15:50 Deñiz bilen duşuşyk | |
DEÑIZ BILEN DUŞUŞYK
Goşgular
Gara deñiz! Kenaryñda durýaryn Kä ir ertir, kä günortan, kä agşam. Ýatyşyña, oýanşyña garýaryn, Ornaşdy kalbyma kenaryñ nagşam. Owsun atyp gelýärsiñ-de gaçýarsyñ, Etekläp etege kümüş saçýarsyñ. Janly deý tolgunyp, kürek uranda, Garagumyñ örküji deý tolkunyñ. Kä müññüldäp ýaýnap, kä mymyrañda, Aýna deýin ýalpyldaýar ýalkymyñ. Parahod, gämiler göwsüñ bezegi, Saklan biraz, ber sen maña gezegi! Kenaryñ keşdesi ㅡ gök agaçlara Jan bagyşlap, yzgaryñky seçýärsiñ. Melhem arap gelen kän mätäçlere Mähriban ene deý gujak açýarsyñ. Her gün kenaryñda ýüz müñ jemende, Şolaryñ içinde birisi men-de. Parlak döwrüb çarhyn öñe tigirläp, Ajap säherlere aşasym gelýär. Ömür hazynasyndan ömür ogurlap, Daýyma ýaşlykda ýaşasym gelýär. Biler bolsañ, şeýle beýik ýolda men. Döwrüñ waspyn heñ edinýän dilde men. Ajap deñiz saña haýran galýaryn, Joşuñ bilen pikrim dartyp alýarsyñ. Jadylýarsyñ, gujagyña dolýaryn, Endam-janym siññin sypalaýarsyñ, Gara deñiz, jandan söýýärin seni, Körpe guzyñ deýin hüwdüle meni! Eşit, deñiz, aýdýan saña syrymy, Seniñ dek joşgunly bolasym gelýär. Taryp edip göwhere deñ ýerimi, Halkymyñ heñini çalasym gelýär. Eşit, deñiz, aýdýan saña aç-açan: Dostluk maña joşgun berýär her haçan. Çaglan deñiz! Çaglan deñiz! Joş bu gün! Myhmanyñ men, gujagyña al meni. Garramok men, garraman men, ýaş bu gün, Goşgym bilen mydam ýada sal meni. Men ölsem-de, sen çyrpynyp galarsyñ, Ynsana söýgime şaýat bolarsyñ!.. 1957. Berdi KERBABAÝEW. | |
|
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |