15:12 Guramaçylykly haosyñ pygyllary! | |
GURAMAÇYLYKLY HAOSYÑ PYGYLLARY!
Publisistika
Esaslandyryjylarynyñ arasynda Jorj Soros, Morton Abramowiç, Stiwen Solarş dagylaryñ bolan Halkara Krizis topary atly "düşünje" guramasy ýigrimi bäş ýyldan bärki ilkinji gezek ABŞ-da bolup geçýän haos, ýagny, galagoply wakalar boýunça beýannama bilen çykyş etdi. Beýannama umuman alanda, "Geçen çärýek asyr boýunça Krizis topary dünýäde bolup geçen gapma-garşylyklary we krisizleri analiz etmek bilen bütin bu bolup geçýän ähli wakalaryñ dowamynda "näme etmeli we näme etmeli däl" diýen meseleler boýunça möhüm tejribeleri edindi. Gynansak-da, Waşingtondaky häzirki liderlik "etmeli däller" sanawyny aşdy. Tramp häkimiýeti ABŞ-nyñ öz raýatlary bilen ýaragly çaknyşyga girendigi ýa-da käbir syýasy fraksiýalaryñ duşman yglan edilendigi baradaky pikirler oýarýan çykyşlaryndan el çekmeli, günäkärleriñ adalatyñ öñünde kellesini ýalañaçlap jogap bermegini gazanmaly, reformalara çagyrýan ýerli ýolbaşçylary we jemgyýetçilik liderlerini goldamaly, gelejekdäki şuña meñzeş gapma-garşylyklaryndan daşda durmak isleýän bolsa, polisiýanyñ wagşylygy we militarizasiýasy bilen birlikde jynsparazçylygyñ-da soñuna sogan ekmek üçin ädimler ätmeli" diýen sözleri sarp etdi. * * * ABŞ-da ýüze çykan galagoply wakalar bütin dünýäni täsiri astyna aljak netijeleri döretjekdigi gümansyzdyr. Şol nukdaýnazardan ýüz kyrk şäherde bir wagtyñ özünde başlan we diñe şu tarapy bilenem diýseñ düýpli guramaçylykly ýörite gurnalan işdigi görnüp duran wakalaryñ añyrsyndaky güýjüñ düýp maksadyny seljermek gerek. Beýannamanyñ mazmunyndan wakalary gurnaýan "Antifa" terrorçylykly toparyna arka çykylýandygy barada netijä geldim. Edil Idlibdäki "HTŞ" terrorçylykly topara arla duruşlary ýaly... "Waşingtondaky häzirki liderlik" sözleri bolsa diýseñ oýlandyrýan jümlefir. Hawa, saýlawlar golaýlaşdy, emma bu söz Waşintondaky liderligiñ az wagtyñ içinde çalyşjakdygyna yşarat edip ulanylypdyr... Dünýädäki mämişi rewolýusiýalaryñ we "Arap bahary" operasiýasynyñ arkasynda ABŞ-nyñ eliniñ bardygyny bilmeýän 6ok. Emma bular ýaly synanyşmalary Sorosyñ "Açyk Jemgyýetçilik institutynyñ" maliýeleşdirýändigini we Ýugoslawiýany dargatmakda ulanylan "Otpor" terrorçylykly guramasynyñ bu ýurtlarda klonlanandygynam indi bilmeýän ýok bolsa gerek. Eýse Soros we onuñ toparlary ABŞ-nyñ Prezidentiniñem eýgerip bilmeýän güýjüne wekilçilik edýärlermikä? Ýogsam bolmasa amerikan "gizlin döwletiniñ" (глубинная государства) jemgyýete mälim ýüzlerinden biri bolan Krizis topary Trampyñ "terrorçylykly gurama" diýýän "Antifa" toparyna arka çykmazdy, şol sanda Prezidentiñ çalyşjakdygyny eýýämden aýdyp başlan bolsa, onda ABŞ-nyñ Prezidentine garşy guramaçylykly haos bolup geçýändigini añladýar. Bu - birinji maksat... Täze dünýä düzgünine geçmegi müwessa bilen sermaýa gatlaklary bilen içgin gatnaşykdaky amerikan "gizlin döwleti" operasiýasyny ABŞ-nyñ özünden başlady... Bu bolsa Nežat Esleniñ wakalara "Amerikan bahary" diýip baha bermeginiñ dogrudygyny güwä geçýär. * * * "Anadolu Ajansı" habarlar agentligi "Antifa" hereketi bilen baglanşykly bir habary orta çykardy. Habarda Türkiýäniñ Polisiýa akademiýasynyñ 2019-njy ýylyñ 18-20-nji iýunynda Izmirde geçirilen "Kese ýerli terrorçy urşujylar - gaýdyp gelenler" atly halkara konferensiýada "Antifa" boýunça ätiýaçly bolunmagyny ýatladandygy aýdylýar. Mesele boýunça Polisiýa akademiýasynyñ beýannamasynda PKK-ÝPG-nyñ (kürt terrorçy guramalary) "Halkara azatlyk batalýony" ady toplanan lagerde kese ýerli urşujylaryñ taýýarlanýandygy, bu toparlanmany Günbatarly antifaşist we anarhist guramalaryñ dürli ýollar arkaly goldaýandygy aýdylypdyr... Şeýle-de "Anarhist göreş" atly başga bir topar has emeli ýagdaýda döredilen sferalaýyn derejede anarhist baş-başdaklygy körüklemek maksady bolan toparyñ sosial mediýadaky goldawçylarynyñ Günbatar ýurtlaryndaky potansial terrorçy talaşgärlerinden ybaratdygy nygtalýar! Yrakda we Siriýada ulanylan bular ýaly toparlar şindi amerikan "gizlin döwleti" tarapyndan ABŞ-nyñ öz içinde meýdana sürülene meñzeýär, ýogsam bolmasa Tramp wakalara "söweş" diýip baha bermezdi we goşuny köçä çykarmazdy. Soñky netijäni goşun kesgitlär! * * * Türkiýede bolsa islendik goranyşa garşy ýaragly toparlaryñ taýýarlandygy barada oppozision partiýalaryñ berýän maglumatlary bar! Polisiýa akademiýasy bu boýunça-da beýannama taýýarlap biljekmikä beri? Mundan daşgaryn täze giriziljek "bekçilik sistemasyna" ýene oppozosion partiýalaryñ "täze režimiñ goragçylary" diýip baha berilýär. Emma, häkimiýetiñ "aldap-ogşap etjegimi ederin" hasaby tutmanam biler... Arslan BULUT, arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr 05.06.2020 ý, "Yeniçağ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |