22:15 Darkaşly ýyllaryñ "wawwasyny" ýatlap... | |
DARKAŞLY ÝYLLARYŇ “WAWWASYNY” ÝATLAP...
Ýatlamalar
1991-nji ýylda Türkmen radiosynda işleýärkäm, bir gezek ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedow jaň edipdi hemem «Türkmensiň» atly aýdymynyň radionyň fondunda saklanyp galanlygyny ýa-da galmanlygyny bilmegi haýyş etdi. Men sazly gepleşikler redaksiýasynyň baş redaktorynyň orunbasary Ýusup Berdiýewden bu hakda sorasam, ol bu aýdymyň fondda ýoklugyny aýtdy. Aýdymy bagyrly bagşy Orazgulyýewmi ýa-da Orazgulymy aýdýar eken. Ol bagşynyň aýdan başga aýdymlaryny diňläp görüpdim. 80-nji ýyllaryň ahyryndaky üýtgedip gurmak diýilýän döwre çenli sesini çykarman gelen şahyr, wagty gelendir-dä, diýip aýdymyň ugruna çykdygy eken. Men oňa derek bagşy Döwletgeldi Ökdürowyň aýdymlarynyň kasetasyny berdim. Ýaşulynyň özi gelip alyp gitdi. Şonda ol 10 gün radiokomitetiň başlygy bolup işländigini hem aýdypdy. Bu 1949-njy ýylda bolmaly. Golaýda «Garagum» žurnalynyň 1-nji sanynda (2015-nji ýylyň) Gurbandurdy aganyň gözläp ýören aýdymynyň sözlerini çap edipdirler. Aýdymyň sazyny Pürli Saryýew ýazan eken. Goşgy üçin Gurbandurdy aga ellinji ýyllaryň başlarynda gaty yzarlanypdyr. Ýazyjy şo wagta çenli gorkuly gezen bolmaly. Gözüniň ody alnypdyr. Ýaňky goşgyny men şu ýerde ulansam diýýän. Goşguda çekelär ýaly hiç zat ýok. Her döwür, bir döwür-dä! TÜRKMENSIŇ Sazy Pürli Saryýewiňki. Sözleri Gurbandurdy Gurbansähedowyňky. Taryhyň bar, halkym, taryh eýläýin, Sary ýaýyň kirşin çeken türkmensiň. Hakyň bar, haklysyň, adyň toýlaýyn, Gyrat bilen jülge söken türkmensiň. Her ýigidiň taýdyr ýüz müň duşmana, Il haky üçin olar dözýärler jana. Her kes gadam goýsa bu hanymana, At üstünde başyn kakan türkmensiň. Seňkidir ol mertler – Ýusup, Görogly, Göroglyň taýy bar müň murty towly, Hak işdir maksadyň, hakyňky şowly, Hak göreşde mydam ýykan türkmensiň. Söweşde ýeňmeklik saňa adatdyr, Duşmana baş egmek, taryhy ýatdyr, Dabaraňa köşgüm müň top atanda, Şöhrat tugun her ýan diken türkmensiň. Owazyň seň gelýär gat-gat uzakdan, Söweş bilen sen gutuldyň duzakdan, Doganyň bar özbek, rus, gazakdan, Gül bakjaňa ýeňiş eken türkmensiň. («Garagum» žurnaly, № 1, 2015, çapa taýýarlan Çaryýar Jumaýew). Çaryýaryň aýdyşyna görä, goşgy 1944-nji ýylyň noýabrynda ýazylypdyr. Şahyryň «Soldat gaýdyp geldi» atly kitabynda ýerleşdirilen şo goşgynyň aşagynda ýaňky sene ýazylypdyr. Çaryýar aydymyň notasyny tapypdyr. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Mylly Täçmyradowyň adyny göterýän döwlet filarmoniýasy ýapylanda gerek däl zat hökmünde howluda hapa dökülýän ýere zyňylan «üýşmek kagyzdyr notalaryň içinden tapdym» diýip, Pürli Saryýewiň ýakyn garyndaşy, saz ugrundan işlän Ata Gutlymyradow ýüzüne gara krest çekilen notany oňa beripdir. Arada görşenimizde Çaryýar notanyň bir ekzemplýaryny maňa sowgat etjekdigini hem aýtdy. Golaýda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynda “Sowet Türkmenistany” gazetiniň 1952-nji ýylyň 9-njy oktýabrda çykan sanyny gözden geçirip otyrkam, Gurbandurdy Gurbansähedowyň “Meniň ideýa taýdan zyýanly “Türkmensiň“ atly goşgym hakynda” atly ýazgysyna gabat geldim. Şol ýazgynyň çap edilenine şu ýyl göni 70 ýyl dolupdyr. Bir är ömri! Indi şol wakalara gatnaşan adamlaram, öz hak işi üçin ruhy jebir çekdirilen, günäsi ýok ýerin sütem edilip, “men syýasy taýdan ýalňyşdym” diýdirilen ussat ýazyjymyz hem aramyzda ýok. Niçe ýylyň geçendigine garamazdan, men şol ýazgyny okyjylaryň dykgatyna hödürlemegi makul bildim. Muny men darkaşly döwürde göwünlerine nähak degilen - “Türkmensiň” goşgusyny ýazan şahyr Gurbandurdy Gurbansähedowyň, şol goşga saz döreden ussat sazanda Pürli Saryýewiň hemem aýdymy aýdan zehinli bagşy Orazgulyýewiň ynjan ruhlarynyň öňünde baş egmek bilen ýerine ýetirýärin. “MENIŇ IDEÝA TAÝDAN ZYÝANLY “TÜRKMENSIŇ” DIÝEN GOŞGYM HAKYNDA Her bir sowet ýazyjysy hem-de türkmen sowet edebiýatynyň mundan beýläk-de ösmegi üçin aýratyn ähmiýeti bolan meseleler boýunça TK(b)P Mk-nyň sekretary ýoldaş O.Şyhmyradowyň “Türkmen halkyna ýat bolan “Gorkut Ata” eposy hakynda” we ýoldaş A.Annanurowyň “Ideologiýataýdan edebi eserler” diýen makalalary “Turkmenskaýa iskra” we “Sowet Türkmenistany” gazetlerinde çap edildi. Şu makalalar ýazyjylar bolan biziň özümiziň eserlerimizň ýokary, bolşewistik we çeperçiligi ugrunda heniz örän ýeterliksiz göreşýändigimizi, ideologiýa meseleleri barasynda BK(b)P Mk-nyň taryhy kararlaryny ýerine ýetirmek boýunça ünsi we işi gowşadandygymyzy biziň türkmen edebiýatymyzdaky ideologiýa ýoýuşlaryň anyk faktlarynda görkezdiler. Hut şunuň netijesinde hem meniň ideýa taýdan zyýanly “Türkmensiň” diýen goşgym şu wagta çenli gaýtalanyp neşir we biziň bagşylarymyz tarapyndan aüdym edilip aýdylyp gelindi. Ýoldaş Annanurowyň ýokarda aýdylan makalasynda şu goşgynyň burjuaz –milletçilik mazmuny görkezilip geçilipdi. Hemmeden ozal, meniň syýasy hüşgärligimiň we ýitigözlüligimiň gowşanlygy, her bir sowet ýazyjysyna mahsus bolan öz-özüňi tankytlamagyň we öz döredijiligiňe talap edijilik bilen garamagyň mende bolmanlygy zerarly, meniň döreden we şu wagta çenli ýaýrap gelen “Türkmensiň” diýen goşgym barada has jikme-jik durup geçmegi we onuň örän zyýanlydygy ny ahyryna çenli görkezmegi sowet ýazyjysy hökmünde özümiň borjum diýip bilýärin. Şu goşguda meniň häzirki Sowet Türkmenistanyny görkezip bilmändigim we öz halkymyň taryhyny galplaşdyrandygym indi meniň üçin bütinleý aýdyň boldy. Hakykatdan-da, meniň “Türkmensiň” diýen goşgym nähili türkmeni we türkmen halkynyň taryhyndan haýsy döwürleri görkezýär? Sowet okyjysy şu goşgudan şu günki türkmeniň -- sowet adamsynyň , sowet esgeriniň , parahatlyk ugrundaky göreşijiniň , kommunizm gurujynyň keşbini sähelçe-de bolsa tapyp biljekmi? Galyberse-de, ol şu goşgyny okap, öz halkynyň geçmişi hakynda sähelçe -de bolsa tapyp biljekmi? Galyberse-de, şu goşgyny okap, öz halkynyň geçmişi hakynda, kapitalistleriň, pomeşikleriň, feodallaryň we baýlaryň zulmy astynda ýaşan zähmetkeşleriň çydap bolmajak durmuş ýagdaýlary hakynda, Eýran, Hywa, Buhara şalarynyň, hanlarynyň we emirleriniň asyrlar boýy dowam edip gelen zulmuna garşy öz halkynyň azatlygy ugrunda gahrymanlarça göreşen iň gowy ogullary hakynda hatda umumy görnüşde bolsa-da, özünde dogry düşünje döredip bilermi? Ýok. Bu goşguda häzirki Sowet Türkmenistanyny we onuň halkyny suratlandyrýan ýekeje setir hem ýok, biziň kolhoz meýdanlarymyzda, sosialistik kärhanalarymyzda, mekdeplerimizde we laboratoriýalarymyzda alnyp barylýan joşgunly işler, kommunizm gurmak boýunça edilýän gündelik gahrymançylykly işler barada bir agyz söz hem aýdylmaýaru goşgynyň ýazylan wagtynda (1944-nji ýylyň noýabr aýy) ruslar, ukrainler, gruzinler we doganlyk sowet halklarynyň beýleki ogullary bilen birlikde egin-egne berip, ganym duşmany Sowet Ykrainasynyň we Sowet Belorussiýasynyň çäklerinden -- biziň beýik sowet Watanymyzyň çäklerinden hemişelik kowup çykarmak üçin söweşen sowet uruşyjysy bolan türkmen hakynda-da bu goşguda ýekeje hem hakykat sözi ýok. Biziň bütin sowet halkymyzyň, şol sanda türkmen halkynyň hem taryhynda şu beýik sahypasy hakynda meniň goşgym bütinleý ýoýulan düşünjäni berýär. Bu goşguda hatda haýsy beýik söweş we nähili ýeňişler hakynda gürrüň edilýänligi-de gös-göni aýdylmaýar. Halklaryň bozulmaz stalinçilik dostlugyny, Beýik Watançylyk urşunda has hem pugtalanan, Sowet Soýuzynyň sarsmaz esaslarynyň biri bolan we Sowet Türkmenistanynyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň girewi bolan dostlugy görkezmegiň deregine, bu goşgy türkmen halkynybeýleki doganlyk halklardan emeli ýol bilen üzňe düşürýär, iň batyr , iň güýçli edip görkezýär, oňa nähili-de bolsa bir aýratyn sypatlary ýöňkeýär. Edil şonuň ýaly-da türkmen halkynyň taryhy hem bu goşguda burjuaz-milletçilik ruhunda ýoýulypdyr. Güýçli duşmanlaryň -- arap , mongol, eýran basybalyjylarynyň dyngysyz çozuşlaryna sezewar bolup gelen türkmen halkynyň bendilik ýaşaýşy hakynda, tükeniksiz uruşlar we tozgunçylyklar hakynda bu goşguda hiç zat aýdylmaýar, türkmen halky şol belalardan diňe Beýik Oktýabr rewolýusiýasy netijesinde dynyp bildi. Diňe Beýik Oktýabr rewolýusiýasy türkmen halkyny ezilmekden we tozmakdan hemişelik halas etdi we onuň üçin bagtly, döredijilikli durmuşa giň ýol açdy. Diňe sowet halklarynyň agzybir maşgalasynda türkmen halky özüniň ykdysadyýetini, milli formaly, sosialistik mazmunly medeniýetini üstünlikli ösdürip bildi. Diňe parasatly Lenin-Stalin milli syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagy netijesinde türkmen halky ýurdumyzyň ähli halklary bilen birlikde kommunşistik jemgyýeti üstünlikli gurýar,,, ... Meniň hut syýasy körlügim we öz döredijiligime tankydy göz bilen garamanlygym bu goşgynyň şeýle ýazylmagyna we onuň zyýanly mazmunyny şu wagta çenli meniň görmänligime sebäp boldy diýip, men ýokarda aýdypdym. Häzir özümiň hemme goşgularymy, aýratyn-da şol döwürde ýazylan goşgularymy ýada salmak bilen, ruhy boýunça “Türkmensiň” diýen goşgudan tapawudy az bolan başga-da käbir eserleri öz döredijiligimde görýärin. Mysal üçin, 1945-nji ýylyň aprelinde ýazylan “Watan” diýen goşgymy alyp göreliň. Biziň Sowet Watanymyzy häsiýetlendirýän ýeke sözi-de şu goşgudan tapmak bolmaýar. Bu goşgy bütinleý köne türkmen edebiýatynyň bir galypdan çykan ýaly manysyz we durmuşdan üzňe alamatlar bilen suratlandyrylýan obrazlaryndan ybaratdyr. Sensiň gözlerimiň guwanjy, Watan, Sensiň ýüregimiň daýanjy, Watan! Sensiň ýüregime gan beren heman, Bagt gözbaşyny eýle sen aýan. Sensiň, Watan, meniň dinim-imanym, Jöwzada – saýawan, aňzakda – donum. Sensiň goldan meni ýegşende ýanym, Meň köňül köşgümde taýsyz soltanym... Bu ýerde haýsy Watan hakynda gürrüň barýar? Şu hili sözleriň biziň Sowet Watanymyza dahylynyň ýokdugy düşnüklidir. Şu hili setirler we köne obrazlar, meňzetmeler men islesem-de, islemesem-de geçmişe ýüzlenýärler, watan hakynda burjuaz-milletçilik düşünjesine eltýär. Edil şunuň ýaly, 1943-nji ýylda ýazylan “Bolmasa” diýen goşgymda hem sowet çoldatyna mahsus bolan sypaty, janly sowet adamsyny görkezmegiň deregine, men geçmişiň obrazlaryna we gahrymanlaryna ýüzlenipdirin. Şeýle obrazlar we gahrymanlarsowet soldatyny, biziň gahrymanlarymyzyň esasy çeşmesibolan sowet watançylygyny, elbetde, düýbünden suratlandyrmaýarlar, gaýtam, yza tartýarlar. Bu makalada şu mysallar bilen çäklenip, men munuň özüni uly we aýratyn ähmiýetli işiň, özümiň bütin döredijiligimi, öz ýazan zatlarymyň hemmesini täzeden çuň baglamagyň başlangyjy diýip hasap edýärin. Şu hili öz-özüňi tankydy suratda barlamaklyk meniň öz döredijiligimdäki kemçilikleri tiz ýok etmegime, şu zeýilli gödek syýasy ýalňyşlyklaryň goýberilmeginesebäp bolan syýasy körlükden hemişelik halas bolmagyma kömek eder. Meniň öz ýalňyşlaryma ahyryna çenli düşünmegime we olaryň syýasy taýdan çuň manysyna göz ýetirmegime kömek eden bolşewistik metbugatyň -- “Prawdanyň” we biziň respublikan gazetlerimiziň çykyşlaryny hem-de TK(b)P Mk-nyň gös-göni görkezmelerini we Ýazyjylar çoýuzynyň partiýa guramasynyňýygnagynyň tankytlaryny men örän uly minnetdarlyk bilen hemişe ýatda saklaryn. Gurbandurdy Gurbansähedow. “Sowet Türkmenistany” gazeti, 1951-nji ýylyň 9-njy oktýabry.” Elbetde, bu ýazgydan soň gep nokatlamagyň hajaty ýok. Hemme zat düşnükli. “Wagt hemme zady ýerli-ýerinde goýýar” diýen gep bar. Bu örän jaýdar aýdylan söz. Biziň beren ýürek awudyjy bu gürrüňimiz hem bu pähimiň bir mysaly! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |