16:19 Daşary ýurtda rus bolmak | |
DAŞARY ÝURTDA RUS BOLMAK
Publisistika
Saryýagyz, gök gözli, ak tenli adamlaryñ etniki gelip çykyşy we dahylly medeniýet sebäpli dünýä jemgyýetçiliginden çetleşdiriljekdigi, "hatybizar" ediljekdigi müñ ýyllap pikir etsem, aklyma-oýuma geljek zat däldi. Häzirki wagtda dünýäde, aýratynam Ýewropada rus bolmak - edil günä bolmasa-da, uly aýyba öwrülen ýagdaýda. Ukrain şäherlerini haraba öwren rus bombalary, howsalaly halda çar ýana ylgaşýan raýatlar, aglaýan bäbejiklerini diñdirmäge çytraşýan biçäre, gözi ýaşly eneleriñ ýüz-gözlerindäki çuññur gaýgy-hasrat Orsyýete bolan ýigrenji güýçlendirýär. Putine sesini eşitdirip bilmeýän we oña güýji ýetmeýän ýönekeý raýatlar içinde möwjeýän gahar-gazaplaryny, hyltlaryny öñlerinden duş gelýän ruslardan çykarjak bolýar. Ýewropa köçelerinde rus dilinde gepleýän adamlar dürli zorlukly hereketlere we hapa-paýyş sözlere uçraýar. Putini we onuñ başlan okkupasiýasyny görnetin ýazgarmaýan ruslar işden kowulýar, çetleşdirilýär, kafe-barlara, restoranlara, dükanlara salynmaýar. Şol sebäpli Ýewropadaky ruslar milletini bildirmezlik üçin köçede öz dilinde gürlänok, dükanlaryñ we iş ýerleriñ rusça atlary çalşylýar, ünsi çekmezlik üçin bildiriş tagtalaryndan "rus" sözi çykarylýar. Berlinde rus dilinde ýaýlyma berilýän bir radiostansiýasy adyny üýtgetdi, meniñ ýaşap gaýdan raýonymda-da "Russisches Maerchen" ("Rus ertekisi") adyny göterýän rus marketi ýazgydaky "Russisches" sözüni aýyrdy. Germaniýadaky köp sanly rus maşgalasy orta mekdeplerde we liseýlerde okaýan çagalarynyñ söz atmalara hem-de yrsaramalara uçraýandyklary üçin okuwa gitmäge gorkup başlandyklaryndan zeýrenýär. Ýewropanyñ birnäçe ýurdunda rus ilçihanalarynyñ öñi ukrain baýdaklaryndan we bu ýurdy goldaýan jümleleriñ ýazylan bannerlerinden doldy. Berlin, Stokgolm, Pariž ýaly şäherlerde birnäçe meýdana ýa-da köçä Zelenskiniñ adyny sakmagyñ jedeli gidýär we teklip berilýär. Ukraina bolan goldaw näçe giñ gerimli boldugyça, Russiýa bolan gahar-gazapdyr ýigrenjem şolar ýaly artýar. Başgaça aýdanda, ýewropa jemgyýetçiliginde Putindir Russiýa bolan ýigrenç bilen Ukrainadyr Zelenskä bolan söýgi duýgusy biri-biri bilen ýaryşýar. Ýewropalylaryñ ýönekeý rus raýatlaryna bolan gahar-gazabu Russiýada halk köpçüliginiñ Putiniñ okkupasiýasyny aç-açan (ýa-da sesini çykarman) goldamagyndan gelip çykýar. Moskwa ýaly dürli rus şäherlerinde köçelere, meýdanlara çykyp, urşa garşy cykan az sanly mert adamlaryñ tersine, ruslaryñ köpüsi, gynansakda (iñ bolmanda şumada çenli), Putine bolan goldawyny dowam etdirýär. Russiýada urşa garşy bolan kiçijik toparlar şu günki günlerde köpçülik bolup ýurtdan çykýarlar. Ýewropa we ABŞ ruslara wiza bermeýändigi hem-de, ähli aragatnaşyk kanallary ýapyk bolandygy üçin ruslaryñ köp barýan iki ýurdy BAE we Türkiýe. Moskwadaky "Домодедово" howa menzilindäki ýurtdan çykyp gitmek üçin gelen rus raýatlary / Fotosurat AFP Şol sebäpli fewral aýynyñ soñunda we mart aýynyñ başynda bahasy 360 dollar bolan Moskwa-Dubaý petekleri 1800 dollara, Moskwa-Stambul petekleri-de öñki bahasynyñ bäş essesine çykdy. Bilnişi ýaly, Stambulda we Antaliýada ep-esli rus kowçumy bar, uruşdan we ykdysady sanksiýadan gaçýan ruslaryñ galapyny şu iki şäherdäki garyndaş-doganlarynyñ, dost-ýarlarynyñ ýanyna barýar. Russiýadan Türkiýä gelen Aleksandr Medwedew we maşgalasy / Fotosurat: Courtesy Image Maddy ýagdaýy gowy däl rus maşgalalarynyñ barýan ýeri bolsa Gyrgyzystan, Özbegistan ýalh Orta Aziýa respublikalary Orta Aziýa paýtagtlarynda ýaşaýan ruslar öñem bar we Moskwadan gaçýan pes düşewüntli ruslar şol ýerlerdäki babadaşlarynyñ ýanyna gidýär. Orta Aziýada, Türkiýede, Dubaýda ruslara garşy Günbatardaky ýaly berk garşylyk bolmasa-da, birmahalky ýaly güler ýüz bilen garşylamajaklary-ha belli. Gynansak-da, Türkiýedäki käbir gatlaklar ýaly ruslaryñ aglabasy edil häzir Ukrainada bolup geçýänleri ABŞ-dyr NATO-nyñ oýnan oýnudygyna, Günbataryñ Ukrainany Russiýa garşy küşgürendigine ynanýar. Eger bu dogry bolsady, Günbatar Krymyñ we Donbasyñ basylyp alynan wagtyndan bäri sekiz ýylyñ dowamynda Ukrainany bolup biläýjek rus çozuşyna garşy mazaly taýynlardy we okkupasiýany başa barmaz ýaly ederdi. Meselem, NATO-dyr ABŞ Ukrainany dronlar bilen, Ysraýylyñ gökkümmedi ýaly howa-goranyş sistemasy bilen üpjün ederdi we Kiýewe rus raketalaryna garşy durup biljek raketalary beribilerdi. A Günbatar welin, Russiýany garysyna galdyrmajak we çetine degmejek bularyñ hiç birini etmedi. Şu günki günem ABŞ-dyr NATO ukrain şäherleri rus bombalarynyñ astynda urunýarka ykdysasy sanksiýadan başga Putini duruzyp biljek hiç zat edenok. Berilýän kiçi we orta ölçegli ýaraglarybam okkupasiýany yza tesdirmäge güýji ýetmeýär. Azat dünýäniñ bir parçasy bolasy gelen ýurt güýçli we diýdimzor goñşusy tarapyndan ýakylyp-ýykylýar. Azatlygy, adam hukuklaryny, demokratiýany dilinden düşürmedikler we baýdakgöterijiligini edenler bolsa diñe tomaşa edip oñýar. Aslynda, Ukrainada bolup geçýänler geçen ýyl Owganystanda bolan pajyganyñ ikilenç gaýtalanmagyndan başga zat däl. Ýigrimi ýyllap Günbataryñ demokratiýa we azatlyk wadalarynan ynanan millionlarça owgan geçen tomus Taliban ýaly ilkidurmuş düzgünli, garañky ýüzli terrorçylykly guramanyñ ynsabyna goýlup gaýdylypdy, edil häzirem ýewropa demokratiýasyna göwün beren millionlarça ukrainaly Putin ýaly diktatoryñ ynsabyna taşlandy. Şuny unutmalyñ: ýamanlaryñ, zalymlaryñ üstün çykmagyna ýol berilse, dünýä ýaşap bolmaz ýaly ýagdaýa düşer. Bir pursatlygam bolsa, 1991-nji ýylda "Sowuk uruşda" Sowet Soýuzynyñ ýeñendigini göz öñüne getirip görüñ, şonda dünýä ullakan tussaghana öwrülerdi. Şol bir ýagdaýda Ikinji jahan urşunda Gitler ýeñen bolsady, birgiden halkyñ köki köwlenerdi. Uruşda ýeñen Stalini ýada salyñ: öz raýatlaryndan 40 million çemesi adamyñ ganyna galdy. Putinem Gitler, Stalin tetellileriñ yzyndan gitjege meñzeýär. Elbetde, ABŞ-nyñ ýa-da NATO-nyñ "ak jüýjedigini" aýtjak bolamok. Emma Günbatar demokratiýasy ähli kemçiliklerine we nogsanlyklaryna garamazdan edil häzirki wagt üçin elimizdäki iñ amatly çykalga. Dargan sowet tussaghanasyny täzeden gurmak isleýän Putin azatlyk we agaýana durmuşda ýaşamak isleýän her kes üçin uly howp. Putiniñ duruzylmagy diñe dünýä üçin däl, ýetmiş ýyllyk sowet tussaghanasy ýykylandan soñam onuñ gandallaryndan sypyp bilmeýän rus halkynyñ hakyky demokratiýa we azatlyga gowuşmagy üçinem mümkinçilikdir. Şonuñ üçinem şu mümkinçiligi gaçyrmañ. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Penşenbe 24.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||