09:48 Dagy böwsüp çykan gül | |
DAGY BÖWSÜP ÇYKAN GÜL
Goşgular
Gaýgy-gamyň hakda ýazýaň söýgülim, Hatyňda zeýrenýäň ara daşlykdan. Bary-ýogy birki oýnam jümlede, Az gürrüň edýärsiň göwün hoşlukdan. Diýýäň: gündizleň boş, gijeleň tukat, Seriňde bir giden dünýäň soragy. Aýralyk derdinden solup-sargaryp, Daşa dönýärmişin erkek ýüregi. Diňle meni, ýadyňdamy ezizim, Alyslary, baharlary Uralyň. Daşynda perwana bolupdyk hergiz, Daşy böwsüp çykan bir täsin gülüň. Oň näzik baldagy teşneliginden, Ýadyňdamy, sülleripdi ezizim. Emma ol şonda-da töweregine, Saçýardy müşk-anbar atyryň ysyn. Ot-ýalynly söweşleriň içinde, Eger daşa dönýän bolsa ýüregim, Meniň söýgim daşy böwsen gül ýaly, Öser otyr elmydama, geregim. Mustaý KERIM. Rusçadan terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 20.10.1979 ý. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |