16:15 Daş asyrynyñ adamlary | |
DAŞ ASYRYNYÑ ADAMLARY
Publisistika
Ysraýyldan Dagystana barýan uçaryñ ýolagçylarynyñ arasynda "jöhit awy" başlandy. Tekbir getiren müñlerçe adam howa menzilini dyr-pytrak etdi, adamlary ýaralady Dünýäniñ arabasy jygyldap başlady. Birnäçe ýerde uruş gidip dur, olar gutarmanka täzeleri başlaýar. Uly döwletler "eserdeñ syýasat" ýöredip, turýan uruşlara garşy pozisiýasyny berkitmäge synanyşýarlar. Emma... bu iş olar ýalam añsat däl. Dünýäniñ arabasy bir jygyldap başlansoñ, onuñ nurbatyny näçe towlasañam bolanok, garaşmadyk ýeriñden başga nurbatlary ses ediberýär. Amaaa… Palestina-Ysraýyl çaknyşyklatyndan utuk gazanmaga başlan Russiýa bir pursatda garaşmadyk ýerinden betbagtçylygyñ erñegine diredi duruberdi. Demirgazyk Kawkaz partlamanyñ bäri ýanyndan gaýtdy. Häzirlikçe... Palestina goldaw bermek, has dogrusy Ysraýyly protest etmek üçin başlan käbir wakalar bela-beteriñ çygryny aşdy. Russiýa Federasiýasynyñ düzümindäki Garaçaý-Çerkez, Kabardino-Balkar, Inguşetiýa awtonom respublikalary aýaga galdy. Emma iñ uly "hereket" Dagystan respublikasynda çykdy. • Dagystanda "jöhit awy" Ysraýyldan Dagystanyñ paýtagty Mahaçgala barýan uçarda "jöhit gözlegi" (we elbetde tapsalar "jezalandyrma") maksady bilen az salymda üýşen müñlerçe kişi tekbir getirip, köpçüligi duw-dagyn etdi. Howa menzili harap boldy, adamlar ýaralandy, polisiýanyñ gulluk awtoulaglaryna hüjüm edildi. Howa menziline gonan uçar gorkusyna birnäçe sagatlap gapysyny açyp bilmedi. Açan badyna-da kimdigi näbelli adamlaryñ topbagy "sen jöhitmi?" diýip (käbiri-hä diýenogam) käbir adamlary urup-ýenjip başlady. Birnäçe wideony gördüm. Gäbi azyp halys gözi gapylan adamlar uçaryñ dwigateliniñ arasyndanam jöhit gözleýär. Bugdaýreñk birini tapybam it ýaly ýenjýärler. Bir ýaş ýigitden soraýarlar: - Sen ýewreými? - Ýok, men özbegistanly. - Subut et onda! - Ur, ur, Allahu ekber! Munuñ iñ howpurgadyjy ýerem ilaty üç milliondan sähel geçýän Dagystanda etniki azlyklardan dagly jöhitleriñem ýaşaýandygy... Sözde yslamyñ we Palestinanyñ adyndan "jöhit awuny" başlan bu howply topbak nireden peýda boldy? Bular ýaly gysga wagtda nädip beýle terakty amala aşyryp bildi. Dagystan hökümeti howpsuzlyk gulluklary we içeri işler edaralary muny nädip görüp bilmedi? Şu we şuña meñzeş sowallara Russiýanyñ berjek resmi jogaby eýýäm taýýar: "Wakalarda daşarky güýçler (iñ esasy-da Günbatar) rol oýnady". "Prowokasiýany ukrain faşistleri gurady". • "Günäñizi ýuwmak üçin gidiñ, urşuñ" Dagystan respublikasynyñ baştutany Sergeý Melikow agzyny köpürjikledip gygyrýar: - Mahluklar! Utanañzokmy bular ýaly zatlary etmäge? Gorkaklar! Bigaýratlar! Haýwandan tapawudy ýok adamlar! Bular ýaly masgaraçylygy edip bildiñiz dälmi, günäñizi ýuwmak üçin gidiñ-de, Ukrainadaky harby operasiýa goşulyp, söweşiñ! Täsin gerek? Ylaýta-da iñ soñky "teklip"... Elbetde, Melikowyñ bu wakadan soñ kürsüsinden jyda düşmek howpy bar. Eýse Moskwa näme diýýär? Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putinem şeýle gaharlymy? Ýok, rus lideriniñ agzyndan hiç hili gaharly söz çykmady. Gaýtam, düýpden alýana meñzeýär. Ol Melikowyñ aýdýanlarynyñ ondan birinem aýdanok. Elbetde, "Günbataryñ eli" temasy aýry gürrüñ... Kreml Demirgazyk Kawkazyñ bulaşmagyndan gorkman duranok. Hem bu esasly gorky. Dagystanda mundan öñem gapma-garşylyklar çykypdy. Mundan soñ hasam beterleri bolup biler. Beýleki goñşy respublikalaram we raýonlaram ot halkasynyñ içinde. Rus hökümeti musulman ilatyñ bar ýerlerinde juda seresaply bolmaga mejbur. Russiýa Federasiýasynda takmynan 14-15 million musulmanyñ ýaşaýandygy aýdylýar (ýagny ilatyñ ondan biri). Käbir yslam çeşmelerine ynansañ-a 20 milliona ýetipdir... Tatarystan we Başgyrdystan heniz asuda ýaly. Emma Demirgazyk Kawkaz galagoply... (Diñe Çeçenistan mümkingadar imisala görünýär. Ol ýeriñ ketdesi Ramzan Kadyrow kesgitli gürledi: "Kim goh turuzmaga synanyşsa, üç gezek asmana atyñ, dördünjisinem galmagalçynyñ ýazzy mañlaýyna. Göreli bakaly, kim het edip bilýär!" • Internasionalizm erbet däldi, emma ömri uzak bolmady Palestina bilen Ysraýylyñ arasyndaky ganly wakalar başlan wagty Russiýanyñ paýtagtyndan sowukganly we iki tarapa-da deñ beýanatlar berilipdi. Gandöküşligiñ we dartgynlylygyñ güýjemegi bilen birlikde Kreml görnetin Palestinany goldamaga we Ysraýyldyr Günbatara barha berk heñde garşy çykmaga başlady. Emma mesele diñe "daşary syýasatda amatly pozisiýany" tapmakdan ybarat däle meñzeýär... Dünýäniñ birnäçe ýurdy, şol sanda Ýewropa hem has köp protest çykyşlary we terrorçylykly aktlar bilen ýüzbe-ýüz bolmaly bolar. Çünki ol ýerlerde ýaşaýan musulman azlyklaram biynjalyk halda. Russiýanyñ içinde-de birdenkä şeýle howply dartgynlylyk döräberdi. Mahaçgaladaky hülgentçilikleriñ gijigibrägem bolsa öñüni aldylar, emma öñüni alyp bilmedik bolsalar yzy gandöküşlige ýazyp bilerdi. Russiýa betbagtçylygyñ bir gyrasyndan gaýtdy diýenimde, şuny göz öñüne tutup aýdýaryn. Wakalar bilen baglanyşykly habarlary okadygymça we täze orta çykan wideolary gördügimçe gynanýaryn. Bu ýurt ýüzlerçe etniki topardan, birnäçe dine we mezhebe uýýan raýatlardan doly. Deñagramlylyk saklanylmasa, ildirgiji ýazylan bomba öwrülip biljegini hiç haçanam ýatdan çykaranoklar. Sowet Soýuzynda resmi ideologiýanyñ aýrylmaz bölegi internasionalizmdi. "Hemme halklar dogandyr" şygary-da şuny aýdýardy. Käte bular ýaly çemeleşmelerem ýeterlik bolman, goh-galmagal, dawa-jenjel, çaknyşyk, hatda uruş dagy-da bolubererdi. Mysal üçin, Azerbaýjan bilen Ermenistan Sowet respublikalarynyñ arasyndaky uruş heniz SSSR dargamazdan üç ýyl öñ başlapdy. Şonça ýyldan soñ indi uruşlaryñ döremegine iñ köp sebäpçilik berýän, has dogrusy bahana edilýän milletçilik we din diskriminasiýalary hasam howply ýagdaýa öwrüldi. Ylym we tehnologiýa haýrana goýujy hemleler bilen bizi adatdan daşary täze we zamanabap sepgitlere ýetirýänem bolsa, içimizdäki hamlyk, tötänleýin eýe bolan döwlet we dini aýratynlyklarymyz sanlyja ädimde adam öldürme meýlini möçükdirjek ýagdaýa öwrülip bilýär. Şonuñ üçinem biziñ daş asyrynyñ adamlaryndan parhymyz ýok bolsa gerek. Hakan AKSAÝ. "T24" internet gazeti, 02.11 2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |