03:09 Dag hem adam | |
DAG HEM ADAM
Goşgular
![]() Daglar adamlara meňzeş bolýandyr, Olaň hem içinde beýgi-pesi bar. Tebigat daşlara, çal gaýalara, Terjimehalyny keşdeläp ýazýar. Ony okap bilýär aňly adamlar, Aňsyzlar aňmazlar beýle zatlary. Saňa gürrüň berer nuhuň döwründen, Ýagyşyňdyr ýagmyryň alamatlary. Bu joşgunly, akar suw ýaly durmuş, Daşa ýazýar ynsan terjimehalyn. Dag ýaly adamlar daýanyp daga, Göterip ýör uly iliň ykbalyn. 1977. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |