19:40 Çylşyrym /hekaýa | |
ÇYLŞYRYM
Hekaýalar
Ähli zat bulam-bujar, hakykatyň içinden çykyp bolmajak tapmaça… Ýazyjy Ahmet Furkan Demiriň galamyndan adyna kybap hekaýa, "ÇYLŞYRYM" ilkinji gezek türkmen dilinde kitapçyda. Endam-janymy agyrlyk basýardy, süňklerim syzlaýardy. Göýä birnäçe gün uklap, uzak ýoldan dolanan ýalydym. Bar-ýok güýjümi jemläp gözümi açanymda garşylaşan ilkinji manzarym, ap-ak bir potolok boldy. Sagy-solyma garaýyşym ýaly, ýerimden ok deýin syçrap turdum. Üstünde ýatan bu krowatym, bu otag, goş-golamlardyr, egnimdäki eşikler hiç haýsy maňa degişli däldi. Nirededigim gumanady. Alnymdan akýan deri süpürip, çep tarapymdaky penjireden daşary garadym. Ömürimde ilkinji gezek görýän bir ýerimdedim. Gaýtadan otaga göz aýladym. Krowatyň gapdalynda, aýaklary ak, orta bölegi goňur uly oturgyç bilen ýanynda hem sary reňkli iş stoly dur. Otagyň orta bölegine köne nagyşly ullakan haly düşelipdir. Kürsiň edil öňünde ak stol, garşymdaky diwarda bolsa telewizor we egin-eşik gardiroby bardy... Stoluň üstündäki telefonym gözüme kaklyşdy. "Dostum Orhana jaň etmeli" diýip telefony garbap aldym, ýöne telefon kontaktma seredenimde onuň adyny tapyp bilmedim. Howsala düşerden ir diýip, başga bir ýakyn dostumyň Burhanyň adyny agtardym emma welin kontaktda onuňam adyndan nam-nyşan ýokdy. Durkumy eýeläp başlan howsala barha artýardy. Derrew otagdan çykdym. Otagdan çykan ýerim uly zaldy, el ýüzümi ýuwsam dagynyk pikirlerimi jemläp bilerin diýip, zalyň aňyr çetindäki banýa ugradym. Banýadaky aýna seretdim, hawa bu meniň ýüzümdi. Boýum, bedenim, keşbim şol durşudy, üýtgän zat ýoklugyna ýokdy welin, ýöne men nirede? Bu ýere nädip düşdüm? Öýüň içinde gezmeläp başladym. Öýde menden özge adam ogly ýokdy. Aýakgap goýulýan tekjä seretdim, diňe iki jübüt kyrk ikinji ölçegdäki köwüş bar. Ortadaky zala dolananymda, kümüş çarçuwadaky bir suratyň diwarda asylyp durandygy ünsümi çekdi. Golaýyna baryp seretdim. Suratdaky mendim. Ýöne nätanyş bu iki adam kim? "Ýa Allam nämeler bolýar? Ýa… Ýa-da hakydamy ýitiräýdimmi?" Emma bu mümkin däl, özüme we dost-ýarlaryma degişli barça zady iň kiçijik detallaryna çenli ýatlaýardym. Oýanan otagyma dolandym. Stola goýan telefonymy aldym. Zarýad 10 göterim… Adatdan daşary ýagdaý bolmasa uklamazdan ozal telefonymy mydama zarýada goýýardym. Bolýar onda näme üçin düýn gije bu işi unutdym. Başga bir tanyşyma jaň etmek niýeti bilen gaýtadan kontaktyma göz aýladym. Kontaktymdaky san-sajaksyz adamyň içinde ýekejesinem tanamokdym. "Ýalňyşyp başga biriniň telefonyny dörjeleýän bolaýmaýyn" diýen pikire gelip, howlukmaç telefonyň bar ýerine seredip çykdym. Ýok bu telefon edil öz telefonym. Ekranyň gulpuny barmak yzym bilen açyp bildim, diýmek başga biriniň telefony bolmagy mümkin däl. "Galereýa! Elbetde galereýany görmeli" aladalanyp suratlary ýekän-ýekän gözden geçirýärdim. Ýok, ýekeje-de tanyş ýüz-keşp ýok. Awuşadyp bilimden aşaklygyna bir sowuklyk gaýtdy. Ýüregim bulanyp, kellämem güýçli agyrýardy. Bu ýagdaýdan halas bolmak üçin çaltyrak ýakynlarymyň birini tapmalydym. Ýakynlarymyň birine hat ýazmak üçin derrew sosial ulgama girip dostlarymyň sanawyna sereden badyma depämden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Sanawymda tanyş adam ýokdy. Bir süri adamyň içinde ýekejede tanyş biri bolmazmy? Hiç haýsyny tanamokdym. Gözlegden bir dostumy taparyn diýen umyt bilen gözlege dostumyň adyny ýazdym. Öňüme bir topar profil çykdy, ýöne nälet siňmiş onuň profili ýokdy. Elheder aldym. Ýene-de bir dostumy gözletdim. Ýöne ýene-de gapy ýapyk, onam tapyp bilmedim. Nädip her gün habarlaşýan adamlarym bir salymda ýitirim bolýar? Düşünmek örän kyndy. Gahardan ýaňa ýüzüm gyzaryp, der basýardy. Dilim bokurdagyma ýapyşyp, agzym açylmaýardy. Suw içeýin diýip aşhana gitdim, sowadyjyny açdym, iň bolmanda bir çüýşe suw bar eken, ählisini içdim. Bu düşüniksiz günde iň ýakymly zat şu suw boldy. Şol wagt telefonyma jaň geldi, alňasap çüýşäni ýere taşlap, otaga ylgadym. Ekranyň ýüzünde uly harplar bilen "EDARA" diýip ýazylandy. Jaňy aldym. Sesi ýakymly bir zenan medeniýetli bir görnüşde bu gün näme üçin işe gelmändigimi sorady. Birbada näme diýjegimi bilmän aljyradym. Çekinjeň äheňde "Nähoşladym. Bu gün baryp bilmerin" diýdim. Jaňy goýansoň derrew belgini internetden agtardym, belgi uly bir buhgalteriýa firmasyna degişlidi. Bu nähili bolýar? Men buhgaltermi? Ýok, ýok meň bilen degişilýän bolmaly, sebäbi men bäş ýyldyr bir gurluşyk kärhanasynda inžener bolup işleýärdim. Gaýtadan düşege serildim. Iki elim bilen başymy tutup , gözümi ýumdym. Ähli tanyş-bilişlerimi göz öňüme getirdim. Hawa, bu adamlar bardy, ýöne nirä zym-zyýat boldular? Bir sagatlap telefon kontaktymdan we sosial ulgamdaky hasaplarymdan ýadyma düşen barça tanyş-bilişlerimi tapmaga synandym, emma hiç-haýsyny tapyp bilmedim. Ne-hä bu atlarda belgi bardy ne-de sosial ulgamda bu adamlaryň adyna hasap döredilendi. Öňki jaňlaşylan jaňlary, ýazyşylan hatlary agtardym, hiç-hili netije ýok. Iň ýakyn dostlarymyň öýleriniň niredediginem bilýärdim, öýlerine barmaly diýen karara geldim. Ýöne ilki özümiň nirededigimi bilmelidim. Daşary çykyp töweregi Gündogar Amerikandan Anadoly şäherine gelen syýahatçy kimin tomaşa edip başladym. Awtobus duralgasyna baryp şäheriň bazaryna gidýän awtobusa mündüm. Çünki häzirki duran ýerime beletçiligim ýokdy ýöne bazary bilýärdim. Awtobus bazara geldi, hawa bu ýerlere elimiň aýasy ýaly beletdim. Derrew esasy ýoldan ýokarylygyna ýöräp Burhanyň ýaşaýan binasyna geldim. Ýaşaýan gatyna galdym. Ahyry gapysyna gelip jaňa basdym. Elli ýaşlaryndaky daýza çykdy, öňler bu daýzany görmändim. – Salawmaleýkim daýza, men Burhanyň dosty, eger öýde bolsa özi bilen görüşip bilerinmi– diýdim. Daýza myhman söýerlik bilen: – Oglum, ýalňyş geläýdiň öýdýän. Bärde Burhan atly hiç kim ýaşanok. Meniň bilen ýoldaşym ýaşaýar. Gel, öýe gir, çaý bereýin! Taňry myhmanysyň– diýdi. Emma welin bu mümkin däldi. Burhan anyk şu öýde ýaşaýardy. Ýöne başga bir tarapdan daýza hem ynamly gürleýärdi. Hemem daýza näme üçin ýalan sözlesin? Daýzaň hödür-keremine minnetdarlyk bildirip öýe dolandym. Jaňlaryň taryhyna gaýtadan göz aýladym. Her gün diýen ýaly jaňlaşylyp, ep-esli wagt gürleşilen Turan atly biri bardy. Oňa jaň etdim, kimdigini umuman bilemokdym, ýöne şu wagt tanamasamda oňa jaň etmekden başga çäräm galmandy. Birnäçe gezek jaň gidensoň, telefony aldy. Salamlaşylyp hal-ýagdaý soralyşansoň eger eli degýän bolsa agşam onuň bilen görüşmek isleýändigimi aýtdym. "Bolýar, agşam sagat sekizde hemişeki oturýan çaýhanamyzda görüşeli" diýdi. Hemişeki oturýan çaýhanamyzmy? Ýatlap bilemokdym elbetde. Bazarda sataşmagy teklip etdim, kabul etdi. Bilesigelijilikden ýaňa ýarylaýjak bolýardym, bir tarapdan gorkýardymam. Şeýlebir tolgunýardym welin barmaly ýerime bir sagat öňünden bardym. Sekizden bäş-on minut geçensoň biri ýanyma gelip "salam dostum" diýdi. Bu Turan bolmalydy. Menem edil onuň ýaly "salam dostum" diýdim. Görnüşine görä biz ýakyn dost bolmalydyk. Ilki özüm hakda gep almaga synandym, ýöne sabrym tükenipdi, göni tema geçdim. Başymdan inen hemme zady aýtdym. Turan ilki maňa ynanmady. Degişýändir öýtdi. Oňa ýakyn gatnaşýan adamlarymyň atlaryny aýtdym, tanap-tanamaýandygyny soradym. Hiç haýsyny tananokdy. Ýagdaýyň degişme däldigini aňlansoň: – Ertir Mämediň ýanyna gideli! – diýdi– Mämedi ýatlaýansyňa? – Ýok, ýatlap bilemok. – Ýatlamazlygyň mümkin däl. Üçümiz ýakyn dost ahyryn, bir çöregi bölüşip iýýärdik, ahbetin. Mämediň psihologdygynam ýatlamok diýäýme. –Ne seni, ne Mämedi, ne-de başga birini ýatlap bilemok. Ýöne kömegi deger diýseň ertir irden bilelikde Mämediň ýanyna gideli, elbetde seniň eliň degýän bolsa. – Hökman, ertir gideli. Irden sekizde öýüňe bararyn... *** Ol gije Turan ulagynda öýüme getirdi. Ýeke-täk umydym ertir gitjek psihologymdy. Mämedem edil Turan ýaly ýakyn dostummyş. Onuň ýaly bolsa tolgunmagym, ikirjiňlenmegim hökman däl, ýöne bu elimdäki zat däldi. Ilkinji gezek gorky, tolgunyş, bilesigelijilik duýgularynyň ählisini bir wagtda uly derejede başdan geçirýärdim. Ol gije gözüme uky gelmedi. Çaltyrak daň atmagyny isleýärdim. Uzakly gije başyma düşen ahwalaty oýladym. Dogup gelýän güni synladym. Ertirlik edinmekçi boldum emma gurt kimin aç bolsamam işdäm hiç zat almady. Turanyň gelmegine garaşmakdan başga çykalgam ýokdy. Sekiziň ýarynda Turan maňa jaň edip aşakda garaşyp durandygyny aýtdy Egnimdäki eşiklerimem çalşyrynman daşary ylgadym. Lifte garaşmagada sabrym ýetenokdy, basgançaklardan ylgap düşdüm. Turan ulagynda maňa garaşýardy, ulagyň öňüne oturdym. Bilelikde Mämediň klinikasyna ugradyk. Kän wagt geçmänka Mämediň klinikasyna bardyk. Turan Mämede hemme zady gürrüň beripdir. Salamlaşylyp hal-ýagdaý soralyşansoň Mämet Turana daşaryda garaşmagyny haýyş edip, meni otagyna girizip bolan wakalaryň barçasyny gürrüň bermegimi isledi. Iň kiçijik detallaryna çenli, bilýän, ýatlaýan zatlarymyň ählisini gürrüň berdim. Gürrüňimi tamamlansoň Mämmet bir minuda golaý dymyp oturdy, pikirlenýäne çalym edýärdi. –Haýyş jaýlaşykly otur, gorkma!– diýdi. Aýdyşy ýaly etdim. ,–Gadyrdan dostum saňa bolan zatlary düşündireýin. Seniň başyňdan inen hadysa, ýüz million adamdan birinde gabat gelýär. Aýdan adamlaryň, işländigiňi aýdýan käriň, ýaşandygyňy aýdýan ol öýüň... Gynansak hem hakyky durmuşda umuman ýokdyr. Seniň ýeke-täk we hakyky durmuşyň şu ýeri. Bärdäki adamlar, bärdäki öýüň, bärdäki işiň. Ýaşandygyňy aýdýan ol durmuşyň bir düýş. Käbir düýşleri tä oýanýançaň hakykatdan aýyl-saýyl edip bolmaýar. Oýananyňdan soňra onuň düýşdügine göz ýetirýärsiň emma welin şeýle bir düýşler bar soňlanmagy bilmeýärler. Örän uzyndyr, edil bir ömür kimin, hiç tükenmeýär, soňlanmaýar. Aýdyşym ýaly älem-jahanda ýüz million adamdan birinde gabat gelýän hadysany başyňdan geçirýärsiň. Başyňdan geçirýän bu hadysaň uzak wagtly hakykatdan tapawutlandyryp bolmaýan bir düýşdir. Uklan bu wagtyň hakyky durmuşyňdaky on bäş, ýigrimi ýylyňa deň bolýar. Ukyňdan oýananyňda özüňi düýşdäki durmuşyňa doly bagyş eden bolýarsyň we hakyky durmuşyňa degişli hiç zat ýatlap bilmeýärsiň. Edil bir telbe deýin gülüp başladym: – Diýmek düýş diýsene! Düýş... Gadyrdan Mämet, ýigrimi ýyllyk ömrüme, ähli bu aýdan zatlaryma, nädip düýş diýip bilýärsiň? – Ynanmak kyn bolup biler ýöne gynansak hem dostum ol durmuşyň hakyky däldi. Düşünişime görä düýşdäki durmuşyňy juda halaýarsyň, iň gysga wagtda durmuşyňa dolanmak isleýärsiň. Belki ol ýerde saňa mähirli, gadyryňy bilýän adamlar bardyr. Belki-de saňa biziň beren mährimizden has zyýat mähir berendirler. Saňa hiç hili hyýanat etmedikdirler, seni gam laýyna batyrmadykdyrlar. Bulary bilemok. Bilýän ýeke-täk zadym, näçe kyn bolsa-da saňa biriniň hakykaty aýtmagy gerek. Seniň asyl durmuşyň şu ýeri! Bu aýdýan zatlaryňy hakykatda başdan geçirmediň. Aýdan adamlaryň, dostum diýýänleriň hiç haçan bolmadylar, ýaşamadylar hem. Mämediň kesgitlemesi beýnime pyçak mysaly sünjüldi. Gürledigi saýyn sünjülen pyçagy towlaýardy. Her jümlesi göýä kelleçanagymy pytyradyp böleklere bölýän ýalydy. Her sözi beýnimdäki bir öýjügiň tepbedini okaýardy. Bu aýdýanlary toslama. Men özümi bilemokmy? Dostlarymy, daş-töweregimdäki adamlary bilemokmy? Ýok, ýok! Hiç kim, umuman hiç kim meni durmuşymyň ýalandygyna ynandyryp bilmez. Nädip bolsa hem bu ýerden çykyp dostum Orhanyň ýanyna gitmeli, maňa hakykaty aýtjak, maňa dertdeş boljak ýeke-täk adam Orhan, şonuň ýanyna gitmeli... Ahmet Furkan DEMIR. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI. # Bellik: Terjime asyl nusgasyndan az-kem üýtgedildi. • Awtor barada, gysgaça: Ahmet Furkan Demir 07.06.2001-nji ýylda Türkiýe respublikasynyň Şanlyurfa şäherinde dogulýar. Ilkinji, orta okuwyny we liseýi dogulan şäherinde okaýar. Häzirki wagtda Kaýseri Erjiýes uniwersitetiniň inženerçilik fakultetiniň karta inženerligi bölüminde ýokary okuwyny okaýar we dürli gazet-žurnallarda redaktor bolup işleýär, her dürli biri-birinden gyzykly eserler ýazýar. Saýtymyzda mundan ozal awtoryň "Diri ölüler" atly hekaýasy hem neşir edilipdi. | |
|
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |