06:02 Daglar | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ DAGLAR Düşegiň ýer bolsa, üçegiň Asman, Diwary daşlardan örülen daglar. Gaý-tupana başyn egmän, sarsman Kerem-keramata öwrülen daglar. Göwsi doly ýol-ýodadan, öwrümden, Atylan ok geçip bilmez böwrüňden. Gyşyň gazabyndan, günüň howrundan Saçy ak, sagrysy çalaran daglar. Jülgeleri bardyr bakjaly-barly, Etegi ýagyşly, depesi garly. Heran-haçan görseň başy humarly, Gerşinde bulutlar düýrügen daglar. Gatlaklary gatlaklara dyrmaşan, Çal dumany gowaklara ornaşan, Deresinde aç-arslanlar arlaşan Başy asman bilen birigen daglar. Gün düşende jülgeleriň dübüne Arkan ýat-da bir azajyk meýmire. Ýüzläp derde melhem bolan mumyýa Gözünden ýaş bolup syrygan daglar. Agyr uka batan derelerinde Gyşyň gara güýji oýananynda. Güne ýanan ýylçyr gaýalarynda Nije ýowuz ýeller sygyran daglar. Haka sygnyp ýola düşseň ir bilen, Sataşarsyň gaplaň bilen, şir bilen. At başyny çekip, howatyr bilen Çola zawlaryna girilen daglar. Gözel jülgeleriň lezzeti bilen, Gerimi, göwrümi, gudraty bilen. Howalasy bilen, haýbaty bilen Bizi belentlige çagyran daglar. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |