14:50 Burkanyñ gaýdyp gelmegi | |
BURKANYÑ GAÝDYP GELMEGI
Publisistika
"Men aýdypdym-a!" sözi žurnalistleriñ we telewizion kommentatorlaryñ iñ halaýan sözleriniñ biri. Ýeri gelende, eger siz rugsat berseñiz, menem şu sözi şu ýerde ulanmak isleýärin. Geçen tomus Talibanyñ häkimiýete dolanyp gelmeginden soñ köp sanly göni efirden berilýän telegepleşiklerde möwsümlik owganşynas hünärmenleriñ arasynda jedel giden bolsa, men olaryñ tersine, Talibanyñ üýtgemändigini we häkimiýete ymykly ornaşandan soñ öñki gadagançylyklaryny täzeden ýola goýjagyny aýdypdym. Aýdyşym ýaly-da, Talibanyñ Ýagşylyklary ýaýmak we ýamanlyklaryñ öñüni almak boýunça ministrligi 7-nji maýda çap eden kararynda ähli aýal-gyzlaryñ öýlerinden daşarda burka geýmegi hökmany talaba öwürdi. Talabalaýyk gezmedik aýal-gyzlaryñ erkek hossarlary - kakasy ýa-da äri jerime edilýär ýa-da tussag edilýär, ýa bolmasa haýsydyr bir edarada işleýän bolsa, işinden çykarylýar. ("Möwsümlik hünärmen diýmek bilen, belli bir wagtlap haýsy mesele üns merkezinde bolsa, şondan baş çykaransyraýan we ekrandan ekrana ylgaýan, köpçüligiñ ýakyndan tanaýan, atlarynyñ öñünde "professor", "doktor", "otstawkadaky general", "pensioner ilçi" ýaly atlar bolan size tanyş adamlary göz öñüne tutýaryn. Elbetde, ugry boýunça hakykatdanam güýçli az sanly hakyky hünärmenlere hormatym uly). Taliban häkimiýete gelenden soñ ilkinji nobatda altynjy synpdan ýokarda okadýan ähli gyzlaryñ okuwyny ýatyrdy, muña tutaryk hökmünde-de ýokary synplaryñ taýýar däldigini, ýöne öñümizdäki ýyldan başlap gyzlaryñ okuwyna rugsat beriljegini mälim etdi. Emma 2022-nji ýylyñ martynda täze okuw ýyly başlanda müñlerçe gyz mekdebiñ howlusyndan yzyna gaýtarypdy. Gyzlar aglaý-aglaý öýlerije dolandy. Ýapyk mekdepleriñ öñünde çykyş eden gyzlaryñ biriniñ elindäki bannerde ýazylan sözler gözüñi egleýärdi: "Hemme zadymyzy, azatlygymyzy elimizden aldyñyz, iñ bolmanda okamagymyza bir rugsat beriñ!" Muña derek Talibanyñ Talibanyñ Ýagşylyklary ýaýmak we ýamanlyklaryñ öñüni almak boýunça ministriniñ sosial mediýada paýlaşan ýazgysynda puştunça"Khıza ya kûra, ya gura!" (Gyz - ýa öýe, ýa mazara!" diýen sözler bardy. Başgaça aýdanda, Talibanyñ düşünjesine görä kämillik ýaşyna ýetmedik aýal-gyzyñ gidip biljek iki ýerinden biri öýi, beýlekisi-de mazar. Burka mejburylygy Owganystanda aýal-gyzlar üçin öñem juda muşakgatly durmuşy hasam çekip-çydamaz ýaly ýagdaýa getirýär. Köp sanly sowatly we eli işli aýal-gyz daşary ýurda gaçan bolsa, ýurduñ içinde galan az sanly aýal-gyzyñ işleme mümkinçiligi-de şu karar arkaly elinden alyndy. Adyny aýtmakdan saklanan owganystanly zenan aklawjylaryñ biri "Taliban hamana ýurduñ beýleki wawwaly meseleleri çözülip gutaran ýaly biziñ bilen gidişýär. Biziñ bilen gidişmän, işsizligi we açlyk problemasyny çözsünler! Maşgalalar açlyga çydaman çagalaryny satuwa çykarýar" diýýär. Biçüwi birmahalky koka-kola çüýşelerini ýatladýan burka hernäçe Owganystanda aýal-gyz hak-hukuklaryna girizilen çäklendirmeleriñ simwolyna öwrülenem bolsa, aslynda birmahalyñ zamananaplygyny we şäher ýaşaýyş-durmuş formasyny sypatlandyrýardy. Hawa, onlarça halkyñ ýaşaýan Owganystanynda hiç bir etniki toparda burka diýen zat ýok. Obalarda aýal-gyzlar kellelerini ýeñiljek ýaglykdyr çabyrlar bilen ýapyp, agaýana gezip bilýärdi. Burka 60-njy ýyllardan bäri şäherlerde göze ilmäge başlady. Burka şol ýyllarda Owganystana arap dünýäsinden gelipdi we belli bir derejede täzeligi, döwrebaplygy alamatlandyrýardy. Şonuñ üçinem şäherlerde ýokary wezipeli işgärleriñ gelşikli we jalaý aýallary burka ulanýardylar. Fotosurat: Lowell Thomas / Harry A.Chase Öz çagalygymdan ýadyma düşýär: biziñ obamyzdaky türkmen aýal-gyzlary hiç mahalam burka geýmändi we ýolda-yzda erkekler bilen gabatlaşanda ýüzlerini esgi (ýaşmak) diýilýän tradision ýapynjalarynyñ ujy bilen ýukajyk ýapardylar. Puştun aýal-gyzlary bolsa tradision we elin dokalan ýaşmaklary bilen arkaýyn gezerdiler. Şumadam kuçi diýilýän çarwa puştun taýpasynyñ aýal-gyzlary burka geýenok. Talibanyñ 90-njy ýyllardaky birinji häkimiýetinde dünýä jemgyýetçiliginiñ üns merkezine dikilen burka adamyñ dünýägaraýşyny çäklendirýän we jokrama yssyda demikdiriji ýagdaýa salýan örtgä öwrüldi. 60-njy ýyllarda ýoñ görnüşinde başlan burka soñky ýyllarda, aýratynam graždanlyk urşy ýyllarynda hökmany düzgüne girizildi. Aslynda şol döwür aýal-gyzlary burka geýmäge mejbur edýän düzgünem ýokdy, ýöne aýallar gyýa gözden goranmak, her öñýeteniñ ünsüni özüne çekmezlik üçin burka geýýärdiler. 90-njy ýyllaryñ başyndaky anarhiýa döwründe ýaş we görmegeý aýal-gyzlar alnyp gaçylýardy hem-de zorlanýardy. Burka aýal-gyzy boýdan-başa ýapýanlygyndan, onuñ añyrsyndaky zenanyñ ýaşyny fa-da boý-syratyny çaklamak mümkin däl. Şonuñ üçin howply anarhiýa döwürlerinde burka aýal-gyzlar üçin şol bir wagtyñ özünde goraýjy galkan wezipesini-de ýerine ýetirdi. Taliban dünýä jemgyýetçiligi Ukraina urşy ýaly iññän derwaýys mesele bilen başagaý bolup ýörkä, Owganystanda aýal-gyzlara hiç kimiñ gañrylyp seretmejegini bilýär, şonuñ üçin dünýäden güýçli garşylyga garaşmaýşy ýaly gelip biläýjekleri-de äwip duranok. Öñräk ara gürrüñi edilen, Owganystanda giñ gerimli täze döwlet ylalaşygy hökümetini gurmak ähtimallygy-da Talibanyñ pikirinde ýok. Dünýä jemgyýetçiligi, hususanam Günbatar Owganystanda diñe DAIŞ täzeden ot gorsamaga başlanda bu ýurt bilen gyzyklanyp biler, ýogsam bolmasa, owgan halkynyñ ahy-nalasy hiç kimiñ piñine bolmaz. Emma Owganystan meselesi düýpli çözülmedik ýagdaýynda üýşen zir-zibil üýşürilen zibilhananyñ ýanyşy ýaly ýangynyñ döremegine getirip biler. Eýranda we Türkiýede barha artýan owgan bosguny DAIŞ-iñ Owganystandaky teraktlary, artýan neşe ekini tutuş sebiti we dünýäni täsiri astyna aljak uly howpa yşarat edýär. Suw señrikden agansoñ näme edilende-de peýdasy bolmaz. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Duşenbe, 16.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |