08:18 Bu işde sferalaýyn galplyk bar! | |
BU IŞDE SFERALAÝYN GALPLYK BAR!
Jemgyýetçilik tankydy
Hytaýyñ döwlet saglygy goraýyş komissiýasy koronawirus epidemiýasynyñ ýüze çykan Uhan şäherinde saglyk bejergisini alan ähli näsaglaryñ öýlerine goýberilendigini mälim etdi. Komissiýanyñ wekili Mi Feng häzir Uhanda koronawirus keseli ýolugyp ýatan ýeke näsagyñam ýokdugyny we bu uly üstünligiñ gazanylmagynda işine ezber lukmanlaryñ aýratyn uly paýynyñ bardygyny nygtady. ■ Ýeri indi näme boldy? Hytaýda epidemiýa togtadymy? Uhanda hakykatdanam koronawirus epidemiýasy, ýagny dümewe meñzeş wirusdan gelip çykan ýokanç kesel döwlet aýaga galdyryp bilýän bolsa, hassahanadaky näsaglary öýlerine goýbereniñ bilen onuñ öñüni almak mümkinmikä? Eger Hytaýda ähli näsaglar sagaldy hasap edilip öýlerine goýberilýän bolsa we häzir kesele ýolugan täze näsag ýok bolsa, onda bu kesel koronawirus epidemiýasy däl! Koronawirus barada häzirem teleýaýlymlarda ýarganat hekaýatlary aýdylyp gelinýär. Dümew kesellerine degişli bolup, mutasiýa (üýtgeşme, özgerme) geçirenem bolsa, bu wirus adamzat döräli bäri bar. Şonuñ üçin köplenç pasyl çalşygynda keselleriñ biri gutarsa biri başlaýar. Munuñam üstesine, AIDS wirusy bilen döremän geçen korona wirusynyñ anyk döreýiş sebäplerini hiç kim düşündirip bilenok… * * * ABŞ bilen bir hatarda birnäçe ýurtda epidemiýanyñ on sekiz aýlap dowam etjegini aýdýanlar bar. Muny aýdýanam hut Bill Geýts! Eger şeýle bolsa, bir tarapdan Bill Geýts, bir tarapdan Hytaý döwleti, bir tarapdanam sferalaýyn epidemiýanyñ ýaýrandygyny mälim eden Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bütin dünýäni aldaýarlar! Eger şeýle bolsa, bütin jahana ýaýran wirus Hytaýyñ Uhan şäherinden başga şäherine, welaýatyna näme üçin ýaýramadyka? Şäherde hernäçe berk karantin yglan etseñiz ediñ, eger kesel haýsydyr bir wirusdan dörän bolsa, daş-töwerege ýaýramazlygy mümkin zatmy beri? Hytaý hökümeti karantini goşunyñ we polisiýanyñ kömegi bilen yglan etmedimi näme? Karantinde gulluk borjuny berjaý eden harby gullukçylaryndan we polisiýa işgärlerinden ýekeje-de koronawirusa ýolugany ýokmuka? Özem Hytaýda epidemiýa dowam edip durka ýurduñ içerki ýagdaýy hiç zat bolmadyk ýaly dowam etdi. Günorta Amerikadaky ýerli indeý taýpalaryna çenli baryp ýeten wirus Uhanda nädip daşyny gabadyp, özüni "tussag" etdirip bildikä? Eýse size ynandyryjy eşdilýärmi şolaryñ aýdýanlary? * * * "Iñ soñky näsag bejerilip öýüne goýberildi" diýilýän habar dogry bolýan bolsa, onda, Hytaý hökümeti adam organizminiñ öýjükleriniñ ýarylmagyna we öýjükleriñ içinden çylan ekzosomlaryñ gana garyşmagyna, şonluk bilen ähli organizmiñ zäherlenmegine, gatamagyna, himiki radiasiýa şert döredýän, dem almany kynlaşdyrýan, ýüregiñ işleýşini duruzýan ýa-da beýnä gan inmegine we hususanam ölüme ýol açýan keseliñem bejergisini bilýän bolarly. Özem hem Bill Geýts, hem Hytaý, hemem Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy dünýäniñ galn böleginiñ bilmeýän maglumatlaryna eýe, şol sanda olar pandemiýanyñ getirjek netijesini öñünden aýdýarlar, onuñ tejribe synagyny geçirýärler we ýene näçe wagta çenli dowam etjeginu bilýärler. Elbetde, "Hytaýyñ çäklerinden daşarda" näçe wagta çenli dowam etjeginem... * * * Bärde akyla, mantyga sygmaýan, ylyma ters gelýän bir ýagdaý bar! Emma hiç kimden ses çykanok! Türkiýäniñ TRT döwlet teleýaýlymynda hytaýly lukmanlaryñ çykyş edýän wideoýazgylarynda ýarganat gowaklary görkezilýär! Ýer ýüzüniñ halk köpçüliginiñ muña ynanmagyny isleýärler! Ýeri, ýagdaýyñ şeýledigi görnüp durka, TRT näme üçin bu galplyga şärikdeşlik edýärkä? TRT diýmek - döwletiñ resmi garaýşy, resmi ýüzi diýmekdir. Türkiýe Hytaý merkezli elektron dünýä düzgünine tabyn boldumyka, TRT Hytaýyñ toslap tapýan ýalan-ýaşryk habarlaryny Serengetide saýgaklaryñ göçünden söz açýan dokumental gepleşik ýaly soraman-indemän, seljermän ýaýlyma goýberip otyr? Ýeri gelende bir zat aýdaýyn: şü Serengeti dokumental filmlerini-de mazaly seljerip, soñ ýaýlyma goýbermeli. Günüñ ýigrimi dört sagadynda zebralary, saýgaklary, keýikleri, jerenleri ýolbarslardyr gaplañlaryñ wagşylyk bilen parçalaýşyna äwmezeklik bilen tomaşa edýän adamlaryñ añastynda güýçlä garşy gaçmakdan başga çäräniñ ýokdugy, minneti aýagyndan çekýän ýüwrük jandarlaryñ gaçyp gutulany bilenem sürüdäki garrylaryñ, çamanlaryñ, ýagny sürüniñ belli bir böleginiñ parçalanmagynyñ gutulgysyzdygyny şertlendirmeýärlermi? Edil häzirki şertlendirme ýaly... Epidemiýa meselesinde dünýäniñ boýnuna dakylmak islenýän toslamalara boýun egmek - garrylary elin gurban etmekdir, ýaşlary zamun bermekdir, gulçulyk düzgünine razy bolmakdyr. Adamzat häzir "wirus" patarrakysy bilen göz-görtele aldawa düşürilýär. Arslan BULUT, arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr 27.04.2020 ý, "YENIÇAĞ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||