ÇAÝY NÄHILI IÇMELI?
Türkmenleriň durmuşynda uly orun eýeleýän çaý, onuň içilişi dogrusynda halk arasynda täsirli gürrüňler köp. Şolardan çaý içýan adamlaryň ýedi tüýslüsini atlandyryp hem-de häsiýetlendirip görkezýän halk gürrüňleri-de has gyzyklydyr.
Çaý içýän adamlar ýedi tüýsli bolýar.
Olaryň birinjisine «çaýhor» diýilýär. Olar hemişe ajy çaýy lezzet bilen içýärler. Çaýyny wagtynda içmese, mazasy bolýan däldir.
Ikinjisine «ganthor» diýilýär. Bu hili çaý içýänler çaýy hemişe gant, şeker ýa nabat bilen içmegi gowy görýärler.
Üçünjisine «mugthor» diýilýär. Olar özünden däl-de, kişiden, mugt bolsa, içerler, ýogsa içmezler.
Çaý içýänleriň dördünji tüýslüsine «ismhor» diýilýär. Bular gara çaý bolsun, gök çaý bolsun ýa-da ajy bolsun, ýuwan bolsun, dannaman içýärler. Olara ady (ismi) çaý bolsa ýeterlik.
«Basyrymhor» diýilýän bäşinji tüýsli çaý içýänler çaýy başyrynyp, egnine bir zat alyp içýärler.
Altynjysyna «muňhor» diýilýär. Bular çaý içende hemişe özi bilen özi bolup, gözüni bir nokada dikip, dymyp, gaýgyly (muň − gaýgy diýmekdir) halda oturýarlar.
Ýedinji tüýsli çaýhorlara «nakylhor» diýilýär. Olar çaýy ala-ýaz bolup içýärler. Nakyldyr gyzykly gürrüňler aýdyp, gülüşdirip, çaý bilen sözüň lezzetini bilýärler.
Halkymyzda nahar iýlen wagtynda gürlemek halanmasa-da, çaý başynda söhbet edip, degşip-gülüşmek oňlanýar. Önki döwürlerdäki çaýhanalaryň gürrüňdeşligiň, şahandazlygyň merkezi bolandygy hem muny subut edýär. Toýlarda aýdymdyr dessan diňlenilende hem çaý içilýär, bagşylaryň öňüne çaý goýulýar. «Çaý içişlik», «Çaý başynyň söhbedi», «Öýe çaýa bar» diýen jümlelerdäki çaýyň dine bir jana lezzet beriji içgi däl-de, ynsanlaryň oňyn gatnaşyklaryny sazlaýjy, yürekdeşligi, şahandazlygy, ruhubelentligi dörediji bolup durýandygy üçindir. Goý, çaý bedenimize hem ruhumyza hemişe lezzet bersin, melhem bolsun!
Nury SEÝIDOW.
«Mugallymlar gazeti» gazeti, 2001-nji ýyl, 22-nji iýun.
Halk döredijiligi we rowaýatlar