23:11 Dana Ata Oguznama aýdypdyr | |
DANA ATA OGUZNAMA AÝDYPDYR
Edebiýaty öwreniş
Orta asyr arap, pars türki dilli edebiýatlaryň durmuşynda özboluşly çeperçilik ýörelgesi ýüze çykypdyr. Bu ýörelgä ylmy edebiýatda n e z i r e ç i l i k diýilýär. Ol özüniň tebigaty boýunça belli bir söz senetkäriniň başga bir ussadyň eserine, ýa bolmasa edebiýatda öňden bäri işlenip gelinýän anyk bir tema ýüzlenip, täze eser ýazmagy bilen häsiýetlenýär. Nezireçilikde awtor özüniň çeperçilik konsepsiýasynyň aýratynlygyna, mümkinçiliklerine görä däpleşen temany baýlaşdyrmaga, ösdürmäge, täze problemalary hem çeperçilik äheňlerini girizmäge çalyşýar. Täze obrazlar hem häsiýetler döredýär. Bir söz bilen aýtsaň, özüniň ähli döredijilik mümkinçiliklerini işe girizýär. Nezireçilik özboluşly çeperçilik bäsleşigi. Munda şahyr özünden öňki ýa-da döwürdeş şahyryň eserine jogap berýär. Özüniň döredijilik güýjüni görkezmäge mümkinçilik tapýar. Nezire ýazmak däbini iri epikada hem, liriki žanrlardaky şygyrlarda hem görmek bolýar. XV asyryň poeziýasynda gazallara nezire-tahmys ýazmak däbi has ýörgünli bolupdyr. Epiki nezireçilikde bolsa esasan ozal arap, pars edebiýatçylarynda ýüze çykyp, däpleşen yşky mazmunly sýužetler täzeden galam astyna alnypdyr. Nezireçilik däbiniň ikinji bir esasy tematik ugry taryhy, harby gahrymançylyk mazmunly sýužetlerde öz döredijilik güýjüňi synap görmek bolupdyr. Nezireçiligiň bu ugrunda şahyr anyk bir taryhy şahs baradaky taryhy wakalara, rowaýatlara ýüzlenipdir. Şunuň netijesinde hem edebi durmuşda isgendernama, oguznama, seljuknama, çingiznama, timurnama, şeýbanynama, abdyllanama ýaly däpleýin sýužetler ýüze çykypdyr. Olaryň arasyndan oguznama sýužetini täzeden işlemek has ýörgünli bolupdyr. Oguznamaçylyk däbiniň irki döwürlerde ýüze çykandygyny tassyklaýan faktlar bar. Mysal üçin, gelip çykyşy boýunça seljuk türkmenlerinden bolup, Müsürde ýaşan Abu Bekr Aýbek at-Dawdawary 1309-njy ýylda «Şöhratlylaryň taryhyndan dürler» diýen taryhnamasyny döredipdir. Dawdawarynyň eserinde ýazylşyna görä, Abu Müslim Horosanynyň hazynasynda gadymy parsy dilinde ýazylan bir kitap saklanypdyr. Bu kitap Anuşirwanyň (531-579-njy ýyllarda hökümdarlyk eden) ýerligi Marydan bolan meşhur weziri Buzrugmähir Bagtagana degişli eken. Ol Ulug han Ata bitigçiniň «Oguznamasy» bolupdyr. Eser türki dilden pars diline terjime edilipdir. Oguznamaçylyk däbiniň iň irki nusgasy häzirlikçe Ulug han Atanyň, ine, şu eseri. Şunuň özi hem bu däbiň öz başlangyjyny has irki zamanlardam alypgaýdýandygyny alamatlandyrýar. Oguznama sýužetiniň türkmenleriň nesilbaşysy hasaplanýan Oguzhan hem onuň gahrymançylykly hereketleri bilen bagly taryhy wakalardan, rowaýat-legendalardan düzülendigi bize belli. Sýužet has irki döwürlerde ýüze çykan bolsa-da, nähilidir sebäplere görä, ony öz çeperçilik ussahanasynda täzeden işlemäge meýillenen awtor bolmandyr. Diňe XI asyrda seljuklaryň Gündogaryň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda uly rol oýnap başlamagy bilen oguznama sýužetiniň hyrydary köpelip ugrapdyr.Seljuklaryň taryhyny ýazýan taryhçylar öz eserlerine bu sýužeti girizmegi endik edipdir. Eýýäm şol asyrda Gardiziniň «Zaýn al-ahbar» eserinde, 1126-njy ýylda ýazylan awtory näbelli «Mujmal at-tawaryh wal-kysas» atly senenamada, XII asyryň görnükli tayhçysy Zahyreddin Nyşapurynyň «Seljuknamasynda» oguznama sýužeti peýda bolupdyr. XI asyryň belli dilçi alymy Mahmyt Kaşgarlynyň «Diwany lugat at-türk» sözlüginde hem sýužetiň köp sanly detallary peýdalanylypdyr. Bu döwürlerde sýužete edebi nukdaýdan däl-de, taryhy nukdaýdan çemeleşilipdir. Bu däp giçki orta asyrlarda hem dowam edipdir. Şol bir wagtyň özünde sýužeti işlemekde ençeme täzelikler hem ýüze çykypdyr. Öň ol ýa-da beýleki taryhy eserde oguznama sýužetiniň özüni getirmek bilen çäklenilýän bolsa, bu döwürde onuň kompozisiýasyny ösdürmek meýli göze ilýär. Indi taryhçylar türki kowumlaryň gelip çykyşyna gysgaça syn bermek, Oguz hanyň ata-babalarynyň kimlerdigini görkezmek däbini girizipdir. Biziň aňlaýşymyza görä, bu däp XIV asyryň görnükli taryhçysy Reşideddiniň «Oguznama» eseriňden başlanýar. Soňky taryhçylar ikinji bir täzeligi hem girizipdir. Olar öz döwürleriniň han-soltanlarynyň taryhyny ýazanlarynda eseri oguznamasýužeti bilen başlamagy ýörelge edinipdir. Mysal üçin, XV-XVII asyr hökümdary Şeýbany hanyň taryhyna bagyşlanan awtory näbelli «Tawaryhy guzida-Nusratnama» atly eserde, Hafyz Tanyş Buharynyň XVI asyr hökümdary Abdylla hanyň taryhy hakyndaky «Şerafnamaýy şahy» kitabynda şeýle ýagdaýy görmek bolýar. Şonuň ýaly-da, soňky döwürlerde awtorlar sýužete özleriçe çeperçilik suwuny çaýmaga çalşyp ugrapdyr. Buharynyň eserinde edil türkmen dessanlarynda bolşy ýaly, kyssa bilen şygyr gezekleşdirilýär. XVII asyr Hywa taryhçysy Abylgazynyň «Şejeräýi türk», «Şejeräýi terakime» eserlerinde hem bu däp dowam etdirilipdir. Taryhçysýužeti beýan edende ony dürli şygyr bölekleri, rowaýatlar, obrazly aňladyş serişdeleri bilen bezemäge çalşypdyr. Umuman, XVI asyrdan başlap oguznama sýužeti täzeden taryhylykdan edebileşmek ýoluna düşüpdir. Şundan soň sýužeti edebi taýdan işlemäge synanyşyk edenler hem peýda bolupdyr. Ilkinji synanyşyk Yhsan Ata Dana Ata Abulhanynyň paýyna düşüpdir. Ol sužetiň esasynda «Oguznama» atly kiçijik poema döredipdir. Onuň poemasynyň iki sany golýazmasy biziň günlerimize gelip ýetipdir. Dana Ata hem onuň «Oguznama» poemasy baradaky deslapky ylmy barlaglar türkmen edebiýatynyň uly dosty, akademik A.N.Samoýlowiçe degişli. Alym Dana Atanyň bu eseri bilen ilkinji ýola 1908-njy ýylda tanşypdyr. Ol eseriň golýazmasyny Hojaly Molladan alyp, şondan iki ýyl soň şahyr hem onuň bu eseri hakdaky ilkinji maglumatlary ylmy dolanyşyga girizipdir. 1920-nji ýylda Abylgazynyň «Şejeräýi terakimesini» rus diline geçirip, Aşgabatda neşir (1897) eden A.G.Tumanskiý dünýäden ötýär. Onuň arhiwi bilen tanşan A.N.Samoýlowiç poemanyň ýene bir golýazma nusgasyny ele salýar. Şol nusgany hem 1927-nji ýylda başbitin neşir edýär. Mundan başga-da, SSSR YA-nyň Gündogary öwreniş institutynyň Golýazmalar fondunyň 2/1927-nji bukjasynda, Türkmenistanyň YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Golýazmalar fondunyň 1771-nji bukjasynda poemanyň golýazmalary saklanýar. Biz elimizde bar bolan golýazma nusgalary deňeşdirip, öwrenip poemanyň tekstini taýýarladyk. Şu işde özümize ýakyndan kömek beren tekstolog alym Abdyrahman Mülkamanowa uly minnetdarlyk aýdasym gelýär. Makalamyzda şol kiçijik poemany dolulygyna getirmegi makul göpdük. Munuň özi ilkinji nobatda bize şahyryň ideýa-çeperçilik älemine has içgin aralaşmaga şert döredýär. Ikinjiden, ol awtoryň döwrüni hem ömrüni göz öňüne getirmäge belli derejede mümkinçilik açýar. Üçünjiden, Dana Atanyň galamynyň «Oguznama» ýaly çylşyrymly sýužetiň öňünde nähili durup bilendigine göz ýetirmäge hemaýat edýär. 1. Oguzhandan aýrulmuşam. Bil, Söýülhan bolganymyz. Bir atadan ýaýramuşam Ýokdur sözde ýalganymyz. 2. Safalyg ak öýün kurdy, Kyrk ogluga orun berdi, Uzun nama andan erdi, Ýel koýup ötdi hanymyz. 3. Künhan ogly Kaý ilbaşy, Baýat kitür tegre-taşy. Alkaöýli berur çaşy. Karaöýli tarhanymyz, 4. Anhan ogly Ýazgur, Tüger, Tuturga, Ýabur bahadur, Yslamga kirdi köp küfür, Karadaşly kardaşymyz. 5. Ýulduz ogly Kyzyk, Owşar, Bektil, Karkyn hetden aşur, Küfürler zulmundan çaşur, Hyzyr-adak han ilimiz. 6. Hyzyr-ili, Aly-ili, Törelerge hyzmat kylu, Hywa, Hazaraspnyň güli, Han aldyda ýörgenimiz. 7. Kökhan ogly ki Baýundur, Ili baýlyk-le çawludur, Bahadur Bijen, Çowuldur, Çebni bile örgenimiz. 8. Taghan ogly Salgur, Eýmür, Aty düldül, kuşy algur, Alaýüntli, bul Üregir, Ärdur Salgur soraganymyz, 9. Teňiz ogly Igdür, Bükdüz, Uwa, Kynyk hökmi ýalguz, Sahypkyran kije-kündüz, Hesen-ili durganymyz. 10. Hesen-ili, eli sazlyg, Dal bedewlig, tebil bazlyg, Ýügrük at, boýny kotozlyg, Bile kuşlar çapganymyz. 11. Altun asarga ýaý asur, Barur ise ol ýow basur, Işi-küça çald baş kesür, Bahadur alp bu känimiz. 12. Ülüş aldy on ikisi, Aýmak bu sagka bakasy, Müňge tendir her bökesi, Her biri Rüstem Zalymyz. 13. Mahbuplary kaz bogazlyg, Ýügrük atlyg, eli sazlyg, Dal bedewlig, tebil bazlyg, Bile kuşlar salganymyz. 14. Külli özbek-çengiznama, Kalmuk, kazak, kyrgyz näme, Astymyzga kelse heme, Ýokdur anda durganymyz. 15. Akman, Karaman uruşdy, Kör, neneň ne kurtlar keçdi. Oguz ili zordan köçdi, Ol sür-hä sür bolganymyz. 16. Özüň kaldyň ýaman atga, Ömrüňni berdiň berbatga, Töhmet kyldyň Hoja Ahmetge, Sen-sen ýaman körgenimiz. 17. Sofulary asyl zatlyg, Pirleri bar keramatlyg, Hojasy yzzat-hormatlyg, Ilge duwa kylganymyz. 18. Pürdür tiýrler babamuzny, Nama içre rast tiýr sözni, Yhsan baba tiýrler bizni, Abulhandur örgenimiz. Dana Atanyň ýaşan ýeri, ömri hem döwri baradaky ilkinji esasyrak maglumatlary hem şu poemadan alyp bolýar. Biziň elimizde başga düýpli maglumatlar ýok. Şahyr özüniň ören-ýaşan ýeriniň Abulhandygyny aýdýar. Abulhan häzirki Balkan dagynyň irki ady. Häzirki Krasnowodsk oblastynyň iki ýerinde Dana Atanyň ady bilen bagly gonamçylyk bar. Olaryň biri Kürendagyň eteginde. Şol ýerdäki oba hem çeşmä ýerli halk «Däneata» diýýär. Bu Dana Atanyň ýerli gepleşik boýunça atlandyrylyşy. Ikinji gonamçylyk Uly Balkanyň töwereginde ýerleşýär. Etnograf S.Demidow şahyryň şahsyýeti bilen gyzyklanyp halk arasyndan iki sany rowaýaty ýazyp alypdyr. Birinji rowaýatda şeýle diýilýär: Dana Ata ilki başlarda Balkanyň töwereklerinde ýaşapdyr. Bir gün onuň gulagyna Gürgen töwereklerinde güzeran geçirmegiň has ýeňilräkdigi baradaky habar degýär. Şahyr muny eşidip, Gürgen töwereklerine geçýär. Ýolda näsaglap dünýäden ötýär. Ikinji rowaýat has başgarak maglumaty berýär. Günleriň birinde Dana Ataryň obasyna galmyklar çozýar. Şahyr basybalyjylardan gutulmak üçin Kürendaga tarap gaçýar. Ýöne basybalyjylar onuň yzyndan ýetip Kürendagyň eteginde ony öldürýärler. Halk arasynda şahyryň öldürilen ýeri «Gan dökülen ýer» diýlip at alýar. Onuň jesedi bolsa Balkanyň etegine äkidilýär. Şuňa esaslansaň Kürendagyň etegindäki gonamçylyk hakyky däl bolup, ol diňe şahyryň galmyklar tarapyndan öldürilen ýeri bolup çykýar. Ähtimal, hakykylygy üçindir. Şahyryň Balkanyň etegindäki gubry hakyndaky maglumatlar taryhy işlere-de düşüpdir. Munis özüniň «Ferdöwüs-ul-ykbal» diýen işinde 1815-nji ýyllaryň wakalary barada gürrüň berip, «Gijeki ýörişden soňky ýük ýazdyrylan ýer Dana Atanyň töweregiboldy» diýip ýazýar. Şahyryň haýsy döwürde ýaşandygy baradaky ilkinji maglumaty hem A.N.Samoýlowiç beripdir. Ol Hojaly mollanyň özüne ýollan maglumatlaryna esaslanyp, Dana Atany XV-XVI asyrlarda ýaşan şahs hasap edipdir. Alymyň ylmy arhiwini öwrenip, bu barada ýörite iş ýazan D.Nuralyýew onuň golýazmalarynyň birinde Dana Ata barada pikir öwrülip, «XVI asyrdan ir däldir-dä» diýlip bellik edilendigini habar berýär. S.Demidow şahyryň gubrundaky daşlara ýazylan ýazgylary öwrenipdir. Esasy daşa ýazylan «Bijin ýylynda Goşahyrlyda bitildi. 1017» diýlip ýazylan senäni häzirki milady ýyl hasabyna öwrüp, onuň 1608-nji ýyla gabat gelýändigini belleýär. Şuňa esaslanyp hem Dana Ata XV-XVI asyrlarda ýaşan bolsa gerek diýen netijä gelýär. Emma bu ýerde alym hasabyny ýalňyşypdyr. 1608-nji ýyl XVI asyra däl-de, eýsem XVII asyra düşýär. Eger şol daşa ýazylan seneden çen alsaň, şahyr XVI asyryň ikinji ýarymyňda ýaşap, XVII asyryň başynda dünýäden ötüpdir. Bar bolan käbir gytaklaýyn maglumatlar hem şahyryň şu döwürde ýaşandygyny tassyk edýär. Mysal üçin, köp sanly ygtybarly taryhy çeşmeler şahyryň poemasynda ýatlanylýan aly-ili, hyzyr-ili, hesen-ili atly türkmen taýpalarynyň XVI-XVII asyrlarda Balkan, Uzboý etraplaryndaýaşandygyny habar berýär. Dana Atadan ozalky hem onuň döwründe ýaşan taryhçylaryň oguznama sýužetine taryhy material hökmünde seredendikleri hakda önde bellenipdi. Olaryň döredijilik maksady ilkinji nobatda beýan edýän taryhy wakalaryna, taryhy ýazylýan han-soltanlarynyň hereketlerine, durmuşyna gönükdirlipdir. Oguznama sýužeti olara kömekçi serişde, gepbaşy bolup hyzmat edipdir. Emma Dana Ata galama ýapyşanda halk bähbitli asylly maksatdan ugur alypdyr. Muňa göz ýetirmek üçin ozaly bilen Abylgazynyň şeýle sözlerini ýatlalyň. «Türkmenniň mollalary we şeýhleri we bilgeleri meniň taryhny ýahşy bilerumni eşitib tururlar. Taky bir kün barçalary kelib ar kyldylar kim, «Biziň içimizde «Oguznama» köp turur. Emma hiç ýahşysy ýok. Barçasy galat, birisi-birisige muafyk ermes. Her haýsysy bir türlük we bi dürüst ygtybar kylgu dek taryh bolsa erdi ýahşy bolur erdi» tiýib ötün kyldylar». Görşümiz ýal halk köpçüliginiň öz taryhyny, geçmişini bilmäge höwesi güýçli bolupdyr. Öz döwrüniň öňdebaryjy hem ylymly-bilimli adamy bolan Dana Ata halkyň şol höwesini duýmagy başarypdyr. Halkyň öz taryhyna, gelip çykyşyna belet bolmak teşneligini gandyrmak üçin hem galama ýapyşypdyr. Muny şahyryň poemanyň öňünden ýazan şeýle sözleri hem tassyk edýär. «Elkyssa, Künhannyň, Oguzhannyň eteginde ýaýylgan perzentleriniň atlaryny aýtalyň. Yhsan şeýh, ýagny Dana Ata «Oguznama» aýtyb turur. Jemg Söýülhanga bizden ýadygär kylsyn tiýib, any körüb asyl nesillerin bilsin tiýib, bularnyň şanyga nazym kyldylar». Şahyr edebiýatyň taryhynda ilkinji bolup oguznama sýužetini şygry forma salypdyr. Oňa taryhçynyň däl-de eýsem hem taryhçynyň, hem şahyryň gözi bilen seredipdir. Poemany şeýle formada ýazmak bilen şahyr ençeme döredijilik utuşyny gazanypdyr. Abylgazydan «Oguznama» ýazyp bermegini sorap türkmenleriň sowatly adamlary ýüz tutupdyr. Taryhçy hem sýužeti beýleki taryhçylaryň edişi ýaly, kyssa bilen, uly planda işläpdir. Onuň bu eseri ilatyň diňe sowatly toparyna elýeterli bolupdyr. Munuň tersine Dana Ata başga maksady nyşana alypdyr. Ol öz eserini giň halk köpçüligine niýetläpdir. Ony sowatsyz adamlaryň hem kynçylyksyz ýat tutmagyna şert döredipdir. Şahyr uly taryhy hem etnografik faktlary aňrybaş derejede ýygjamlap bermegiň hötdesinden gelipdir. Munuň üçin ol türki ýazuw edebiýatynyň arap-pars edebi däplerinden alnan şygyr formalaryna däl-de, eýsem türki poeziýanyň öz çeperçilik gazanany bolan goşuk formasyna arkalanypdyr. Goşuk türkmen edebiýatynyň esasy şygyr formasy bolupdyr. Soňky döwürlerde bu söz «goşgy» görnüşine geçip, tutuş poeziýany aňdadypdyr. Goşuk ýa-da goşgy gadym döwürlerden başlap ýönekeý halk köpçüliginiň çeper kabul ediş mümkinçiliklerine laýyk bolup gelipdir. Filologiýa ylymlarynyň doktory R.Rejebowyň sözleri bilen aýtsaň «Goşgy türkmen halk sazyna jogap berip bilen (ýek-ýarym muhammesi hasap etmeseň) ýeketäk formadyr». Aýratyn hem ýedi-sekiz bogunly goşgular aýdym edip aýtmak üçin hem, ýat tutmak üçin hem has amatly hasaplanypdyr. Diýmek, Dana Ata öz «Oguznamasyny» şeýle formada, şeýle ölçegde ýazmak bilen goşgynyň şol artykmaçlyklaryny hem hasaba alypdyr. «Deňziň suwunyň şorlugyny bilmek üçin onuň hemmesini içmek hökman däl» diýen söz bar. Edil şonuň ýaly, Dana Atanyň şujagaz poemasy hem onuň daşýarar zehinli, söze gysyk, pikire baý şahyr bolandygyny kepillendirýär. Şahyr Oguzhanyň tutuş nesil şejeresini bary-ýogy ýigrimi dört sany sekiz bogunly setire siňdirmegiň hötdesinden gelipdir. Şol setirlerde hem Oguzhanyň alty ogly, onuň şol ogullaryndan bolan ýigrimi dört agtygy edil taryhnamalardaky ýaly, ýaşyna görä, berk tertip bilen yzygidetli görkezilýär. Dana Ata ýekeje ýerde bu düzgünden çykypdyr. Ýyldyzhanyň ilkinji ogly Awşar ilen ikinji ogly Kyzygyň ýerlerini çalşypdyr. Şahyr şuny hem diňe rifmanyň hatyrasyna şeýle etmäge mejbur bolupdyr. Dana Ata türkmen taýpalarynyň gelip çykyşyna, olaryň soňky ykbalyna ýakyndan belet eken. Ol Ýazyryň ady bilen başlanan bendi «Karadaşly kardaşymyz» diýen setir bilek tamamlaýar. Bu ýöne ýere edilmändir. Taryhy çeşmeler gadymy ýazyrlaryň soňky asyrlarda garadaşly diýlip atlandyrylandygyny belleýär. Dana Atanyň döwründe bu taýpanyň garadaşly ady has ýörgünli bolupdyr. Edil şonuň ýaly-da, Igdiriň ady bilen başlanýan bent «Hesen-ili durganymyz» diýensetir bilen soňlanýar. Hywa taryhçysy Munisiň ýazmagyna görä, XVI asyrda esasy ýadrosyny igdirler düzen türkmen taýpa birleşigine Hesen-ili diýlip at berlipdir. Görşümiz ýaly, şahyr däpleýin sýužete çeperçilik nukdaýdan çemeleşende hem taryhy jürlügi unutmandyr. Dana Atadan ozal hem onuň döwründe oguznama sýužetini işlän taryhçylar sýužeti bat alyş nokady hökmünde peýdalanyp, soň öz döwürleriniň anyk taryhy wakalaryna geçipdir. Dana Atanyň poemasynda hem şu däbe eýermek alamatlary duýulýar. Mysal üçin şahyryň «Hywa, Hazaraspnyň güli, // Han aldyda ýörgenimiz» diýen setirleri şahyryň ýaşan döwrüniň anyk wakalarynyň ysyny berýär. Eýsem bu ýerde ol haýsy hany göz öňünde tutýar? Biziň pikirimizçe, ol bu ýerde 1559-1602-nji ýyllarda hökümdarlyk edei Hajymuhammet hany nazara alýar. Munisiň ýazmagyna görä, ol parasatly, köp tejribeli adam bolupdyr. Ol ýakynlary bilen hoşniýetli gatnaşykda bolup, adamlara eserdeň garapdyr, Hajymuhammet han köplençtürkmenlere arka diräpdir. Iňlis syýahatçysy Jenkinsonyň Hajymuhammedi «türkmenleriň hany» diýip häsiýetlendirmegi hem şunuň bilen bagly. Diýmek, Dana Ata Hajymuhdmmet hanyň ýanynda, Hywada, Hazaraspda ýören türkmen ýigitlerini güle deňeýär. Ýa bolmasa şuňa meňzeş ikinji ýagdaý. Sýužetiň gahrymançylykly ruhy, döwrüň pajygaly wakalary Dana Ata ýaly takwa adamy hem «Kastymyza gelse heme, // Ýokdur anda durganymyz» diýmäge çenli mejbur edipdir. Bu setirleriň aňyrsynda hem zamananyň anyk taryhy wakalary ýatýar. Dana Atanyň ýaşan döwründe, XVI asyryň ikinji ýarymynda häzirki – türkmen topragyny özbek, galmyk, gazak feodal han-begleri häli-şindi at aýagynyň tozuna garypdyr. Halk rowaýatlaryna görä şahyryň özi hem galmyk hanlarynyň çozuşlarynyň gurbany bolupdyr. Beýikrus tankytçysy W.G.Belinskiý hakyky şahyryň ýaşaýşynyň onuň eserlerine iň gowy düşündiriş bolýandyny, şol eserleriň onuň ýaşaýşyny hemme zatdan gowy ödeýändigini belleýär. Munuň özi hakykatdan hem şeýle. Şahyryň islendik eserine belli bir derejede onuň şahsyýeti, ruhy-psihologik dünýäsi, durmuş nazarýeti siňýär. Bu ýagdaý Dana Atanyň poemasynda hem görünýär. Öz döwrüniň ogly bolan Dana Atanyň zamanasynyň uly şeýhleriniň biri hasaplanandygyny onuň lakamy hem aýdyp dur. XII asyrdan başlap, görnükli dini ündewçilere, uly sufistik şahyrlara «ata» lakamy berlip ugrapdyr. Türki halklar ilkinji gezek Hoja Ahmede «ata» hormatly lakam beripdirler. Dana Atanyň hem Hoja Ahmediň sufistik ideýalaryna eýeren adam bolandygyna şek ýok. Onuň öz gahrymançylyk mazmunly poemasynda hem Hoja Ahmedi ýatlamagy şunuň bilen bagly. Eýsem türkmenleriň XII asyrdaky Akman hem Garaman toparlanyşyklary, oguzlaryň göçüşleri baradaky gürrüňiň Hoja Ahmediň üstüne atylan töhmet bilen. baglanyşdyrylyp goýberilmeginiň sebäbi nämede? Taryhçy S.Agajanow şeýle bir rowaýaty getirýär. Nähilidir sebäplere görä Syrderýa boýlarynda Türküstanda ýaşan Akman hem Garaman türkmenleri bilen Hoja Ahmediň arasyna tow düşýär. Türkmen adamlary bu keramatly hasap edilýän şahsy il masgarasy etmek maksady bilen, bir adamyň sygryny ogurlap alyp, ony öldürip, sygryň läşini bolsa Hoja Ahmediň medresesiniň jaýynda goýup gidýärler. Özüni sygyr ogrusy edip görkezmäge çalşan Akman hem Garaman türkmenlerinden Hoja Ahmet gaty ynjaýar. Olara gargyş edýär. Şondan soň bu türkmenleriň edeni tersine bolýar. Teýahyry olar Syrderýa boýlaryny terk edip, göçüp gitmäge mejbur bolýar. Dana Atanyň Akman, Garaman türkmenleri, oguzlaryň zordan göçüşi, Hoja Ahmede atylan töhmet baradaky setirleri şu rowaýata direýär. Dana Atanyň bu poemasy diňe çeperçilik taýyndan däl, taryhy jähtden hem juda ähmiýetli. Oguzhan hem oguzlar hakykdaky öňden bar bolan taryhy maglumatlary şahyryň setirleri bilen deňeşdirip, saldarlap görseň, olar ozalky faktlaryň ýene bir öwre tassyklanmagyna, käbir zatlaryň has aýdyňlaşmagyna hemaýat edip biler. Mysal üçin, irki taryhy maglumatlara görä, Oguz han kyrk şäherli döwletini berkarar edipdir. Ol häzirki Yssykkölüň töwereklerinde öz paýtagtyny döredip, şol ýerde hem ilkinji alty ganat türkmen öýüni dikipdir. Dana Ata hem öz poemasynda bu taryhy maglumaty şeýle beýan edýär. Safalyg ak öýün kurdy, Kyrk ogluga orun berdi, Uzun nama anyň erdi, Ýol koýup ötdi hanymyz. Ähli oguznamalarda Oguz hanyň alty sany oglunyň bolandygy aýdylýar. Dana Ata bu ýerde olaryň sanyny kyrka ýetirýär. Eýsem ol bu ýerde faktlary bulaşdyrýarmyka? Ýok, beýle däl. Gadymy türki dilde «ogul» sözi häkimlik titulyny, harby derejäni hem aňladypdyr. Biziň aňlaýşymyza görä, şahyr «ogul» sözüni şu manyda ulanypdyr. Onuň bu setirlerinde beýan edilen ahwalatlary XVIII asyryň görnüklişahyry Şeýdaýy hem kem-käs üýtgedip täzeden gaýtalapdyr. Kyrk şäherden hyraç aldy, Oguz ili äleme doldy, Çoh döwran geldi, sowuldy, Kany anyň däbi, ýoly? Gürrüňi edilýän poemasy şahyryň diňe dini-sufistik ündewlere gümra bolup oturan adam bolmandygyny görkezýär. Dana Ata örän çylşyrymly ruhy dünýäli, köpgyraňly zehin bolupdyr. Onuň «Oguznama» poemasy özüniň her taraplaýyn pikir ýöredip bilýän, çuň çeperçilik taýýarlygy bolan şahyryň galamyndan çykandygyny kemsiz aňladyp dur. Şahyryň galamy oguznama ýaly çylşyrymly sýužetiň öňünde ejizlik etmändir. Poemada şahyryň çeperçilik güýji, edebi ezberligi görünýär. Dana Ata öz eserini haýsydyr bir hana gowy görünjek bolup, hantamaçylykly ýazmandyr. Ol öz «nazymyny» – poemasyny ýönekeý halk köpçüligine niýetläpdir. Täzelikde edebiýatçy Annagurban Aşyrow Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Golýazmalar fondunda şahyryň yşky mazmunly bir şygrynyň saklanylýandygyny anyklady. Diýmek, «Oguznama» poemasy onuň ýeke-täk eseri däl ekeni. Belki, gözlenilse şahyryň başga-da eserleriniň, hatda diwanynyň hem tapylaýmagy bolup biljek zat. Şularyň özi hem XVI-XVII asyrlarda türkmen edebiýatynyň özboluşly bir şahyrynyň ýaşap hem döredip geçendigini görkezýär. 1987 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |