09:22 "Taryhyñ iñ uly syýasy aldawçylygy!" | |
"TARYHYÑ IÑ ULY SYÝASY ALDAWÇYLYGY!"
Publisistika
"Washington Times" gazetiniñ 2020-nji ýylyñ 28-nji aprelindäki sanynda çap edilen Çeryl K.Çamleýiñ makalasynda "Täze çykan koronawirusyñ bardygy hakykat, emma wagtyñ geçmegi bilen bu işiñ añyrsynda taryhyñ iñ uly syýasy aldawçylygydygynyñ ýatandygy orta çykar" diýildi. Makalada umuman alanda şu pikir öñe sürüldi: "Epidemiýa boýunça amerikanlary öýe we jahana gabap saklajak maglumatlar ýok. Karantin çäresini yglan edenler mart aýynda ABŞ-da 100-250 müñ aralykda adam öljegini çaklaýardy. Olar bu çaklamalary kompýuter hasaplamalaryna esaslandyryp aýdýardylar. Emma saglyk ulgamynyñ ýolbaşçysy Fauji "Kompýuter hasaplamalary hemişe gümürtikdir" diýip, meselä nokat goýdy, nokat goýmasyna goýdy welin, köpçülik munuñ bilen gorkuzyldy. Başga bir tarapdan ABŞ-de koronawirusdan ölenleriñ 56 müñe golaýlandygy aýdylýar. Bu görkezijileriñem ne tutarygy bar, ne ynandyryjylygy. Hökümet hassahanalara hepdeleriñ dowamynda bolmagyna garaşyl koronawirus näsaglaryny ýerleşdirmek üçin "beýleki bejergilerdir operasiýalary togtadyñ" diýip görkezme berdi. Şeýdinem baýry hassahanalara gelip duran girdejileri kesdi. Kongres koronawirus näsaglaryny bejermek üçin millionlarça dollar bölüp bermek hakyndaky ýörite karary kabul etdi. Şeýlelikde, öñem ýalñyşlykdan doly koronawirus görkezihilerine ýene bir ýalñyşlyk goşuldy. Her ölümi koronawirusdan ölen diýip hasaba almaga başladylar. Çünki sistema kowid bejergisini maliýeleşdirýär. Üstesine öýe gabalan adamlaryñ gorkudan we hereketsizlikden ýaña immunitet goragy-da nola direýär. Lukmanlara aradan çykanlaryñ ölüm delilnamalaryny ýazanlarynda "COVID" diýip ýazmaklary üçin basyş edilýär. ABŞ-nyñ häzirem daşara ýapyk modelde bolmagynyñ sebäbi-de syýasy häsiýetlidir. Ýa-ha syýasatçylar özlerine zyýan etjek ädim ätmekden gorkýarlar, ýa-da koronawirusdan syýasy mümkinçilik hökmünde peýdalanylýar. Meselem, Prezidentiñ öñki kömekçisi Jo Baýdn ykdysadyýetiñ ýykylmagyndan peýdalanyp, saýlawlarda ýeñiş gazanmagyñ tamasyny edýär. Wagt geçdigisaýy hakykat hasam aýyl-saýyl hala geler." * * * Hakykat ýüzünde dünýäde nämeleriñ bolup geçýändigini ylmy maglumatlara esaslanyp hiç kimem düşündirip bilenok. Wirusyñ ilki nireden ýaýrandygynyñ bilinmeýşi ýaly, bu boýunça barlag-anyklaýyş işini geçireýin diýýänem ýok. Diñe ABŞ-da Awstraliýada Hytaý boýunça halkara barlag komissiýasyny döretmek barada talaplaryñ bardygy eşdilýär. Hiç kim bular ýaly epidemiýanyñ nirede, haçan we nähili başlandygyny seljerýän barlag işini geçirmegiñ pikirini edenok. Metbugatam muny dörjeläp duranok. Gaýtam tersine, koronawirus epidemiýasy boýunça orta atylan maglumatlary seljeriş astyna alýan redaksion neşirler sosial medýa ulgamynyñ arhiwlerinden öçürilýär. Hakykaty aýdýanlaryñ sözüni ýalana çykarmak üçin täze metbugat şereketlerine dünýä derejesinde ummasyz köp pul bölünip berilendigindenem olaryñ hemmesiniñ bir merkezden dolandyrylýandygyny görkezýär. * * * Türkiýede metbugat gereksiz toslama mowzuklar bilen bar-başagaý. Edil Din işler ministrligi bilen Aklawjylar palatasynyñ arasyndaky çekişme ýaly. Dünýä ullakan bir problema bilen ýüzbe-ýüze we gurnalan oýuny paş etmek žurnalistleriñ borjy! Emma munuñ üçin arrygyny gynaýan ýok. Hemmeler Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) berýän beýannamalaryny habar hökmünde köpçüligiñ dykgatyna ýelmäp otyr. BSGG 2019-njy ýylda "toslama doñuz dümewi" dawasy skandaly bilen adamzada garşy bagyşlap bolmajak jenaýat edip, etmişiniñ üstünde tutulandygyna garamazdan, öñki eden etmişlerini az görýän ýaly ýene öñkä meñzeş operasiýa geçirýär we metbugat serişdeleri bu jenaýatçylykly banda wekilçilik edýärler. * * * Wirusy 2015-nji ýylda laboratoriýada nädip taýýarlandyklaryny ylmy makalalar bilen subut edip ýörenlerem bar. Hatda "fransuz wirusology professor Lýuk Montanýe koronawirisyñ AIDS-i döredýän HIV virusyndan ýörite geçirilen gen alamatlaryny göterýändigini aýtdy. Ol wirusyñ Uhandaky Biologiki ylmy-barlarlar institutynda taýýarlanandygyny orta atdy" diýilýär. Hawa, ýöne bularyñ ählisi wirusyñ nähili uly howpunuñ bardygyny görkezmek üçinem öñe sürülip bilner! "Wirus şular ýaly derejede howply bolsa, adamlaryñ öýden çykman oturmasy-da dogrudyr" diýilsin diýibem... Eýsem maksat adamlary öýe gabamak, sistemany togtatmak we täze bir sistemany ýola goýmak dälmi näme? Arslan BULUT, arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr 30.04.2020 ý, "YENIÇAĞ" gazeti. Terjime eden: GUWANÇ MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |