00:35 Dertdeş dosta | |
DERTDEŞ DOSTA
Goşgular
Ş.Aşyrmyradowa Ýugrulyp kän-kän azaba, Ýaşlykda gelipdik taba. Duýman durkagam, eý toba, Garrap galaýdyk, gardaşym! Bäşlik çöpläp bir döwürler, Howlugardyk mekdebe, gör! Baýkanurda bolup esger, Indem garraýdyk, gardaşym! Meňzejek bolýardyk ula, Münýärdik ýüz-müň hyýala. Ne tiz ýetdik beýle hala, Garrap galaýdyk, gardaşym! Söýülipdik hem söýüpdik, Hem ýaşlyk bakydyr öýtdük. Nirä biz beýle howlukdyk, Garrap galaýdyk, gardaşym! Ýaradan eglişik etdi, Ýaşymyz ýetmişe ýetdi. Ah, ençe dostlarmyz gitdi, Azrak galaýdyk, gardaşym! 2022 ý. *** Mundan buýan hasam kötel, Tutma egnimden, ýeňimden. Öňe düşüp bilmeseň-de, Bolmanda ýöre deňimden. Uçut-uçut geçitlerden, Kän ýardam berdim, geçirdim. Ýolugra baglaň baryndan, Iýmedim, saňa eçildim. Bil baglap durma ýardama, Indi öz aýagyň göter. Güýç özüme sarp etmesem, Hatar mundan buýan kötel. Külpetli çarkandak ýola, Täk gidersiň mümkin, tijen! Göwün etme, nätjek dagy, Ýollar aldy menden güýjem. 2022 ý. *** “Owadan dogulma, bagtly dogul” diýp, Aýtgy bar, dogrudyr, jedel ýok welin, Köp halatda owadanlygyň özem, Sebäp bolýan, bagt getirýän ahwetin! Ýaradan megerem, ýaradýan wagty, Owadan keşplere goşýandyr bagty. 2022 ý. | |
|
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Nädip gozgadyň / Goşgular - 09.12.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 25.08.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |