20:25 Çagyrylmadyk myhman!.. | |
ÇAGYRYLMADYK MYHMAN!..
Haýwanat dünýäsi
Tomaşa eden bir wideoroligimi hiç ýadymdan çykaryp bilemok. ...Güýz günleriniñ birinde hepdäniñ ahyrynda çagaly maşgalalaryñ biri dynç almaga çykýar. Maşgalanyñ başy erkek adam ruluñ başynda, aýaly gapdalynda, çagasy bolsa awtoulagyñ yzky oturgyjynda öýüñ daýaw iti bilen bile ýola çykýarlar… Gidýän ýerleri-de deñiziñ çola kenarlarynyñ biri.. Çägelikde biraz ýöräp it bilen oýnaýarlar. Soñra ony şol ýerde goýup, öýlerine dolanýarlar. Ýagny, iti taşlap gaýdýarlar!.. Ýolda hojaýyn awtoulagyñ yzky oturgyjy görkezýän aýnasyndan çagasyny synlaýar. Çünki ol it bilen bile oýnap ulanan körpäniñ gözlerinden boýur-boýur ýaş dökülýär. Görnüşinden onuñ it bilen oýnan günlerini ýatlap, july çykan eşik deýin zyñylyp gaýdylmagyna köñli razy bolanokdy. Çagajyk birdenem kakasynyñ ruluny döwüp, yza, ýap-ýañy iti taşlap gaýdan ýerlerine ylgaýar. Ekrand çagajyk bilen itiñ mähirli gujaklaşmagyna tomaşa eden her kesiñ damagy dolýar... Şeýle-de duýguly epizoddan adamyñ kalbyna aralaşýan ýakymly bir ses: "Siz bir maşgalasyñyz, garrylary terk etmäñ, gaýtam tersine olar has gowy görüñ we gorañ" diýýär. Şeýlelikde, öýdeçi haýwanlaryny köçä zyñýanlary tankyt topuna tutmak üçin taýýarlanandygy duýulýan hu gysga wideorolik öz maksadyna ýetýär. Geçen agşam howlymyñ agzyndaky demir gözenek haýatyñ añyrsynda bir garantga gördüm. Ünsli seretdim welin, onuñ daýaw kangal itidigini saýgardym. Ol guýrugyny dostlukly bulaýlap, gapyny açaryma garaşýardy. Çagyrylmadyk myhmanymyzyñ aç-suwsuz bolup biljekdini oýlap, derrew derwezäni açdym. Öýümdäki dört pişigime we bir itime niýetläp goýan taýýar iýmitlerim bilen onuñ garnyny doýurdym. Soñ onuñ öñüne ullakan gaby dolduryp, suwam goýdum. Ol hemmesini bir gezekde ýuwdup-ýalmady-da, soñam "sag bol" diýýän ýaly guýrugyny saga-sola bulaýlady-da, gijäniñ tümlügine tarap siñip gitdi, menem onuñ nirä barýandygyny biljek bolup, yzyndan äñetmäge başladym. Nirä gidendir öýdýäñiz? Çagşan gapyly, hapa-haşal otlaryñ bürän howlusynda dagap ýatan döwük-ýenjik kreslolary bilen birnäçe ýyl öñ duýdansyz ýagdaýda terk edilen we şondan soñ hiç kimiñ aýak basmadyk harap bir öýüñ öñüne... It içerik girdi we kreslolaryñ biriniñ gapdalyna süýndi. Diýmek, ol häzirem eýesine garaşýan bolarly!.. Belki-de ol hojaýyny haçanam bolsa bir gün geler we edil öñki bagtly günlerinde bolşy ýaly ýene şol kresloda oturyp özüni söýgülär öýdüp, umyt edýärdi. Ony synlap durşuma, "Gam çekme, dostum" diýdim. "Olar belki hiç haçan dolanmazlaram, emma indi seniñ haçan ýoluñ düşüp geleñde, gapysyny hemişe açjak täze öýüñ bar..." Bugün 4-nji oktýabr. Haýwanlary goramagyñ bütindünýä güni. Haýwanlary gorap, olara hossar çykýanlary hormatlamak bilen... Ugur DÜNDAR. "SÖZCÜ" gazeti, 04.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |