19:48 Dante we Yslam: Magraçdan pygambere duşmançylyk | |
DANTE we YSLAM: MAGRAÇDAN PYGAMBERE DUŞMANÇYLYK
Edebi makalalar
Aligýeri Danteniñ ýazan "Hudawy komediýa" eseriniñ italýan diliniñ kemala gelmeginde iñ esasy edebi nusgalaryñ biri bolandygyna şek-şübhe ýok. Bu eser häzir biziñ ýokary okuw jaýlarymyzyñ edebiýat fakultetleriniñ berýän sapaklarynyñ eljujy Günbatar kanonlarynyñ başyny çekýär. 14.233 setirden ybarat eser Danteniñ bir hepdeläp dowam eden o dünýä syýahatyny beýan edýär. Danteniñ bu syýahatynda meşhur şahyr Wergiliý ýolbeletlik edýär. Bu ýolagçylykda dowzaha, arafa, jennete edilen syýahat barada gürrüñ edilýär. Danteniñ syýahatynda Wergiliý Apostol Bernard, Beatrise ýaly Günbataryñ ruhy dünýäsiniñ görnükli wekilleriniñ bolşy ýaly, yslam dünýäsindenem ilkinji nobatda Hezreti Muhammet pygamberdir (s.a.w) Hezreti Alynyñ (r.a) ýany bilen Ibn Roşt ýaly birnäçe musulman alymyna-da ýer berilýär. Dante ýolagçylygyny şu setirler bilen başlaýar: "Ömür ýolumyzyñ ortasynda Garañky tokaýdan tapdym özümi, Çünki dogry ýol ýitipdi". Katolik popy, professor Miguel Asin Palakiosyñ "Yslam we Dante" (“La Escatología Musulmana en la Divina Comedia”) eserini türk-yslam jemgyýetçiligine tanadan merhum professorymyz Erol Güngür Danteniñ eserinde iki zada ünsi çekýär: "Ilkinji syýahatyñ Hezreti Muhammediñ Magraç hadysasy bilen meñzeşligine... Ikinjisi bolsa Danteniñ yslama we Hezreti Muhammede çakdanaşa duşmançylygyna... • Dante we Hezreti Muhammet (s.a.w) Eseriñ ýazylan ýyllary yslam dünýäsiniñ haçparazlar howpuny köp möçberde başyndan dep eden, syýasy we ylmy ugurda Günbatardan ep-esli öñde bolan ýyllaryna gabat gelmegi Danteniñ duşmançylykly garaýşynyñ sebäplerine dogry düşünmegimize ýardam edýär. Emma professor Miguel Asin Palakiosyñ pikiriñ eseriñ sýužetini başdan-aýak Muhammet pygamberiñ (s.a.w) Magraç gijesinde başdan geçiren wakasyndan alandygyna garamazdan yslam pygamberibe we Hezreti Ala agyr paýyş sözlerini aýtmagy awtoryñ aç-açan ikiýüzliliginden başga zat däldi. Danteniñ dowzahy arzyñ merkesinde, ýagny dünýäde ýerleşen. Ýeriñ astyna indigiçe ony uçurymlar, ot-ýalyn we dar ötükler garşylaýar. Adamyñ günäsi artdygysaýy ýeriñ düýbündäki dokuz gatyñ derejesi aşak inip barýar. Şuña meñzeş formada jennete eden syýahatyndaky wejd ahwaly tutuşlygyna yslamdaky Magraç hadysasyny ýatladýar. "Isra" we "Nejm" sürelerinde agzalýan hadysada hezreti pygamberimize (s.a.w) bir gije düýşünden alynýar we Jebraýyl bilen Beýtulmukaddese äkidilýär. Şol ýerdenem göge galan pygamber bu ýolagçylygyñ mirasy hökmünde musulmanlara namaz ybadatyny getirýär. Şuña meñzeş "syýahata" çykan Dante pygamberimizden tapawutlylykda dowzah bilen arafa-da zyýarat edýär. Mustafa Tolaý "Danteden täsirlenmeler" makalasynda awtoryñ araplardan alan täsirini şeýle sözler bilen beýan edýär: "Günbatarda "Yşkyñ wepaly nökerleri" ("Fedeli d’Amore”) sektasy Gündogar bilen diñe söwda taýdan däl, intellektual taýdanam alyş-çalyşlaryñ dowam eden we yslam pelsepesiniñ esasy nusgalarynyñ latyn diline yzly-yzyna terjime edilen basybalyjy Orta asyr Ýewropasynyñ şol döwür giñden öwrenilen Ibnül Arabynyñ pikirlerinden täsirlenenleriñ düzýän sektasydy. Bilşimiz ýaly, aýal-erkek gatnaşygyndan has başga we has uly zada yşarat edýän söýgi sektantlaryñ buthananyñ gazabyndan halas bolmak üçin emele getiren parolly diliniñ bir bölegidi. Nyzam atly aýala söýgüsini bildirýän ýaly bolup görünen, emma aslyndq Hudaý bilen bitewileşmekden söz açýan Ibnül Araby ýaly Dante hem pikirini beýan etmek üçin Beatrise obrazyndan peýdalanypdyr. Dowzah Danteniñ "Hudawy komediýasynda" edil Gurhandaky ýaly suratlandyrylýar. Size geñ görnüp biler, emma ataş sowrup duran ot-ýalynlar, katran gazanlary, gyralary mazarly ot-ýalyn ummanlary, güñ edip taşlaýan gök gümmürdiler yslamdan öñki döwrün dowzah suratlandyrmalarynda ýok. Üstesine Gurhanda-da, "Hudawy komediýada" hem dowzahyñ gurluşy birmeñzeş: spiral görnüşindäki öwrümler, ýokardan aşaklygyna inilende üýtgeýän gatlar, her aýry günäniñ aýry gatda jezalandyrylmagy... Ýeke tapawut soñsuz suwsuzlyk jezasynyñ Gurhanda serhoşlara, "Hudawy komediýada" bolsa gallaplara berilýändigi. Edil şolar ýaly "Hudawy komediýada" jennet-de hristian çeşmelerinden has tapawutlanýan we ilkinji gezek Gurhanda suratlandyrylan stilde beýan edilýär. Iki aýry syýahatyñ marşrutlary-da birmeñzeş. Hudaýa ýakynlaşdygyça iki aýry syýahatçynyñ gözleri gamaşrar. Kör bolandyrys öýdüp, llerini gözlerine tutýarlar... Ýolgörkezijiler Jebraýyl we Beatrise her menzilde olar üçin Hudaýa doga-dileg edýärler. Gurhanda Jebraýyl ahyrsoñunda ýolgörkezijilikden çekilýär, Muhammet pygamber (s.a.w) nur topbagy arkaly Allanyñ huzuryna ýakynlaşýar. "Hudawy komediýada" bolsa Beatrise ýerini Apostol Bernarda berýär we Dante Hudaýa gowuşýar". Göz-görtele Ibnül Arabynyñ täsirindedigi görnüp duran Dante Hezreti Muhammet pygamberi (s.a.w) ilki bilen dowzahda goýup işe girişýär. Poemasyndaky pygamberimize ilkinji dil ýetirmelere şeýle başlaýar: "Hawa, o biçäre meni gördi soñunda (Pygamberimizi göz öñüne tutýar). Aralady eli bilen gana batan göwsüni. Diýdi: "Bir bak, niçik halda - bu ýüz, bu keşp... Ýakynda ýa uzakdakylara üns beriñ Adamlaryñ arasynda agzalalyk, bölünişik döredendikleri üçin Ýekän-ýekän gylyçdan geçirilýärler". Palakiosyñ pikiriçe eser başdan-aýak yslamdan göçürilip ýazylypdy. Dante musulmanlara degişli islendik zady oljalap almak bilen Magrajy ogurlamaga-da çekinmeýärdi. Danteniñ dowzahylar hökmünde suratlandyran adamlary Hezreti Muhammet pygamberimiz (s.a.w) we Hezreti Aly bilenem çäklenmeýärdi. (Danteniñ paýyş sözlerine detalma-detal salgylanmagy makalamyza muwapyk görmeýändigimiz üçin esere mundan artyk salgylanasymyz hem gelenok, emma giñişleýin öwrenmek isleýänler poemanyñ "Dowzah" bölümini Palakiosyñ makalasynyñ nukdaýnazarynda okamagyñyz ýeterlik bolar). Dante Ibn Roşt bilen Ibn Sinany-da dowzaha düşen adamlaryñ arasynda suratlandyrypdyr. Eseriñ ýene bir belläp geçmeli aýratynlygy "Templiýer rysarlaryny" mukaddesleşdirýänligi. Musulmanlara garşy zorluk-zulumy we gandöküşikli gyrgynçylyklary bilen tanalan bu ganojak rysarlar ahlagyñ we ýagşylygyñ merkezinde suratlandyrylypdyr: "Rysarlary halka görnüşinde üýşüp, ellerine alan gylyçlarynyñ ujuny birleşdirip dileg edýärler: Şeýdip biziñ hemmämiz pikir-añymyzy we güýç-kuwwatymyzy bir maksada jemledik. Hudaýyñ şanyna, akyl-paýhasymyzy adamzadyñ aýdyñlanmagyna, ellerimizi horluk-kösenç görenlere ýardam etmäge uzadýarys". Italýan diline milli aýratynlyk, katolik dünýäsine täze garaýyş goşan Danteniñ "Hudawy komediýasy" jedelsiz naýbaşy eser bolmagynda galýar. Emma onuñ şahyrana setirlerindäki yslam duşmançylygy bolsa, poemany okanyñda akyl-huşumyzy, gözümizi, gulagymyzy dyrtmalaýan ullakan kemçilik bolup öñümizden çykýar. Günbatar dünýäsiniñ akyldarlarynyñ türklere we yslam dinine bolan garaýşy aşa ötegeçmeler we bärden gaýtmalar bilen doly. Ogýust Kont, Lew Tolstoý, Le Martin ýaly şahsyýetler haýran galyjylyk we uly hormat bilen çemeleşen bolsa, Dostoýewskiý we Dante ýaly şahsyýetler absolýut duşmançylyk we ýigrenç bilen hüjüm edipdir. Elbetde, Migel de Serwantes ýaly ilkibaşda çäksiz duşmançylyk besläp, hatda bu ugurda ýörişlere gatnaşan adamlaryñ garaýyşlaryndaky üýtgeşmesini deñeşdirmek boýunça biziñ dykgatymyza has güýçli detallary hödürleýär. Üstesine Serwantesiñ pikirleriniñ uruş ýesirligindekä üýtgemegi bärde juda kän-kän zatlar barada oýlanmalydygyna yşarat edýär. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Sişenbe, 20.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |