03:07 Korona diktatorlygy we Gitleriñ ygtyýarlylyk kanuny | |
KORONA DİKTATORLYGY WE GITLERIÑ YGTYÝARLYLYK KANUNY!
Publisistika
ABŞ-da we Germaniýada nämeleriñ bolup geçýändigi Türkiýe üçin möhüm. Şonuñ üçin şol iki ýurduñ metbugat serişdelerinden alnan iki mysal bilen olaryñ nämeleriñ üstünde jedelleşýändigine ünsüñizi çekmek isleýärin. "Washington Times" gazetiniñ ýazyjysy Kal Tomas "COVID-19 gorkusy Amerikany ýok etjege meñzeýär" diýen makalasynda: "Adamlara iki ýol hödürlenýär. Birinjisi, "öýüñde otur, kärhanañy ýap, nädip eklenjegiñi ýatdan çykar". Ikinjisi bolsa "Daşary çyk we öl!" Men wirusyñ pikir edilişindenem kiçijikdigine ynanýaryn, emma gorky koronawirusdan has uly howpa öwrülip biler" diýip ýazdy. Ol sözüni şeýle dowam etdi: "Belli bir ýaşa ýetenler "Sowuk uruş" döwründe ýüze çykan gorkulary ýada salsynlar. Ýadro urşundan diri galanlaryñ atom bombasynyñ täsiri aýrylýança güýçlendirilen gaçybatalgalaryñ içinde näçe wagta çenli galyp boljakdygyna çenli ýazylan gazet hekaýatlaryny we telewizion gepleşikleri ýatlasynlar. Has soñra radioaktiw derejesini ölçeýän Geigeriñ enjamlart meşhur boldy. Häzirki wagtyñ Geigeriñ enjamlary mañlaýymyza tutulýan gyzgynlyk ölçeýji enjamlardyr". Žurnalist makalasynda rok sazandasy Ted Nugentiñ sözüne ýer berdi: "Men "akmak oýnuny" oýnap dyndym… Indi gorkynyñ tussagy bolasym gelenok. Mundan beýläk öýümde-de oturjak däl. Gorkuberiñ, Amerikany ýok etmek üçin mundan bahana bolmaz. Gorkuberiñ, bu meniñ gorkym däl we gorkynyñ durmuşyma, işime, girdejime ýa-da azat amerikan raýaty hökmünde gelejegime böwet bolmaga haky ýok." * * * Nemes metbugaty bolsa ýurduñ şäherlerinde bolup geçýän wakalary ýoýup berjek bolup ber-başagaý... Meselem "DW Türkçäniñ" žurnalisti Elmas Topçy "Germaniýada korona bilen birlikde täze sagçy akym döreýärmi?" makalasynda: "Hünärmenler şäherden şähere tapawutlylyk görkezýän garşylyklaýyn çykyşlara çepçileriñ, aşa sagçylaryñ, antidemokratlaryñ, komplimasiýa teoriýalaryna ynanýanlaryñ, antisemitikleriñ, dindarlaryñ, waksina duşmanlarynyñ, sagçy populistleriñ, ezoterikleriñ we diñe korona profilaktikalaryna garşy çykýan ýönekeý raýatlaryñ gatnaşýandygyny, emma köplenç ýagdaýda mitinglerde aşa sagçylaryñ uly rol oýnaýandygy aýdylýar" diýip ýazypdyr. Ýagny, protestçileriñ içinde her gatlakdan bar, ýöne nemes metbugaty olary "täze sagçy hereket" diýip tanatmaga synanyşýar! Şeýle-de protestçileriñ pikirlerine-de ýer berýärler: * "Koronawirusa garşy kabul edilýän çärelere garşy çykýan toparlaryñ eý görýän adamlarynyñ biri-de öñki alypbaryjylardan Kep Jepsen. Youtubede Antisemitik teoriýalary wagyz edýän wideoýazgylary ýaýradyp ýaka tanadan Jepsen Bill we Melinda Geýtsleriñ Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyny (BSGG) we nemes hökümetini satyn alandygyny, Robert Koch adyndaky instuututy maliýeleşdirýändigini, "Der Spiegel" žurnalyna we "Die Zeit" gazetine howandarlyk edýändigini, Jon Hawkins adyndaky uniwersitete eden haýyr-sahawat kömegi arkaly ol ýeri-de ele geçirendiklerini aýdyp, bütin dünýädäki gegemonlyk sürýän garaýşy Geýtsleriñ kesgitleýändigini öñe sürýär. Hatda Jepsen Bill we Melinda Geýtsleriñ Ruzwelt, Çerçill, Stalin, Gitler ýaly dünýäni sandyradan hökmürowan liderleriñ döwründäkisindenem köp güýje eýedigini aýdýar". * "Dowam edýän protestleriñ iñ belli akýorlarynyñ biri bolsa "Baş galdyrma 2020" atly gurama. Ilkinji çykyşy edeniñ Berlinden antikapitalist çykyşlary bilen ünsi çeken "Demokratik Baş galdyrmanyñ aragatnaşyk merkezi" toparydygy aýdylýar". * "Çykyşlaryñ gurnaýjylaryndan dramaturg Anselm Lens Germaniýanyñ korona syýasatyna "Ygtyýarlyk kanunynyñ binýadynda durmuşa geçirilen adatdan daşary ýagdaý režimi" diýip baha berýär. Germaniýadaky "Ygtyýarlyk kanuny" düşünjesi 1933-nji ýylyñ 24-nji martynda esasy döwlet strukturalarynyñ özbaşdaklygyny aradan aýryp, ýeke-täk ygtyýarlygy Adolf Gitlere beren syýasy üýtgeşmeler bilen baglanyşdyrylýar". * "Berlindäki aktýorlaryñ biri-de wegan aşhana kitaplary bilen tanalýan aşpez Attila Hildmanndyr. Nemes maşgalasynda ogullyk alnyp ulalan asly türkiýeli aşpez nemes hökümetini ýalñyş korona statistikasyny ulanyp demokratiýany ýok etmekde, "korona diktatorlygyny gurmakda" we nemes halkyna hyýanat etmekde aýyplady". *** Görlüşi ýaly pikirlenip bilýän adamlaryñ akly başyna aýlanýar, emma olara äsgermezçilikli garap, olary marjinal görkezmäge we el-aýaklarynyñ ýetýän ýerlerine taýak oklanmaga synanyşylýar. Ýogsam bolmasa, adam saglygyny oýnawaja dönderenleriñ özi bir gysymlyk topar we hakykatda hiç bir güýçleri ýok! Arslan BULUT, arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr "YeniÇag" gazeti, 15.05.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |