HAMY GARALŞAN HYTAÝLY LUKMANLAR!
Käbir okyjylar koronawirus hakyndaky gürrüñlerden halys ýadanam bolsalar, bu meseläni görmezlige salyp başga gürrüñlere geçip gitmek mümkin däl. Sosial durmuşymyzy ysmaz edip taşlan bu melamatyñ soñuna çykmak üçin gyrgynyñ ýüze çykyş sebäplerini dogry anyklamak gerek. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ bu boýunça hiç hili edýän işi, bitirýän goşy ýok! Gaýtam gurama keseliñ adamlara Hytaýdaky ýarganatlardan geçendigi baradaky myş-myşlara ynanmagymyzy isleýärler. Eger hytaý ýarganatlaryndan geçen bolsa Amanzonka tokaýlyklaryndaky ýerli taýpalara nädip wirus ýaýrap bildi?
* * *
Epidemiýanyñ ýaýramagy bilen kesele ýolugan adamlarda peýda bolan ähli alamatlar rak keseliniñ alamatlaryna meñzeýär, emma onuñ rakdan tapawudy - peýda bolan alamatlaryñ çalt netijelenmegidir... Organizmiñ kislorodsyz galmagyna bolsa adam organizminiñ öýjüklerinde ýüze çykan garşylyklaryñ sebäp bolýandygy görnetin belli...
Lukmanlar wiruslary we adam organizminiñ öýjüginiñ gurluşyny bäş barmagy ýaly bilýärler, emma olar bular ýalysyna ilkinji gezek gabat gelýärler.
Keseliñ döreýiş sebäplerini bilmek üçin ilkinji nobatda biofiziklere gulak germek gerek.
* * *
Heniz koronawirus belasy diýen zat ýokka, 2011-nji ýylda Gazy uniwersitetiniñ medisina fakultetiniñ biofizika pudagy boýunça mugallymy, Gazy non-iýonizen radiasiýasyndan goranyş merkeziniñ adminstrasiýasynyñ agzasy Bahriýe Syraw bu barada şeýle diýipdi:
"Gazy non-iyonizen radiasiýasyndan goranyş merkezi elektromagnit meýdanlarynyñ saglyga we biologik gurşawa ýetirýän täsirleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýar.
Bu barlaglar pes tolkunly elektrik meýdanlarynyñ bagyr, akbagyr we böwrek dokumalarynda gidrosiproliniñ mukdaryny, MDA derejesini üýtgedýändigi, beden gurluşynyñ üýtgemegine getirýändigi, radikal emele gelmelere sebäp bolýandygy, SDO ferment işjeñligini üýtgedýändigi, ganda we süñkde dürli täsirleri döredýändigi anyklandy.
50 Hz magnit meýdanynyñ NK sitotoksik işjeñliginde peselişe sebäp bolýandygy, ganda plazma elektrolitlerinde, kalsiý, natriý we magniý konsantrasiýalarynda artyşa, sink, kaliý konsentrasiýalarynda peselişe sebäp bolýandygy, şeýle-de beýnide sink, mis, kalsiý we magniý derejeleriniñ ýokarlanýandygy-da anyklandy.
Radiotolkunly çäklerde göwrelilik boýunça-da alyp barýan işlerimiz bar: 15 minut/gün, 7 günüñ dowamynda 1800 MHz GSM modulýasiýasy radiotolkun meýdanyna uçran uly, göwreli we täze doglan towşanlaryñ beýni dokumasynda öýjükleriñ ölümine we oksidatiw stres parametrlerinde üýtgeşmä sebäp bolýandygy anyklandy. Şeýle-de göwreli ýada göwreli däl uly towşanlaryñ beýni dokumasynda DNK-nyñ düýp modifikasiýasynda we MDA derejelerinde artyşa sebäp bolýandygy-da anyklandy, bagyryń dokumalarynda oksidatiw stresi döredýändigi belli boldy. Beýniniñ we gözüñ birnäçe nokadynda apoptoz döreýändigi, bagyrda, böwrekde, öýkende, ýürekde we dalakda gistopatologik bozulmalaryñ döreýändigi anyklandy. Adam tüýleriniñ köküniñ öýjükleri boýunça geçirilen ylmy-barlag işlerinde SAR derejesi 9.974 W/kg bolan 900 MHz el telefonlary ulanyldy we "COMET Assay" usuly bilen DNK üzülmeleriniñ döreýändigi belli boldy.
Rak keseline garşy göreşmegiñ halkara agentligi rak keselini dört topara bölýär: ; 1, 2A, 2B, 3 ve 4.
1). 1 - Anyk kanserogen mehanizmi mälim bolanlar topary;
2). 2A - Kanserogen bolandygynyñ güýçli alamatlary bolanlaryń topary;
3) Käbir alamatlary bolanlar;
4). 3 - Alamaty ýoklar; 4 - kanserogen däldigi barada güýçli görkezijisi bolanlar.
Sebäpler... Ýokary naprýaženiýe, transformatorlar, şäher şertlerinden gözbaş alýan ähli elektrik enjamlar ELF, ýagny, mümkingadar pes tolkunly magnit meýdan çeşmeleri…
ELF-iñ leýkemiýa keseline getirýändigini biz bilýäris, çaga leýkemiýasy howpuny-da artdyrýar. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ dürli-dürli beýannamalary bar; 4 mG, 3 mG we 2 mG. Dürli faktorlarda (2, 1.7 ve 1.5 esse) leýkemiýa howpuny abandyrýar.
Rak keseline garşy göreşmegiñ halkara agentligi leýkemiýa boýunça geçirilýän işleri göz öñüne tutup, mümkingadar pes tolkunly magnit meýdanlary "2 B" kategoriýaly kanserogen toparyna degişli etdi".
* * *
Koronawirus boýunça ylmy-barlag işlerini geçiren hytaýly lukmanlaryñ bagrynda bolup geçen üýtgeşmeler netijesinde olaryñ hamlarynyñ garalyşmasy-da biziñ bu getiren maglumatlarymyzyñ dogrudygyna güwä geçýän bolsa gerek... Elbetde, bu iñ soñky gelnen netije meniñ öz şahsy netijämdir.
Arslan BULUT.
22.04.2020 ý, "YENIÇAG" gazeti.
Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.
Medisina