DÄLINIŇ ÖLÜMI
Çagakam ýadymda galypdyr keşbi
Zyrrajyn däli bir obadaşymyň.
Bir gün garap galdyk onuň yzyndan,
Äkitdiler kuzowynda maşynyň.
Ýyllar geçdi, getirdiler meýdini.
Gabrystanda okadylar jynaza.
Diýdiler: «Pahyr gowy adamdy.
Ýöne weli okamandy namaz-a».
Uruş döwri başlyk eken obada,
Ot ýakan gözünde garyp-gasaryň.
«Görkezen görgüsin çekmez» diýdiler,
Boýnuna daksalar eger Hasaryň.
Ondan bäri aý aýlanyp, ýyl geçip,
Diýýär obam ýatlamalyň könäni.
Aý, hawa-da, deň bolanok seň bilen
Il-gün beýik, geçip bilýär günäňi.
▶ KIÇIDAG
Aslyňy sözlesem seniň
Aslyň gadymy Köşüden.
«Laçyn guşum» diýer joşup,
Kiçidag adyň eşiden.
At-owazaň ile ýaýran,
Görenleriň akly haýran.
Üstüňde men kylsam seýran,
Armanym galmaz Kiçidag.
Bolmasa-da zerden şaýyň,
Ýyndamlykda bolmaz taýyň.
Atylan ok deý ýaýyň
Uçar sen arşda Kiçidag.
Mätäjiň söýlän bedewi,
Gyratdan aldyň edebi.
Sähramda kişňe ebedi,
Gül keşbiň solmaz Kiçidag.
Kölde misli bir guw, atym,
Aýlawa girdiň, çuw, atym.
Görmeli bolma ýow, atym,
Göze ýaş dolmaz Kiçidag.
Keýerjekläp bakyşyň bar,
Topnagy jüp kakyşyň bar.
Sil suwy deý akyşyň bar,
Köpetdaga deň Kiçidag.
Waspyňy sözlesem seniň,
Göz guwanjysyň türkmeniň.
Ýeke-täk arzuwym meniň
Ilimde kişňe, Kiçidag!
▶ GALAGOPLY JAHANDA
Näme bolup geçmeýär,
Galagoply jahanda.
Diýme: «Ojak öçmeýär!»
Galagoply jahanda.
Ýamanlar kän çakyňdan
Göripleriň okundan.
Seňem tutar ýakaňdan
Galagoply jahanda.
Dost-ýaryny satan bar,
Gam laýyna batan bar.
Adam ogly, hataň bar,
Galagoply jahanda.
Şa dälsiň, gedaý dälsiň,
Bagtdan jyda dälsiň,
Bilginiň, hudaý dälsiň,
Galagoply jahanda.
▶ APERIN
Çary Täçmämmedowyň ýagty ýadygärligine
Saz diňledim säher bilen,
Gudrat gördüm aman, aman!
Başymy ýaýkap oturdym,
Bolup men melul bir zaman.
Diňläp ine, türkmen Bahyn,
Eşitdim atamyň ahyn.
Gözümde ýaş berip dur hyň.
«Aperin!» diýdim, Çary aga.
Çeşmäň dagdan inişi deý,
Ýürek sazsyz oňarmy heý?!
Misli içen ýaly men meý.
«Aperin!» diýdim, Çary aga.
«Goňurbaş»... «Gökdepe
mukamyň»,
«Saltyklar», «Haýyt
ýykanyň»...
Geňledim ylham dükanyň
«Aperin!» diýdim, Çary aga.
Tälim alyp sadalardan,
Gaça durduň odalardan.
Galpy görüp, ot alardyň,
Halaldy ömrüň, Çary aga.
Owadan söz mätäç däl,
Göwnüm, sen bigadyrdan dän,
Ynjydarsyň, ýaňrama kän,
«Aperin!» diýdim, Çary aga.
▶ TÜRMEDE DOGLAN ÇAGA
Türmede dogran ene
Gynanýan ahwalyňa.
Türmede doglan bäbek
Aglaýaryn halyňa.
Toý tutulmaz şanyňa,
Nabat-nogul seçilmez.
Ataň gelip ýanyňa
Posasyndan eçilmez.
Belent haýat. Tiken sim,
Biziň senden goraýar.
Türmede doglan çaga
Aglap emme soraýar.
«Ejem haçan ger» diýip,
Daş işikde gulagyň,
Gujagynda üwrelmän,
Ter çeşmeli bulagyň.
Muňa durmuş diýerler,
Baky däldir türme-de.
Ýöne ömrüň geçmesin,
Ulalaňda türmede
Türmede doglan oglan!
▶ IÇGEPLETME
Ömrüň bardyr bäş günlük,
Ýylynsaň ojagynda.
Ömür berse täzeden
Ogluň gojalanyňda.
Ganatlansa göwünler
Many alyp sözüňden.
Dostuň gelip ýetişse,
Göwnüň geçse özüňden.
Dogan dogan ýerinde,
Zenan zenan ýerinde.
Abat bolsa il-günüň
Gam bolmasa seriňde.
Bolaýyn şa ýa geda,
Abraý gelsin akyldan.
Dostam bolsun, duşmanam,
Aýrylma ýat-ýakyndan.
▶ WAGT
Wagt näme? Ol birehim hökümdar.
Basar gider maňlaýyňa möhrüni.
Başyň alyp gaçyp gitjek ýeriň ýok,
Bir gün gelip weýran eder şähriňi.
Kimler mazlum, kimsä täji-tagt berip
Kime hasrat, kime bolsa bagt berip,
Eçilenne altyn-kümüş nagt berip,
Çalyşar baýlyga gyzgyn mähriňi.
Kimseleri bolar däli-diwana,
(Şaýasaň dünýäde, wah, ine-gana!)
Wagt – ýalňyşmasam, bir akly dana,
Owal-ahyr deňleşdirer ähliňi.
▶ ÝALBARMALY BOLSA MEN...
Duran ýerim, ýalbarmaly bolsa men
Zandy harama.
Duran ýerim, al bermeli bolsa men
Duz sepilýär ýarama.
Duran ýerim, ýol bermeli bolsa men
Gedem hanana.
Duran ýerim, gül bermeli bolsa men
Ýol ugruna ygyp ýören «zenana».
▶ TOBA KYLALYŇ!
Ser salalyň yzymyza käte biz,
Hem toba kylalyň bolsa hatamyz!
Ynjan bolsa bizden ene-atamyz,
Uly hatamyz!
Kast eden bolaýsak iýilen duza,
Çökeliň-de dyza.
Toba kylalyň!
Toba kylalyň!
▶ SAÝRA BILBIL
Saýra bilbil,
Şygyr ýazýan goşup seniň sazyňa.
Aşyk-magşuklar mydam
Maýyldyr owazyňa.
Saýra bilbil, saýra bilbil,
Sen – kalbymyň bahary.
Ýeneki aý, ýeneki ýyl
Seniň bilen garşylaýyn säheri.
▶ «ÖMÜRBOÝY GAM ETJEK BAR...»
Başarsa, gaýadan meni
Başaşak goýberjek bar.
Amanadyň dolan güni
Begenjinden toý berjek bar.
Ýa möjege şam etjek bar.
Meniň bu agyr halyma
Ömürboýy gam etjek bar.
Goşgyň yzyn ýazmak gerekmi näme?
Ýa-ha meniň özüm gowy adam däl.
Ýa-da dünýelerde erbet adam kän.
Goşgular