ÇARY GARABEKOW
Türkmen halky terbiýe meselesine iňňän jogapkärli garap, ony nesilleriň kalbyna ornaşdyrmagyň ýollaryny agtarypdyr. Olar watanperwerlige, ynsanperwerlige, pähim-parasata ýugrulan dana pikirlerini nakyllar, hekaýatlar, rowaýatlararkaly nesilleriň aňyna ezberlik bilen ýetiripdirler Iň ajaýyp häsiýetleri: şahandazlygy, ruhubelentligi, gaýratlylygy, ar-namyslylygy, şükürliligi, mertligi bilen il-halkyň söýgüsini gazanan şahsyýetleriň keşbini hyýallarynda janlandyryp, ertekilerde döredilipdirler.
Terbiýeleýjilik ähmiýeti juda uly bolan milli mirasymyzyň gymmatyna ýokary baha berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol mirasy aýawly saklap, olary hatda geljekki nesillere-de ýetirmegi, öz ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplaýar. Galyberse-de, döwlet Baştutanymyz şol gymmatly mirasy hatda şu günki gün hem ýygnamagyň aladasyny edip, ençeme folklorçylara ýurdumyzyň dürli künjeklerine tarap halkyň arasyna ýola düşmäge ýardam berdi. Bu türkmen halkyna goýulýan uly sarpadyr, nesilleriň-de ýagty gelejeginiň aladasydyr.
Baryp uruş ýyllarynda hem onuň yz ýanlarynda halkyň milli mirasyny şäherlerden, obalardan, iňňän agyr durmuş şertlerine, kyn ýagdaýlara, gyşyň aňzagyna, tomsuň jöwzasyna baş galdyrman, irginsiz ýygnanlaryň biri mirasgär Çary Garabekowdyr. Kyn ýagdaýlarda diýýänimiziň sebäbi, Ç.Garabekowyň halkyň milli baýlygyny toplan ýyllarynyň uruş we onuň yz ýanyndaky agyr pursatlara gabat gelenden soň,ol kagyz, syýa gytlygyndan juda kösenipdir. Mirasgär belli alym Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewe ýazan hatlarynda, bir ýüzi ýazylanam bolsa kagyz iberilmegini ýalbaryp-ýalbaryp haýyş edipdir. Sebäbi Ç.Garabekow 1941-1948-nji ýyllaryň aralygynda Mary welaýatynyň käbir etraplaryna, aýratyn hem, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyna, halk pähimlerini ýygnamaklyga ýöriteiberilipdir, ol dürli-dürli ýerlerde ýaşap, diňe ýygnaýjylyk bilen meşgullanypdyr. Kähalatda ol şu meselede özüne yrsaraýan ýoldaşçylara närazylygyny bildirip belli alyma ýollan hatynda şeýle ýazypdyr. Ol hat TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň 857-nji çeşmesinde saklanylýar. „Bu hem meniň ilkinji ýazan ertekilerimden („Şawelet“ ertekisi) ýagny, muny ozal ýazamok. Özünem aýdanyň öz aýdyşy ýaly edip ýazdym. Mümkin bolsa, öňki ýedi çap listi gaýtaryp, maňa ullakan udar edişiňiz ýaly etmäň we meniň ýazmak höwesimi ýakman kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Çünki, kagyz-çernil ýaly rashoddan daşgyn zähmet kän çekilýär. Kagyz rashody diňe podlinnige bolman, çernowige hem kän bolýar.“
Ç.Garabekowyň toplan kyssawy eserleriniň onlarçasy Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasyndaky folklor bölüminiň 873, 741, 866, 798, 770, 790, 730, 672, 852, 813, 828, 244, 857, 818, 817, 850, 851, 819, 866, 801 we.ş.m. bukjalarynda saklanylýar. Bu çeşmeler mirasgäriň ýygnan ertekileriniň, rowaýatlarynyň belli bir bölegidir. Bu bukjalarda onuň Tejen etrabynyň GöniAmanşa obasynyň ýaşaýjylary Ogulsapar Pälwanowanyň, Hurma Hojamyradowanyň dillerinden ýazyp alan uruş ýyllary bilen baglanyşykly ep-esli goşgulary-da bar.
Hazyna toplaýjynyň toplan ertekileriniň we beýleki kyssawy eserleriniň hemmesiniň diýen ýaly ýazylyp alnan etraby, senesi we ýazyp alan adamlarynyň atlary hatda ýaşyna, kärine, bilimine çenli dogry görkezilipdir. Bu hazynany toplaýan adamyň ony aýdyjylara goýan uly hormatydyr. Köp çeşmelerde beýle anyklyk saklananok. Köpüsinde ady aýdyň bolsa, ýazylyp alnan ýyly ýok, senesi belli bolsa, aýdyjynyň ady belli däl. Meselem, Ç.Garabekowyň folklora degişli 741-nji bukjadaky „Süleýman pygamber we baýguş“, „Baý hem akylly adam“, „Biwepanyň muzdy“, „Bir aýalyň haýýarlygy“ ýaly ertekileri Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň, Aşgabat obasynyň ýaşaýjysy Molla Garaja Kalaýewiň dilinden 1943-nji ýylyň ýanwar aýynda ýazylyp alnypdyr. „Palçy“ ertekisi Tejen etrabyndan Hoşgeldi Nurmyradowyň dilinden, 852f-nji bukjadaky „Enelik“, „Güljahan“, „Kilwanyň gyzy“, „Üç gyzly“ we ş.m. ertekiler Tejende ýaşan Lýubow Petrowna Fýodorownanyň dilinden 1947-nji ýylyň oktýabr aýynda toplanypdyr.
Manysy, mazmuny taglym gymmaty taýyndan iň kämil ertekileri öz içine alýan 857f-nji bukjada belent adamkärçiligi, dostlugy, il-ýurda, tebigata bolan çäksiz söýgini halallygy, sahylygy, zähmetsöýerligi, pespälliligi, sabyrlylygy ündeýän „Şazada“, („Bagtly oglan“ golýazmada iki ýüzden gowrak sahypa), „Şawelet“, „Akyl weziri“ ýaly ertekiler bolsa, 1948-nji ýylyň aprel aýynda Tejen şäherçesiniň ýaşaýjysy altmyş ýaşy arka atan Atamyrat Gurtmyrat oglunyň dilinden ýazylyp alnypdyr. Başga-da „Puly ýoguň ýüzi ýok“, „Tagtyndan kowlan patyşa“ ýaly ertekileri-de Ç.Garabekowa Atamyrat Gurtmyrat ogly aýdyp beripdir. 857f-nji bukjadaky „Akyl weziri“, „Bahyl täjirler“, „Kelje“ ýaly ertekiler bolsa Tejen şäherinde (Polewaýa köçesiniň 46-njy jaýy) ýaşan Baba Japarow 1948-nji ýylyň aprel aýynda gürrüň beripdir.
741f-nji bukjada saklanýan „Bählil dana“, „Ak ýylan“ atly çuň mazmunly terbiýeleýjilik ähmiýeti, göwrümi boýunça-da örän uly ertekini-de mirasgäre, Baba Japarow aýdyp beripdir. 872f-nji bukjada saklanýan „Süýthor söwdagär“, „Ýartygulak“, „Ýagşylyga ýamanlyk“, „Akylly aýal“, „Ogullar“, „Kör garga“, „Garybyň çerkeze gidişi“, „Awçy“ ýaly ertekiler Mary welaýatynyň, Mary etrabynyň 2-nji Gökje obasyndan bolan Esenow Gurbandurdynyň dilinden ýazylyp alnypdyr.
741f-nji bukjada saklanylýan halallygy, sabyrlylygy dogruçyllygy, ynsanperwerligi ündeýän „Bähbit bola“, „Kelje“, „Ak ýylan“, „Süýtli sygry sagyp bilermiň?“ ýaly ertekileri Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Göni amanşa obasynyň ýaşýjysy Hoşgeldi Nurmyradow aýdyp beripdir. „Amanaly“ (672f), „Aýazhan çagyryňa bakarak“ ýaly eserleri Ç.Garabekow Peşanalyda (Mary welaýaty) oturýan Ogultäç Sary aýalynyň dilinden 1941-nji ýylyň maý aýynda eşidipdir. Hakykatyň hatyrasyna bir zady nygtamaly, Mirasgäriň Ogultäç Sary aýalynyň, Gurtmyrat Amanmyrat oglunyň dilinden ýazyp alan ertekileri her taraplaýyn juda kämil, özünem, olar heniz halka hödürlenmedik, taglym ýüki ýetik, gymmatly eserler.
Ç.Garabekowyň belent adamkärçiligi, ynsanperwerligi, hakykatçyllygy, halallyk ýaly ajaýyp häsiýetleri ündeýän, „Körpe ogul“, „Şazada“, „Kilwanyň gyzy“, „Bählil dana“, „Akylly wezir“, „Aýazhan çarygyňa bakarak“ ýaly juda mazmuna baý,çeper ertekilerini, şonuň ýaly-da adamlara hyýanat edip, soňundan öz gazan çukurlaryna özleri düşýän „Betpäl täjirler“, „Şa gyzy“ ýaly ertekilerini 2006-njy ýylda toplap çapa taýýarlan ertekiler ýygyndymyza girizdik. Ol neşir edildi. Ç.Garabekowyň toplan ýoňsuz ertekileriniň arasyndan, olaryň kämildir diýenlerimizi saýlap-seçip alyp, ýygyndysyny çapa taýýarladyk.
Milli golýazmalar institutyndahazyna toplaýjynyň ýollan edebi eserleriniň köpüsi diýen ýaly özbaşdak bukjalarda aýratyn saklanýar. Onuň golýazmalarynyň kagyzlary saralyp giden hem bolsa, gelin-gyzlaryň sünnäläp çeken keşdelerine meňzäp, juda owadan, däne-däne edilip arassa ýazylypdyr. Bir tarapdan onuň özüne ýetesi sebäbi-de bar.
Belli folklorçy alym Ş.Halmuhammedow halk hazynasyny toplamakda ýoňsuz hem gymmatly iş eden Ç.Garabekowyň bu ugurdan eden hyzmatlaryny ýörite nygtap, käbir bellikleri hem edipdir. Ol mirasgäriň aýratyn hem toplan ertekilerinde aýdyjynyň gürrüňlerine özüçe timar berip, sünnäläp ony täzeden ýazýandygyna ünsi çekipdir. Bu ýagdaýy ýygnaýjynyň özi B.Garryýewe ýazan hatynda boýnuna alyp: „Aýdyjy arasyny kesmän, aýdýar gutarýar. Aýdyp durka, saklasaň halanok, ýa-da ýadyndan çykarýar, men hemmesini bada ýazyp ýetişemok“ diýip ýazypdyr. Ýöne Ş.Halmuhammedowyň Ç.Garabekowyň iberen ertekilerinde folklordan sada halkylykdan, kitabylygyň, sowatlylygyň agdykdygy baradaky pikiri bilen mirasgäriň ýygyndysyny çapa taýýarlanlygym hem oňa juda beletligim üçin alymyň bu pikiri bilen beýle bir ylalaşasym gelenok. Ç.Garabekowyň sowatlylygynyň güýçliligi mirasgäre many-mazmuny, çeperçilik gymmaty, terbiýeleýjilik güýji taýyndan sagdyn eserleri ýygnamaga ýardam edipdir. Halkyň arasynda toplan eserlerine ol iňňän jogapkärli garapdyr. Ýogsam mirasgär edebiýatçam däl, folklorçam. Emma onuň toplap iberen halky eserlerini okasaň, many taýyndan edil gunt düşen ýaly. Her döwür üçin hem olaryň gymmatynyň, terbiýeleýjilik güýjüniň egsiljek, köneljek gümany ýok. Ol bir gezek iberen ertekisini soň gaýtalap ibermändir. Meselem, ol belli alym Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewe ýollan hatlarynyň birinde şeýle ýazypdyr.
„Ýoldaş direktor! Munuň bilen bäş sany erteki iberýärin. Bularyň hiç biriniň hem çap edilip, halk arasyna ýaýranyny okanym ýok diýýärler. Özüm hem ozal ýazanym ýok. Onuň üçin hem gaýtalamaýan hasap edip, size iberýärin. 27.02.1947.“ (Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasy, 835-nji bukja)
Ine, ol ertekiler: „Öwünjeňiň tanapy çüýrük“, „Halymdan habaryň barmy?“, „Ata kesbi ogly halal“, „Emir zemzem“, „Bagtlyja kelje“.
Halkyň ruhy baýlygyny söýmän, iň esasy-da onuň terbiýeleýjilik ähmiýetine, gymmatyna, halkyň aňyna edýän täsirine düşünmän, beýle-beýle hazynany bukja-bukja edip, onda-da 1878-nji ýylda doglan (Tejen ertaby,Amaşa obasy) näsag adama toplamak mümkin däl. Ç.Garabekowyň Tejenden B.A.Garryýewe ýollan ýene bir hatynyň mazmuny hazyna toplaýjynyň bu ugurdan juda başarnygynyň we yhlasynyň bolandygyny tassyklaýar.
„Ýoldaş Baýmuhammet! Goşgy, läle we matal ýazuwlarym bilen iberen ertekilerim 1,8 ç.l. bolup, onuň üstüne bu 0,4 ç.l. ertekini hem hasaplap ýazmagyňyzy haýyş edýärin. Bulardan soň „Göroglynyň“ ertekisini ökde biriniň dilinden ýazmaga girişjek. „Görogly“ ertekisiOsmanowyň islegine görädir... Hoş sag boluň, saglykda görşeliň. 13.12.1945
Çary Garabekow şol döwürlerde hatlaryndan mälim bolşy ýaly, belli alym B.A.Garryýew bilen aragatnaşyk saklapdyr.
Alyma ýollan hatlarynyň ýeke birinde oňa ýüregini açyp, isleg-arzuwlaryny duýdurypdyr. Öz iberýän halk hazynasynyň ilata ýetmeginiň aladasyny edipdir. Onuň 1946-njy ýylyň 18-nji martynda ýazan hatynda şeýle setirler bar.
„Erteki we şu zeýilli zatlary aýdýanlaryň käbirleri: „Sen hernäçe ýazsaň hem seňiňkiden çap bolup çykýany ýok“ diýip dillenýärler.Şu zeýilli bolup biljek söze jogap bolsun üçin şu „Tilkini“ gülküliräk edip çap etmek we il içine çykarmak alajyny tapypbilmezmiň.Bolaýsa gowy bolaýjak ýaly bolup görünýär. Bu zeýilli zatlary bilýänleriň aýdyp ýazdyrmaklary üçin gowy boljak. (819f çeşme)
Galyberse-de, çap edilýän ertekilere toplaýjynyň adynyň goýulmaýandygyna närazylyk bildiripdir. Sebäbi mirasgär „Akpamyk“, „Ejekejan“, „Kör garga“, „Mämmetjan“ ýaly halka belli ertekilerem toplapdyr.
Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda 730f-njy bukjada mirasgäriň otuz bäş gijäniň hekaýatlaryny öz içine alýan „Totynama“ („Totynyň hekaýatlary“) atly kyssa eseri saklanýar. Ony hazyna toplaýjy 1943-nji ýylda tejenli ulag işgäri Satdarowanyň dilindenýazyp alypdyr.
„Totynamanyň“ 2060-njy bukjadaky ikinji bir nusgasyny Şaşa diýen bir kätip hijri hasaby bilen 1324-nji ýylda göçüripdir. Ol milady hasasyna öwürseň 1906-1907-nji ýyllara gabat gelýär. Kätip bu nusganyň diliniň juda agyrlygyny düşündirip, ony türki dilleri bilýän adamlara niýetläp täzeden terjime edendigini nygtasa-da, bary bir bu nusganyň dili ýeňil däl. Onda okalanda düşünmesi kyn arap-pars sözlerine kör gabat gelinýär.
Ç.Garabekowyň Satdarowanyň dilinden ýazyp alan nusgasy kril hatynda keşde çekilen ýaly edilip arassa ýazylan. Dili ula kiçä, sowatla-sowatsyza düşnükli. „Totynyň hekaýatlary“ gurluşy boýunça araplaryň meşhur „Müň bir gijesine“ meňzeýär. Ýöne „Müň bir gijede“ gürrüň berilýän wakalar bir gijeden ikinji gijä geçýär. „Totynyň hekaýatlarynda“ dilewar, akylly toty tarapyndan aýdylýan hekaýatlar bir gijede tamamlanýar. Munda totynyň maksady, uzak ýurtlara sapara giden ýigidiň meslikden hem ýalňyzlykdan guduraýan, başga bir ýigide göz gyzdyrýan aýalyny bet niýetlerinden el çekdirmek.
Totynyň hekaýatlarynyň hersiniňözbaşdak manysy, ýordumy, gahrymanlary bar. Olary birleşdirýän zat aýdyjy bilen diňleýji. „Totynyň hekaýatlaryna“ mahsus bolan häsiýetler; ynsanperwerlik, watanperwerlik şa üçin adyllyk, dost-ýara wepalylyk, sahawatlylyk, ygrarlylyk, şahandazlyk ýaly häsiýetler jemlenipdir. Aýratyn hem hekaýatlaryň zenan gahrymanlaryny türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan milli häsiýetler, wepalylyk, mähremlik, geçirimlilik, halallyk, agraslyk, ar-namyslylyk, ahlak päkligi ýaly häsiýetler bezeýär. Bu häsiýetler „Totynamanyň“ taglym gymmatyny terbiýeleýjilik güýjüni artdyrýar. Ynsan kalbyna ruhy güýç berýän, duýgularyny baýlaşdyrýan beýle eserleriň toplanylyp halka hödürlenmeginde öňi bilen olary toplaýjylaryň hyzmaty uludyr. Biziň bilýän eserlerimiziň arasynda golýazmalar hazynasynyň 857f-nji bukjasynda ýerleşýän „Şazada“ („Bagtly oglan“) Ç.Garabekowyň toplan ikinji uly göwrümli eseridir. Ol golýazmada iki ýüz sahypa galan. Biz ony çapa taýýarladyk. Bu ertekiden başga-da çeşmede „Tagtyndan kowlan patyşa“, „Bahyl täjirler“, „Akyl weziri“, „Kelje“, „Mert ogry“, „Puly ýoguň ýüzi ýok“, „Şawelet“, „Juwazçy“, „Tilki gülki“, „Üçler“ ýaly ertekiler saklanýar. Olaryň hemmesi 1948-nji ýylyň mart aýynda Tejen şäheriniň ýaşaýjysy 56 ýaşly Gurtmyrat Atamyrat oglunyň dilinden ýazylyp alnypdyr. „Şazada“ gurluşy boýunça „Totynyň hekaýatlaryna“ meňzeýär. Ol gysgajyk-gysgajyk ýordumy bolan hekaýatlary öz içine alýar. „Totynyň hekaýatlaryny“ düzýän sýužetleriň hersiniň öz gahrymanynyň bolşy ýaly, bu eserdäki hekaýatlaryň hersiniň öz gahrymany, mazmuny, ündeýän ideýasy bar. Bu ýerde hekaýatlary aýdyjy (ýaş oglan) bilen diňleýji (şa) birleşdirýär.
Eseriň gahrymanlary, şalar, wezirler, täjirler, söwdagärler, talabanlar. Olaryň hemmesiniň häsiýetleri ýaş ýigidiň gürrüňleri arkaly açylýar. Ýigit öz şirin janyny goramak üçin, özüne kast etmek isleýän şanyň pikirini üýtgetmek maksady bilen oňa ýagşy adamlar hakynda, olaryň durmuşda goýberýän ýalňyşlyklary, şol ýalňyşlyklar sebäpli soň puşman edişleri hakynda gürrüň berýär. Bu ýerde ýaş ýigidiň ykbaly Şährizadanyň („Müň bir gije“) ykbalyna meňzeýär. Ýöne akylly we bahyl wezirleriniň arasynda çäk goýup bilmeýän, ýaş ýigide atylýan töhmetleri, myjabatlary, aýyl-saýyl etjek hem bolup durmaýan köşkdäki bulagaýlyklary, bäsdeşlikleri, göriplikleri duýmaýan şa bary bir sada, akylly, lebzi halal, ynsanperwer ýigidi dar agajynyň astyna eltýär. Sebäbi bütin ýurduň gaznasy ynanylan ýigidiň serhoş halda eli gylyçly köşkde ýatmagy wezirleriniň ýigidi şanyň öz kastyna çykan jenaýatkär hökmünde ýanjamaklary, hakykatdan hem, şany oýlandyrýar. Şonuň üçin-de, ýaş ýigidiň aýdýan hekaýatlarynyň häsiýetleri, düşünjeleri, akyl-parasady, dünýägaraýşy taýyndan bir-birine meňzemeýän hersi özboluşly adyl, sabyrly, ynsanperwer, lebzine ygrarly, pespäl, akyl-parasatdan ýüki ýetik gahrymanlary patyşany birbada özüne çekse-de, oýlandyrsa-da barybir oňa täsir etmeýär, onuň dogabitdi tebigy häsiýetini üýtgedip bilmeýär. Üstesine-de, ol köplenç ýaş ýigide däl-de, betpäl wezirlerine köp gulak gabardýar. Sebäbi ol wezirleriniň ýigidiň garşysyna ýörite çykanlaryndan bihabar. Ýurdy adalatly dolandyrmakda patyşanyň sag goluna öwrülip, her taraplaýyn hemaýat etmeli wezirler ertekilerde, köplenç, öz bähbitlerine çapýan biadyl adamlar hökmünde häsiýetlendirilýär. Olar patyşa her bir meselede akylly maslahatlar berýän ylymly, parasatly oňa ak ýürek bilen hyzmat edýän adamlara göriplik edip, olary şadan daşlaşdyrmaga çalşan biadyl, görip adamlar hökmünde orta çykarylýar. Emma beýle tipli gahrymanlaryň tersine, patyşanyň akylly, hakykatçyl, sabyrly, her bir meseläni paýhasa, ýagdaýa daýanyp çözmäge çalyşýan akylly weziriniň häsiýeti her taraplaýyn kämil işlenen çeper eseriň gahrymanlaryna meňzeýär. „Şazadanyň“ birinji ýarymynda şa mana düşmez çagany çöle taşlatjak bolanda onuň akylly weziri bu meselä düýbünden garşy çykýar. Ol şadan eýmense-de, onuň telegine-telek diýmegi başarýar. Bir ýurduň patyşasynyň gyzyna, öz hökümdarlary üçin sözaýdyjy gidende şanyň doňýürek gyzynyň talabyny eşidende weziriň depe saçy üýşüp gidýär. Şol talaba öz ýurdunyň şasy gulak gabardanda, wezir oňa şeýle maslahat berýär.
„Bigünä çagany ýitirim etmek Hudaýa hem hoş gelmez. Kellesinde şygyrdy bolan adam beýle talaby goýmaz. Beýle zady il eşitse, ony hiç kim oňlamaz. Masgara olaryň özleri bolar“. Akylly wezir sözi ýer tutmasa-da, tutanýerliligi bilen bu meseläniň parahatlyk bilen çözülmegini gazanýar.
Elbetde, ertekiniň birinji ýarymynda hekaýat edijiniň ýowuz ykbaly onuň ýaşajyk ejesiniň ölümi bilen bagly bolandan soň, munda wakalar häsiýetler erteki aýdyjynyň gürrüňleri arkaly açylanok. Bu bölümde wakalar aýaly ýogalyp, doňýürek şa gyzyna öýlenjek bolýan patyşanyň hem onuň bu niýetine garşy çykýan akylly weziriniň arasynda dartgynlaşyp gidýär. „Şazadada“ şundan soňky wakalar ykbaly keç bolan oglanjygyň soňky durmuşy bilen bagly aýdyp berýän hekaýatlary arkaly dowam edýär.
Şeýlelikde, ýaş ýigidiň gürrüň berýän hekaýatlarynyň hemmesi bir zynjyra düzülip, olarda adamkärçilige, ynsanperwerlige mahsus bolan iň ajaýyp häsiýetler ündelýär. Nähak töhmeti başyndan sypdyrmak, diri galmak üçin hekaýat üstüne hekaýat aýdyp gazaply şany adyllyga, adamkärçilige çagyrýan şazada ol hekaýatlary bilen ýüzlerçe doňýürek adamlary paş edýär. Şol hekaýatlaryň many-mazmuny şeýle bir çuň, taglym gymmaty şeýle bir güýçli hem täsirli welin, olar arkaly ýüzläp-müňläp nesilleri her taraplaýyn terbiýeläp boljak. Bu „Şazadanyň“ gymmatyny artdyrýan, aýdyjynyň, hazyna toplaýjynyň abraýyny artdyrýan düýpli mesele. hekaýatlar arkaly adalatly, hakykatçyl, akylly, düşbi, ugurtapyjy hem adamkärçilikli mert ýigidiň öz häsiýetlerem açylyp gidip otyr.
Bu Ç.Garabekowyň halkyň arasyndan iň kämil ertekileri, hekaýatlary we beýleki eserleri ökdelik bilen manysyna göz ýetirip, saýlap alyp bilýänliginiň alamaty. Şol sanda bu mirasgäriň türkmen folkloryny baýlaşdyrmakdaky uly hyzmaty.
Ç.Garabekowyň toplan ertekileridir beýleki kyssawy eserleriniň gymmaty hakda-da many-mazmuny, çeperligi, özboluşly gahrymanlary, dil baýlygy hakda-da mirasgäriň türkmen folkloryny baýlaşdyrmakdaky hyzmaty hakda-daaýdyp oturmaly. Sebäbi onuň toplan hazynasy hiç bir gymmatlyk bilen ölçäp bolmajak hazynadyr. Ol hazyna adamy dogry ýola gönükdirýän, akyl-parasatdan püre-pür, duýga, mähre, ynsanperwerlige, watanperwerlige ýugrulan, duýgularyňy täzeleýän, ruhuňy baýlaşdyrýan, adama ruhy güýç-kuwwat berýän hazynadyr. Şol hazyna bütin çuňlugy bilen akyl ýetirip, Ç.Garabekow olary iňňän agyr durmuş şertlerinde arman-irmän toplapdyr. Gynansak-da Ç.Garabekowyň terjimehalyna degişli maglumat elimize düşmedi. Ýöne bir zat anyk. Ol Aşgabadyň ýaşaýjysy bolup, Tejen topragyna ýörite uzak wagtlyk halk mirasyny toplamak üçin, iberilipdir hem ol şol ýerde ýaşapdyr. Arasynda Mary welaýatynyň käbir etraplaryndan hem az-owlak ertekidir hekaýatlary toplapdyr.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly