09:53 Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy göz-görtele ýalan sözledi! | |
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASY GÖZ-GÖRTELE ÝALAN SÖZLEDI!
Medisina
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) adyna mynasyp ynamly halkara guramasy bolup bilmeýändigini görkezýän kemçilikleri goýberýär. Meselem, BSGG koronawirus bejergisinde ulanylan “remdesiwir” (код разработки GS-5734) atly antiwiral dermanyñ ilkinji kliniki synaglatynda şowsuzlyga uçrandygy baradaky pudaklaýyn habar beriş serişdelerinde habar berildi, yzyndanam berlen habar gürüm-jürüm edildi! Habarda Hytaýda koronawirusa ýolugan 237 näsagda synag edilen dermanyñ näsaglara hiç hili peýda etmändigini we gan aýlanyş sistemasyndaky patogenleriñ barlygyny azaltmandygy aýdylýardy. Dermany öndüriji "Amerikan Gilead Sciences" şereketi bolsa geçirilen synaglaryñ ýalñyş habar berilendigini aýtdy welin, BSGG “ýalñyşlyk bilen habar berildi” diýdi-de, beren habarlaryny ýaýlymdan öçürdi. (Şol derman Türkiýede-de ulanylýar). Ýüze çykan ýagdaý BSGG-nyñ güýçli derman şereketleriniñ gysajyndaky guramadygyny ýene bir gezek subut etdi. * * * Mundan öñem BSGG-nyñ epidemologiýa gullugynuñ direktory professor Ulrih Keýl “Doñuz dümewi - derman şereketleri bilen bilelikde öndürilen gorky kampaniýasydy” diýipdi. Gowur turuzan bu çykyş häzir ýapylan "Watan" ("Vatan") gazetinde şeýle seslenme döredipdi: BSGG-nyñ direktiwalaryndan ugur alyp ýöredilen dünýä möçberindäki waksina kampaniýalaryna we milliardlarça dollara barabar waksinadyr derman aksiýalaryna garamazdan “Siziñ bu edip duran zadyñyz ýalñyş!” diýen käbir alymlary ilkibada ýazgaran boldular. Emma soñky döwürde keseliñ düýbünden ýok diýerlik derejede azalyp gitmegi we ölüm wakalarynyñ adaty dümew ölamleriniñ sanyndanam az bolmagy sözi diñlenýän alymlaryñam kem-kemden “doñuz dümewi gereginden artyk howatyrlanmady” diýen alymlaryñ sözüni makullamagyna sebäp boldy. * * * Ýewropa sowetinde bu mesele boýunça geçirilen ýygnanşykda çykyş eden BSGG-nyñ epidemologiýa gullugynyñ direktory professor Ulrih Keýl “Doñuz dümewi epidemiýasy derman öndüriji şereketleriñ girdejilerini artdyrmak maksady bilen bilelikde ýörite taýýarlanan gorky kampaniýasydy” diýdi. Professor Keýl “BSGG-nyñ guş dümewi we SARS ýaly meselelerde-de ähli eden çaklamalary ýalñyş çykdy. Jemgyýetçilik saglygyny gyzyklanýandyrýan çözgüdine garaşýan onlarça meselämiz barka, doñuz dümewi boýunça halkyñ howsala düşmegine sebäp bolduk we bu boýdan-baş çişirilen gorkudan ybaratdy. BSGG-nyñ kabul eden kararlary ýurtlaryñ saglyk býužetlerine ummasyz uly ýük getirdi. Adamlaryñ ölümine sebäp bolan iñ esasy täsirleriñ gipertansion, çilim, ýokary holesterol, aşa semizlik, maşk etmezlik, ir-iýmişleriñ we gök önümleriñ azlyk etmegi ýaly zatlardygyny biz gowy bilýäris. Hökümetler BSGG-nyñ çözgütlerine eýerip bu ugurlara maý goýumlaryny goýmagyñ deregine, yklymara epidemiýanyñ ýaýrajakdygy baradaky çaklamalaryñ juda tutaryksyzdygyna garamazdan, doñuz dümerine garşy pul ýatyrmaga mejbur edildi” diýdi. ■ Iki gowy habar... Bu ýakymsyz habarlara garamazdan Türkiýeden we Päkistandan gelip gowşan iki ýakymly habar bar. Päkistanyñ Dow uniwersitetiniñ ylmy-barlaglar topary 2020-nji ýylyñ martynda koronawirusa ýoluganlaryñ ilkinji gan barlagyny geçirdi we antikorlary himiki taýdan izolorledi, saplaşdyrdy we has soñra bu antikorlary ultrafiltrasiýa tilsimini ulanyp konsentrirledi. Bu boýunça mälim edilen habarda “Iş alnyp barylýarka ähli plazmadan ötri saplaşdyrylan antikorlar ullanyldy. Bejergi plazma proteinleri, potansial bakterial we wiral patogenler ýaly ganyñ talap etmeýän komponentlerini saklamaýandygy üçin plazma transfuziýasyndan has ynamly we has täsirli hasaplanýar. Bular ýaly saplaşdyrylan antikorlar tetanoz, guduz, dümew we gepatit ýaly kesellere garşy yklymara söwda dolanşygynda bardyr. Hut şol strategiýa MERS, SARS we EBOLA ýaly beýleki wiral epidemiýalaryñ ýaýran wagtynda hem täsirli şekilde ulanylypdy” diýildi. Türkiýede-de professor Erjüment Owaly we onuñ topary sekiz aýry näsagdan alynan plazmalardan gan topary näçedigine garamazdan hemmelere ulanyp boljak antikor taýýarlandyklaryny mälim etdiler. Arslan BULUT, arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr 25.04.2020 ý, "YENIÇAG" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |