10:24 Ýokanç meýilnamasynyñ maksady takyklaşýar! | |
ÝOKANÇ MEÝILNAMASYNYÑ MAKSADY TAKYKLAŞÝAR!
Publisistika
Sosial medýada makalalarymy yzygiderli okaýan Mete Musa "Bu pandemiýanyñ maksadynyñ waksinasiýa (привывка) üçin organizmimize galtaşma ejazasyny we hukuguny edinendigi belli boldy" diýip ýazan hatynda şulary nygtapdyr: "5G we onuñ yzyndan gelmeli tehnologiýalar mundan beýläk kiborglaşan (ýarym robotlaşan) adamlaryñ täze nesliniñ organiki baglanşygyny üpjün etjekdigi mälim boldy. Ýagny adamlar merkezi emeli añ (artificial intelligence/искусственный интеллект/yapay zeka) tehnologiýasyna sazlaşykly işleýän apparatlara öwrüler. Şu ýerde bir sorag döreýär: Biziñ bu gelejege çakylygymyz barmy? Eger ýok bolsa, onda paganik rituallar bilen bolmalysy ýaly şekilde haýwanlar kimin kesellere, epidemiýalara, gytçylyga we uruş tyglaryna gurban edilip ölüp gidibermelimikä? Megerem, yklymara üýtgeşmeler arkaly atmosferada Günüñ öñüni örtüp ýörite gurlan gelejegiñ şäher döwletleriniñ daşgaryn garşylyk görkezme ähtimallygy bar bolan ýurtlary we sebitleri tümlüge gömme meýilleriniñ bardygyny-da çaklap bolýar. Neo feodalizm... Gala şäherleri... Daşarda galanlar, bütin dünýäde sistemalara, hökümetlere garşy gidenler hökmünde hasap edilenler... Şu günki günüñ döwletleri-de bu meýilnamany bireýýämden bäri kabul edene meñzeýär..." * * * Şeýlekin degerlendirmelerden soñra maña şu sowaly berdiler: - Türkiýe bu meýilnamanyñ garşysyna döwlet hökmünde garşy çykarmyka? Ilki bilen şuny aýdyp geçeýin, edil häzir ylmy ugurdan işleýän akademiklerimiziñ biri, gönüden-göni Bill Geýtsiñ önümçilige goýbertjek molekulýar waksinalarynyñ propogandasyny ýöredýär! Bu näme diýmegi añladýar? Döwlet çaga däl ahwetin aldanar ýaly? Eýsem epidemiýa bahanasyna duwlanyp, Atatürk howa menziliniñ meýdançalarynyñ ýok edilmegi nämäni añladýar? Epidemiýadan birnäçe ýyl öñ Türkiýäniñ waksina öndürmäge mümkinçilikli Hyfzysyhha institutyny ýapmak nämäni añladýar? Epidemiýadan öñ bugdaý, pagta we şugundyr ekilýän meýdanlary çäklendirmek, ekin ekmeýän we önüm öndürmeýän daýhana pul bermek, şeker zawodlarynu satmak we ýapdyrmak nämäni añladýar? Iñ bärkisi hoz söwdasy näme üçin italýan firmasynyñ ygtyýaryna berildi? Türkiýede syýasy häkimiýetler köp wagtdan bäri näme üçin türk kimligi we Atatürk bilen hasaplaşýar? Bütin bu agzalan kadrlar epidemiýa bilen gorkuzylan adamlaryñ waksina diýip tanadyljak molekulýar geçirijileri talap edýändigine seredip, olara howpuñ ýakynlaşýandygyny duýdurarmu ýa-da meýilnamany goldaýanlaryñ hataryna goşularmy? * * * Türkiýäniñ garşylyk görkezmejekdigine güwä geçýän ýene bir habar bar. 2020-nji ýylyñ 6-njy ýanwarynda Daşary işler ministrliginde geçirilen dabarada "Dowam etdiriljek Ösüş maksatly täsiri çaltlandyryjy fonduñ gurulyş aktyna" gol çekildi. Fonduñ işleri Bangladeşde we Ugandada alnyp barylmaly! Döwrebap hajathana gurmagy meýilleşdirilýändigi-de mälim edildi! Türkiýe maksatnamanyñ ikinji tapgyry üçin 1 million dollar pul geçirdi. Maksatnamanyñ şärikdeşleri BMG-nyñ Ösüş programmasy (UNDP), Bütindünýä Azyk programmasy (WFP), "Bill & Melinda Gates" fondy, Kataryñ Ösüş fondy "Limak", "Eczacıbaşı", "Özaltın" we "IC Holding" şereketleri... Diýmek Bill Geýts hajathana gurýar-da? Ýogsa-da ketek tilkä ynanyldymy? * * * Tehas-Hýustondan ýazan "Atlas" şereketler toparynyñ başlygy Ýunus Dogan bolsa "ABŞ-da bir milliondan gowrak koronawirus wakasy we 60 müñden gowrak öliniñ bardygyny aýdýar. Muña garamazdan hökümet öñki-öñkülik ýagdaýyna dolanyp gelinýändigini mälim etdi. Waksina tapyldymy? Ýok! Bejergisi tapyldymy? Ýok! Koronawirus ýokanç kesel kategoriýasyndan çykdymy? Ýok! Ýeri onda näme üçin öñki-öñkülige geçilýär?" diýip soraýar. Jogaby şeýle: "Eýsem üçünji derejeli dünýä ýurtlary ýeterlik batyryldy? 100 milliard dollardan ýokary gymmaty bolan köp sanly şereketiñ aksiýalary ýeterli derejede el üýtgetmedimi? Amerikan biržalarynda ýöräp duran aksiýalardaky trillion dollarlyk arap we hytaý goýumlarynyñ küle sowrulmagy tamamlandymy? Diñe "Boing"-de 750 milliard dollar küle sowruldy. Munuñ 35%-i Hytaýyñ maýa goýumydy. Araplaryñ başga şereketlerdäki aksiýalaryny oýlanyp görüñ. Türkiýe ýaly öñem gaznasy boş ýurtlary petige direme tagallasyny-da muña goşuñ. Mesele diñe waksinadan we dermandan geljek girdejilerde däl..." Arslan BULUT, arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr 05.05.2020 ý, "Yeniçağ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||