16:50 Koronawirusdan has howply çemeleşmeler! | |
KORONAWIRUSDAN HAS HOWPLY ÇEMELEŞMELER!
Publisistika
Yklymara gyrgyna sebäp bolan wirus diñe öýkene däl, beýni we nerw ulgamlaryna-da täsirini ýetirýär. Organizmde biri-biri bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan öýjükleriñ arasynda baglanyşyk kesilýär ýa-da agsaýar. Hünärmenler dümew we nazofaringit (простуда) bilen koronawirusyñ arasyndaky tapawudy tagam we ys alyş duýgularynyñ ýok bolmagy bilen tapawutlandyryp bolýandygyny aýdýarlar. Tagam we ys alma duýgusynyñ ýok bolmagy - burun we diliñ duýujylyk öýjükleri bilen beýniniñ arasyndaky nerw ulgamyna zeper ýetýändigini görkezýär. Eger ýagdaý şeýle bolýan bolsa, diñe koronawirusdan däl, belki-de şonuñ bilen birlikde bärde başga täsirleriñem rol oýnaýandygyna ähtimallyk bermek gerek. * * * Bir ýurduñ, bir döwletiñ, bir halkyñ ýa-da külli adamzadyñ saglygyny-da edil adam organizminiñ mehanizmi ýaly göz öñüne getirmek gerek. Problemalar beýnide aýlanmaýan bolsa ýa-da beýni bilen sazlaşykly işleýän synalar ysmaz bolsa, ýurt dolandyryşynda "başly-barat kararlar" kabuk edilmäge başlanar. Meselem, beýniniñ beren iki günlük köçä çykma gadagançylygy dogry çäre, emma ara wagt salma ýalñyşlygy, halkyñ muña kes-kelläm gulak asmajakdygy we garşylyk görkezjekdiginiñ oýlanyp-ölçerilmezligi - sazlaşyklylygyñ ýokdugynyñ netijesidir. Häkimiýetiñ öz elindäki häkimliklere hiç zat diýmän, oppozisiýanyñ elindäki häkimlikleriñ açan haýyr-sahawat sçýotlaryny ýapmagy, halka çörek ýa-da azyk kömegini edilmeginiñ öñüni almagy, munuñ bilenem çäklenmän olar boýunça derñew işleriniñ açylmagy, hatda "parallel döwlet gurluşyny" döretmekde aýyplamalary nerw ulgamynda düýpli bozulmalaryñ bardygyna yşarat edýär. Häkimiýetiñ tagam we ys alyş duýgulary bilen bir hatarda "ynsap" düşünjesini emele getirýän öýjüklerinde-de uly weýrançylygyñ dörändigi belli boldy. Twitterde Lewent Özweren bu ýagdaýy "parallel çörek toparlanşygy" diýip ýañsa aldy… *** Il-günüñ jan saglygy we munuñ bilen baglanyşyklylykda ykdysadyýetiñ togtamagy sebäpli azyk howpsuzlygy howp astyna düşüp durka "Kanal İstanbul" gurluşygynyñ dowam etmegi, "hassahana gurýarys" bahanasy bilen Atatürk aeroportynynyñ meýdanynyñ zaýalanmagy-da beýniniñ sagdyn pikirlenmek ukybynyñ pese düşendigini açyk görkezýär. Zonguldak şäheriniñ häkimi "Lukmanlarymyz bolmasa, belki-de biz häzir öwezini hiç haçan dolup bolmajak ýitgileriñ gürrüñini etmeli bolardyk" diýen sözi nerw ulgamyndaky näsazlygyñ şolar ýaly wehim derejelere çykandygynyñ subutnamasydyr. "Bu - diñe häkimiñ öz bolşudyr" diýip göz ýumup boljak zad-a dälsa" Ýagdaý şeýle bolsa näme üçin ol şobada eýeleýän wezipesinden boşadylmadyka? Şeýle-de "Türkiýäniñ Maldiwleri" diýip tanalýan Burduryñ Yeşilowa etrabyndaky Salda kölüniñ aksöwült gumlaryny kamazlara ýükläp başga ýerlere daşamagyñ akyl bilen, logika bilen, beýni bilen baglanyşygy barmy, heý? Muny ýüze çykaran we köpçülige mälim eden Ýeşilowa etrabynyñ häkimi Mümtaz Şenel we onun aýaly Patma Şenel öz öýlerinde otyrka, ýaragly hüjüme uçrady. Wakanyñ gum daşama bilen baglanyşygy ýok ýaly bolup görünse-de, başga bir sebäp has gorkunçdyr. Şeneliñ pikirine görä, oña bolan ýaragly hüjüm jelepçilik edilýän oteliñ on günläp ýapylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýagny jelepçilik etdirip pul gazanmak kanuny hukuk ýaly görülýär we muña päsgel beren häkim jezalandyrylýar! Munuñ bir adam tarapyndan edilip bilinjegine hiçem ynanamok, sebäbi bu waka ýurtda halkyñ belli bir gatlagynyñ halal ýollar arkaly pul gazanmak duýgusynyñ galmandygyny görkezýär. *** Başga bir waka bolsa "Türk hozlarynda italýan firmasynyñ monopoliýasy" boýunça bolup geçdi. Respublikan halk partiýasynyñ Ordu şäheriniñ deputaty Mustapa Adygüzel italýanlaryñ "Ferrero" firmasynyñ Türkiýäniñ hoz söwdasynda monopoliýa döredip, haksyz bäsdeşligi döredendigi barada Bäsdeşlik guramasyna (Rekabet Kurumu) ýüz tutdy. Berilen jogapda "Ferrero" firmasynyñ hoz söwdasynyñ 30%-ne eýeçilik edýändigini, şol sebäpli haýsydyr bir manipulýasion hereketiñ barlygyndan şübhelenip, barlag işlerini geçirmegiñ gereginiñ ýokdugy" aýdyldy. Ýogsam bolmasa "Ferrero" taşron firmalary-da ulanyp, eksportyñ elli göterimini öz elinde saklap otyr ahyryn! Gepiñ keltesi, Türkiýäniñ nerw sistemasynda, munuñ bilen baglanyşyklylykda dolanşyk sistemasynda we ýene-de şonuñ bilen baglanyşykly dem alma sistemasynda düýpli kemçilikler bar. Bu kemçiliklrr Türkiýe we türk halky üçin koronawirusdan has howply dälmi eýse? Arslan BULUT, arslanbulut@yenicaggazetesi.com.tr 21.04.2020 ý, "YENIÇAG" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |