SESSIZLIGIÑ SEBÄBI OÑURGASYZLYKDYR!
Adanada koronawirus epidemiýasy sebäpli yglan edilen köçä çykma gadagançylygyna uýman we bu barada duýduryş berlende gorkusyna gaçmaga çalyşan on ýedi siriýaly ýetginjek polisiýa işgärleri tarapyndan göni ýüreginden atylyp öldürildi.
Häkimlik munuñ "seresapsyzlyk" bilen bolandygyny aýdýar, emma wakadan soñky görnüşler ortada. Heý, bir adam frontda urluşy ýaly ýüreginiñ üstünden ýeke gülle bilen atylan bolsa, muña "seresapsyzlyk" diýip bolarmy?
Bu wehim hadysa polisiýa edaralaryna täze işe alynan işgärleri saýlap-seçip alanlarynda, olaryñ ruhy saglygyna üns berilmändigini görkezýär. Polisiýanyñ wezipesi adamy ýaşatmak, adamy goramakdyr, adamy öldürmek däl…
Geýnişinden, daşky sypatyndan ýanynda ýarag ýokdugy göz-görtele görnüp duran adama-da ok atylarmy? Neresse çaga öñ uruş bolup duran ýurtdan gaçyp gelipdir, belkäm, harby lybasly ofiser görüp gorka düşendir. Ýaragsyz adama ok atmak jenaýatdyr. Köçä çykma gadagançylygy - muña eýermeýänleri öldürmek üçin däl-de, adam saglygyny goramak üçin polisiýa işgärlerine aýratyn hukuk berenokmy näme?
Wideokamera ýazgysynda ýüreginden urlan ýetginjege lukmanlaryñ ýürek massažyny edip duranlaryny görüp, yzyny göresimem gelmedi...
* * *
"Kim bir jany başga bir jana ya-da ýer ýüzünde bozgaklyk çykarmandygyna garamazdan öldürse, ol bütin adamzady öldüren ýalydyr" diýen Gurhanyñ adam ömrüni hemme zatdan ýokarda tutma prinsipi nirede? Hany bu "ýörelge"?..
Şumat hemmeleriñ Dini işler ministrligi bilen Ankara şäher aklawjylar palatasynyñ arasynda turan ýerliksiz çekişmede, maña-da "Sen näme üçin ýazañok?" diýip soraýanlar bar!
Bolsa-da gazetde Arslan Tekin hakykaty ýazypdyr, emma häzirem bir çemçe suwda tupan turuzylýar? Eýsem şunça gopgunyñ turanyny görübem "kim ölüpdir" diýip soralmazmy…
Başga bir tarapdan bu gopgun köpçüligiñ gündelik üns merkeziniñ ugruny üýtgetmek üçinem ulanylýar. Şonuñ üçin men adamzat, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramakdan ybarat bolan öz üns merkezime alan zatlaryma dowam edeýin…
* * *
Germaniýanyñ belli gazeti "Frankfurter Allgemeine Zeitung" Awstraliýanyñ koronawirusyñ çykan ýeri bolan Uhandaky haýwan bazarynda we laboratoriýada barlag işleriniñ geçirilmegini, munuñ üçin garaşsyz komissiýa döredilmegini talap edendigini, muña garşylyklaýyn Hytaýyñ Awstraliýa ykdysady embargo ultimatumy bilen jogap berendigini ýazdy.
Gazet ABŞ-nyñ "Hytaý hökümeti laboratoriýa heläkçiligi ähtimallygynyñ üstüni örtmäge çalyşýar" diýen pikiri orta atandygyny-da ýañzytdy.
ABŞ-nyñ Prezidenti Donald Tramp bolsa Hytaýyñ epidemiýany çykan badyna öñüni alyp mümkinçiliginiñ bolandygyny, (ýöne muny etmändigini), şonuñ üçin bu boýunça Amerikanyñ derñew işlerini alyp barýandygyny mälim etdi.
Hytaýyñ Awstraliýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Çeng Jingýu Awstraliýadan satyn alynýan şeraba we sygyr etine boýkot ediljeginden söz açdy. Awstraliýa bolsa öz gezeginde Trampyñ koronawirusa "hytaý wirusy" diýip at goýmagy we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ epidemiýany ýaýratmakda oýnaýan roly baradaky tankydy belliklerini paýlaşmagyny dowam edýär.
* * *
Nemes okyjylar bolsa meselä şeýle garaýarlar:
- Derñew işleriniñ geçirilmegi Hytaýyñ öz peýdasyna boljakdygy şübhesizdir. Ýogsam bolmasa bütin dünýä Hytaýyñ nämedir bir zatlary bukýandygyny pikir eder.
- Ýewropa bileleşigi bu babatda näme iş edýär? Ýa-da nemes hökümeti ara girmelimi? Hytaýa birnäçe kritiki sowallary bermegiñ wagty gelmedimi? Sessizlik - oñurgasyzlykdyr!
- Tramp birnäçe subutnamalaryñ bardygyny we Uhandaky laboratoriýany 2015-nji ýylda Barak Obamanyñ hut özüniñ maliýeleşdirendigini aýtdy. Näme üçin bu meseläniñ üstünde durulmaýar?
- Hytaý sferalaýyn epidemiýa üçin gönüden-göni jogap bermelidir. "Wirus - haýsydyr bir haýwanyñ goragy üpjün edilmän saklanýan laboratoriýasyndanmy ýa-da haýwan satylýan bazardan ýaýradymy?" diýen soragy orta atmagyñ hiç hili manysy ýok.
- Hiç hili bukýan zadyñyz ýok bolsa, aç-açan derñew işiniñ açylmagyny talap edýänlere haýbat atmagyñ geregi ýok.
- Hytaý hökümetiniñ bu barypýatan agressiw häsiýetli garşylygy keseliñ diñe laboratoriýadan çykandygy baradaky çaklamalaryñ dogrudygyna güwä geçýär.
- Hytaý mundan beýläk pes hili harytlaryny Afrika ýurtlaryna satyp gün görjekmikä? Hytaýyñ senagat önümçiligi Awstraliýanyñ çig mallary bilen ýöreýär. Eger ol Awstraliýa bilen arany kesse, iñ köp zyýany özi çekse gerek!
- Munuñ nämesi ýalñyş? Haýbat atmalary hiç bir babatdan oñlamak mümkin däl. Ykdysady gatnaşyklarymyzy täzeden gözden geçirmeli we ýalñyşlyklary ýerlikli tankyt edýänleri gorkuzmaga çalyşýan režimlere boýun egmeli däl.
* * *
Eýsem, wirusyñ sakasy meselesinde dünýäniñ habar beriş serişdeleriniñ we syýasy gatlagynyñ umumy sessizligini siz nämä ýorýarsyñyz?
Arslan BULUT,
arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr
29.04.2020 ý, "YENIÇAĞ" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Jemgyýetçilik tankydy