01:41 Bürgüt ahmyry / hekaýa | |
BÜRGÜT AHMYRY
Hekaýalar
Deñiziñ kenaryna ýanaşyk dagyñ uçut gaýasynyñ düýbünde ak guýruk bürgüdiñ çõp- çalamdan bina eden gabaraly hõwürtgesi bar. Kenaryñ gyrasyndaky ortasy õrküçli ýasy daş bolsa ýyrtyjy guşuñ dynç alyan we naharlanyan ýeri. Õzüni bu ýeriñ eýesi hasaplaýan bürgüt her gün säher bilen gõk asmana galyp goşa ganatynyñ hõzürini gõrýär. Şol ýerden deñizdäki janly jemrndäni, suw guşlaryny birin birin yzarlaýar we nobatdaky awuny nyşana alýar. Çygrynda del guş gõründigi onuñ bilen sõweş edýär. Beýleki guşlardan tapawutlylykda onuñ açlyk çekjek gaýgysy ýok. Nesibesi golaýynda, õz eli, õz ýakasy. Islese balyk, islese-de suw guşyny saýlap awlaýar. Soñ tutan awyny penjesinden sypdyrman gelip, õrküçli daşyñ üstüne goýýar. Dag bürgüdiniñkä gõrä has kuwwatly mähnet çüñkleri bilen ullakan balygyñ bedenini hamala içinde süñkleri ýa-da gyýçaklary ýok ýaly añsatlyk bilen dogram dogram edip gõýberýär. Ol agymtyl daşy ýyllarboýy ýuwup ýümän deñiz tolkunlary ony erederden ejiz gelipdir. Balyklaryñ we suw guşlarynyñ ganyna günde telim gezek boýalsa-da, onuñ üst bašy täp-tämiz. Galan gaçan iç goşlary süñk sañklary ýa-da ýelekdir teññeleri hem gõrjek gümanyñ ýok. Sebäbi aram aram kõpürjikläp gelýän has uzakçyl tolkunlar bu ýere-de ýetip bürgüdiñ meýlis mekanyny syryp süpürip durýarlar. Dürli dümen balykdyr guş etinden petekesini mäkäm dolduran bürgüt bu dašyñ suw ýetmeýän belent õrküjinde dõşüni şemala tutup irkilmegi halaýar. Pessaýlyk bilen õwüsýän şemala bürgüdiñ omuzyndan we butlaryndan ýelekleriniñ düşen ýerleri açylyp gõrünýär. Goja bürgüdiñ õmrüniñ kõp bõlegi şu gõzýetimlerdäki asmanda hem-de şu dašyñ üstünde geçdi. Õzünden ençe ýaş uly mäkiyan jübüti bilen ýigrimi ýyllap gaýanyñ düýbündäki hõwürtgede ýaşadylar, ençeme gezek şol hõwürtgeden ýaş bürgütleri uçurym etdiler. Mäkiýanyñ garrap õlenine indi iki üç ýyl boldy. Janyoldaşy we çagalary barka-da bürgüt hõwürtgede kän bolman wagtynyñ kõpüsini awda ýa-da şu dašyñ üstünde geçirerdi. Indi õz maýdalyna ýeke ýaşaýarka, gugaryp galan kapas hõwürtgä ol diñe gijäniñ yary garry süñklerini ýylatmak ücin barýar. Toparlanyšyp deñizde ýüzüp ýõren suw guşlary õz ganymyny tanaýarlar. Ýõne şonda-da känbir ätiýaç edip baranoklar. Bardy geldi bir sebäp bilen uçsalar-da ýene bu ýere dolanyp gelýärler. Olar ücin hamala daş tõwerekde hiç bir hadysa bolmaýan ýaly, asuda durmuşlaryny dowam etdiryärler. Tebigatyñ bu täsin kanuny ýyrtyjy guşlaryñ rysgalynyñ kesilmezligini üpjün edýär. Dañ bilen hõwürtgeden uçan ak guýruk bürgüt şol gün hem asmanda biraz gaymalady. Deñizde süri süri bolup ýõren guşlary birin birin gõden gecirdi. Olaryñ içinden amatlysyny saýlan bolarly, dik asamandan aşak inip suw guşlarynyñ birini penjesine aldy. Soñ ol hemişeki endigune gõrä kenardaky daşyñ üstüne gonsa-da howliukmady. Õñündäki awa seretmän daş tõweregine gopbamsylyk bilen nazar aýlady. Hemişeki edähedini bozup gõýberen bu kiçijik hatasy üćin pajygaly ýalñyşlyklara ýol açyldy. Men menlik õzüne artyk baha bermek hiç haćan gowlugyñ üstünden eltmeýär. Bu sapar bürgüt ony õz bašyndan geçirdi. Amatly pursady peýlän suw guşunyñ ýaraty bolsa-da deñze tarap zymdyrylyp gidendigini ol biraz gijiräk añlady. Deniz bürgüdiniñ gaçan awuñ yzyndan laçyn ýaly kowalap girisine saljak gümany ýok. Dag ýa-da sähra bürgüdiniñ peykam kimin parlap gõge galmasy hem oña mahsus däl. Asmandan awunyñ üstüne yyldyrym yaly inen pursatynda deñsiz taysyz okgunly deñiz bürgüdiniñ galan wagtlardaky hereketinde o diyen çusluk, çakganlyk yok. Akguýruk bürgüt näće gazaply hem bolsa hemişeki agras uçušy bilen gõge galdy. Al asmandan seredeninde yaraty guşy gõrmedi. Ol eyyam õzüni gamyşlyga uran bolarly. Bürgüt "zyyyanyñ yaryndan gaydyp" yza dolanmady. Gahatyny kimden çykarjagyny bilmeyan taly asmanda bir iki aylaw etdi. Asuda tolkunlaryñ arasynda towlanjyrap ýõren ullakan bir balygyñ garamtyl arkasyny gõrende bolsa onuñ gabarasyna seretmän, üstüne ok yaly atylyp gaytdy. Ýiti dyrnaklaryny balygyñ gerşinden mäkäm sanjylanda suwa gyzyl reñk yaýrap gitdi. Emma beyle äpet balygy gõtererden ejiz bürgüde indi demir gyñarçak yaly dyrnaklaryny balygyñ ýon etinden sogrup çykarmak hyllallady. Sykyja düşen bürgüt häzir awdan ellibizardy. Janhowluna urunyan balyk ony deñiziñ düýbüne çekeleýärdi. Häzir ýyrtyjy guşuñ õzi awa õwrülipdi. Aman soramasa-da aljyraññy ýagdayda nalaç pasyrdayan bürgüdi girisinden sypdyrmak islemeyan yaly balyk ony çekeläl süýräp, suwda ençeme õwrüm etdi. Kimiñ kime ýesirdigini saýgarar yaly däldi. Tõwerekdäki guşlardyr suw jandarlary suwuñ we asmanyñ piriniñ bu gõzgyny halyna gyzyl gyrlan gülüşyan yalydylar. Hernä bürgüdi õzi bilen girdaba äkitmek balyga başartmady. Ýyrtyjy guş soñky pursatda penjesini sypdyrdy. Ganatlaryndan başga ýeri õl myžžyk bolan bürgüt zordan ýerläp uçup, õzüni kenara atdy. Emma indi õñki ućuşlaryndan soñra edişi yaly, oña kenardaky daşyñ üstüne gonup deñze haybat bilen garap oturmak yokdy. Õmrüniñ soñunda yalñyşyp, õzünden güýçlä sataşan guşuñ başyndan geçiren gõz güliban yagdaýyna deñizem, asmanam, zeminem şayatdy. Ezilen towuk yaly müzzerip, gayanyñ aşagyndaky hõwürtgesine giren bürgüdi soñ gõren eşiden bolmady.. Şahymerdan Sary ogly, ýazyjy. "Balkan" gazeti. 2015 ý | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |