20:30 Dalaşgäriň synagdan öňki howsalasy | |
Dalaşgäriň synagdan öňki howsalasy
Goşgular
Eje, maňa birazajyk çörek ber, Bir kesemen çörek, ýüregim gyssa çöregiňi ysgap köşeşer ýaly, Hem güýç berer ýaly maňa kän esse. Bilýän dogalarmy sanap gideýin, Dilde däl, tumar deý boýnumdan asyp. Ýekeje gezeklik öp meni, eje Synagdan ýykylman galaýyn asyl. Häzir maňa islegimçe dynç beriň, Agşamna kän ýumulmady gözlerim. Sorag belgisini unudyp bilmän Uzak gije şol bolupdy gözlegim. Indem ýatanymy ýatlap bilemok, Süzülen gözlermi owkalap durun. Gör-ä, çep gözümem çekýär şu mahal Belki okuw jaýyň talyby borun. Häzir howsalanyň zerurlygy ýok, Ikä derek bire dönsün ýürekler. Mydam ýoldaş bolar ýaly ýanyma Eje, maňa bir kesemen çörek ber. Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||