22:44 Çopan şahyr | |
ÇOPAN ŞAHYR
Edebi makalalar
Bir gezek orta çykmaga maý tapman ýören oba şahyrlarynyñ goşgularyny diñlemäge, bir wagtky ýaşan, mugallym bolup işlän obama aralaşdym. Garajagul Düwden, Akmämmet Atanyýaz ogullarynyñ çärýek asyr bäri ýüreklerinden syzdyryp, dürli temalardan goşgular döredýändiklerini bilýärdim. Hatda şygyrly galyñ depderleriñ bardygyndan-da habarlydym. Gynansak-da, Garajagul Düwden oglunyñ şol depderi harby gullukda bolan çaglary ýitipdir. Ýöne on-onbir goşgusyny saza, heñe getirip aýdym edip aýdýandygy begendirdi. Bir wagtky düzen goşgyny ýatdan aýtmak zehinliligiñ, ýatkeşligiñ alamaty. Çagalyk ýyllarynda küren oba bolup oturylan ýerleriñ, gülälekli baýyrlaryñ, ýaşyl don geýnen jülgeleriñ, ygşyldaşyp oturan düme arpa-bugdaýly sowmalaryñ, gawun-garpyzt bol getirýän källeriñ üstünden döwran ötüp, obalar göçürilip, heññamy sowulan jülgeleri, gam laýyna batan adamlary gözi bilen gören şahyr, soñ çopan bolup, şol jülgelerde goýun bakyp ýörkä ýüreginden syzdyryp şygyr ýazýar. Şeýle şygyrlaryñ okamasy agyr-da bolsa, ýüregiñe agram salsa-da, suwjuk ýazylan goşgulardan hörpi has ýokarydyr. Garajagul Düwden oglunyñ häzirlikçe örä çykmadyk goşgularyny ýatdan bilýänler azlyk etjek däl. Şahyr 1931-nji ýylda Küren dagynyñ Sirkelli jülgesinde eneden dogulýar. Şol ýerde çagalyk ýyllary geçýär. Ol Gazanjyk etrabynyñ Isgender obasyndaky mekdebiñ 8-nji klasyny 1944-nji ýylda gutardy. Şol ýyl Krasnowodskidäki FZO mekdebine alyndy. Bir ýyl okady, tälim aldy. Ýedi ýyl poýezdde slesar, master bolup işledi. 1951-54-nji ýylda harby gullukda boldy. Harby gullukdan gelen soñ, "Towşana dogduk depeleri" - çagalyk döwründe ýaşan ýerlerinde kolhoz-sowhozyñ ownuk mallarynyñ yzyndan aýrylman otuz ýyl bakdy. Hormatly, azaply kärde özüniñ zähmetsöýer, ynamdardygyny giñ köpçülige tanatdy. Ol 1992-nji ýylda hormatly dynç alyşa çykmalydy. Sanaglyñ gutarsa gitmeli bolýar. Çopançylyk agyzda añsat. Aýazly gijeleri, jokrama yssy günleri başyñdan geçirmeli bolýar. Saglyga zyýan ýetirýär. Garajagul pahyryñ ýörimesi kynaldy. Sag goly işlemedi. Hormatly dynç alşyñ hözirini görüp bilmedi. 1995-nji ýylyñ awgust aýynda aramyzdan gitdi. Ýurduny täzeledi. Garajagul neresse bilen çagalyk, ýetginjeklik ýyllarymyzyñ bile geçeni üçin, onuñ başyndan geçiren muşakatlaryny bäş barmagym ýaly bilýärin. 1936-38-nji ýyllar tutha-tutlugyñ möwjän ýyllary boldy. Şol ýyllaryñ öñüsyrasynda enesi Nury ýeñne aradan çykdy. Yz ýanyndan iki agasynyñ elini baglap, at öñüne saldylar. Ajal jaýyna dykdylar. Segsen ýaşly garry atasyny zyndana basdylar. Uly agasy Rejebi Gyzylarbadyñ ilersinde, Düýeji dagynyñ dabanynda "Galçy baba" käriziniñ daşyna egele edip, birnäçe adam bilen okdan geçirdiler. Üstlerinden äpet daşlar, gum goýberipdirler. Ýowuz wakanyñ üsti üç ýyldan soñ açyldy. Ýeññesi Mama-da ýurduny täzeledi. Uly ýeññesi bilen galdy. Çendir diýen agasyndan, atasy Düwlenden nam-nyşan bolmady. Iki agasyndan-da zürýat galmady. Şol gowgaly günlerde, aýylganç aýlarda, harasatly ýyllarda Garajagul pakyr 7-8 ýaşlaryndady. Baky dünýä giden ýagşylaey ýatlamak aýatdaky adamlara parz bolýar. Şahyryñ agyr ýyllary ýatlap döreden üç sany goşgusyny okyjylara hödürlemegi makul bildim. • SIRKELLI Jülgäñe ser saldym daglara çykyp, Gugaryp galypsyñ, däli Sirkelli. Niçeme merdanlar jepalar çekip, Sowuldy üstüñden döwran, Sirkelli. Guýyñ suwsuzyna gurruk diýilen, Sowmalaryñ bardyr giñden ýaýylan, Ýap, peller çekilip, köp nan iýilen, Sowuldy döwranyñ jeýhun, Sirkelli. Säkdirilýän ýorga sürlüp gezilen, Ýaz günleri ýaşyl mahmal ýazylan, Döwrüñ ötüp, döwranlaryñ bozulan, Serinde armany galan Sirkelli. Gaýrañda geriner gyzyl beýikler, Hany, sende gezen umga, keýikler, Gum boldy, sowuldy ymgyr baýlyklar, Gam-gussa derdinden solan, Sirkelli. Dereleriñ indi gorpbaş açypdyr, Sowmañdan, jülgäñden yrsgal gaçypdyr, Badaýhanlaryñ deñden geçipdir, Aýralyk derdine ýanan, Sirkelli. Eýelik kylanlar küýün bermedi, Ýaýlalañda küren oba gurmady, Ykbalyñ pesmidi, ýeriñ şormudy, Ili göçüp bagty ýatan, Sirkelli. Göwün göteriler gezsem oýlaryñ, Tomsuna salkyndyr mekan jaýlaryñ, Kirpikleri peýkam, gaşy ýaýlaryñ Mesgeni bolmazmyñ, däli Sirkelli. Gamgyn Garajagul düzdi dessany, Sende gezen niçe merdanlar hany?! Ençe ýyllar il-günümiñ mekany, Ber jogabyñ, iliñ, kaýda, Sirkelli?! • NEÝLÄÝIN Ötdi ezizlerim ýatlap otursam, Gara bagrym gan eýledi, neýläýin! Bimar bolup, baryn köñle getirsem, Gözgaşym sillere döndi, neýläýin! Barymyz üç dogan - Rejep başy, Şehit boldy ötdi, bu pelek işi, Kast edip duşmanlar bir gara daşy, Misli mañlaýyma urdy, neýläýin! Ýene ýürek dogan Çendiriñ zary, Bilmedim ne ýerde galdy mazary, Ötdi bu dünýeden wepadar ýary, Ýurdy garañkyda geçdi, neýläýin! Enem ötdi gara bagryn gan edip, Yzynda galdyrdy ýöne san edip, Ýalñyz ýeññem gaýgy-gamy don edip, Zürýatsyz dünýäden ötdi, neýläýin! Ganhorlar üýşüpdir agam daşyna, Urup-sögüp, görgi salyp başyna, Rehim etmän gözden akan ýaşyna, Ajal oka dözüpdirler, neýläýin! Sekiz onluk arka atan atamy, Basdylar, dar eken salynan tamy, Garajagul diýr, şonda gutardy demi, Jesedi nirede galdy, neýläýin! • AÝ, GARAZ ÜTMEK BILEN Kolhozymyz endik eden şol birsyhly barşyma, Ýalan sözlemek bolmaz, çykaryp gök arşyna. Şonda-da başlyklarmyz ýalan sözdür durşuna, Ahyrynda ýalan sözler batdy çopan gerşine, Öñi-ardy ýok ýalanyñ kanahat etmek bilen. Kolhozyñ emlägini görmez başlyk aýlanyp, Nebsine haý diýmeýänler gezip ýör talañ salyp, Bellenen derñew komissiýa gezýän ýöne san bolup, Fermelere duýdurýaryn iýmitden mal hor ölüp, Her gün ölýär dörtden-bäşden çişişip ýatmak bilen. Ençe sowal sorasañ-da, gaýdyp jogap ýok mundan, Dört aýagy deñ basyp dur, haly teñdir gün-günden, Ýerde ot ýok, janawarlar, görmäweriñ çopandan, Zootehnikler fermämiz, ryzamyka, mal sizden, Ýoly düşüp käte gelse, rowana gitmek bilen. Aýakgap, güpbi, jalbar, berilmezmi keçesi, Hor-homsular örtükden çopanlaryñ niçesi, Ýokdur palata girmäge kä aýazly gijesi, Tokmak şepä haýyş etsem, gelmezmi habarçysy, Tötänden barlap gelip, bolsady güýtmek bilen. Bir aýlap goş erkegiñ ýüki ýetýär maslykdan, Habar-hatyr hiç gelmeýär feldşerinden, başlykdan, Uzak wagtyñ dowamynda aýrylýar mal läşlikden, Her läşe ýigrim manat ber diýýärler bäşlikden, Deriñ sany ýetenok diýip, aý, garaz ütmek bilen! Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|