarly Russiýanyñ Kiýewdäki urşy gutarandyr öýtsegem, her gün uly ähtimallyk bilen täzeden başlanýar. Şol sebäpden Lawrowy indi ne metbugat ýygnaklarynda, ne-de "Hmeýmim" harby bazasynda ynamly ädimler bilen patyşalar ýaly ýöräp barýarka görýäris. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Ýekşenbe, 07.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |