10:27 Dertli baş -6/ romanyň dowamy | |
11.
Romanlar
Ýurtda uruş barýardy. Onuň başlanyna üç ýyl geçenem bolsa, soňy görünmeýärdi. Şol günleriň gijeleri hem edil adamlaryň ýüregi kimin sowukdy. Iki-ýeke eşek aňňyryp, it üýräýmese, obada sygyrlar molap, horaz gygyrjak gümany ýokdy. Il bende-de iýere owkat galmandy. Adamlar galla baryny fronta iberip, özleri ölmezödi halda güzeran dolaýardylar. Gün içinde bir gezek gazanyň gulagy gyzanokdy, tamdyrlarda nan ýapylanokdy… Daňyň ümüş-tamşynda işikde at dükürdisine Gülmusa eje başyny ýassykdan galdyryp, diňşirgenip oturdy. Şo pille gelni Gülöwserem oýandy. Gapy batly-batly kakyldy. Gülmusa eje gapa golaý duran ýerinden gygyrdy: -- Kimsiň? -- Gülmusa, dogan gorkmaň. Men oba şurasynyň başlygy Mele. Ýanymda raýon harby komissariatyndan adam bar. Olar sizi görmek üçin gelipdirler. Gülmusa Meläni sesinden tanady-da, gapyny açdy. Çyranyň öçügsi yşygyna onyň ýüzi zordan saýgarýardy. Gülmusa eje giňlige salyp gepledi. -- Näme habar Mele, eýgilikmi? -- Eýgilik bolsa, şeýdip ýüzümizi garaňka tutup geljekmi, dogan? Bu mahal bäbegini gujagyna gysan Gülöwser hem işigiň agzyna dykylyp geldi. -- Bimahal çagynda ärsiz-erkeksiz tünege topar gurap gelmäňiz gowulygyň alamaty-ha däl - diýip, ýaşmak astyndan eşidiler-eşidilmez madyrdady. Oňa üns berenem bolmady. -- Gülmusa, dogan, ine, bi ýoldaşlaryň bize gelmeginiň sebäbi bar. -- O nämäniň sebäbi, bahymrak aýtsaňyzlaň, ýüregim agzymdan çykyp gelýä. – Ýaşmakdan çykan sözlerde Gülmusa ejäniň ýüreginiň barha howpurgaýandygyny aňmak kyn däldi. -Bize dahylly işmi? - Hawa, bu hut hemmämize dahylly iş. -- Gep güjükletmän aýdyp bolmaýarmyka? Mele Gülmusa ejäniň bu gürrüňinden soň sesini has-da gataltdy. -- Aýtmanmy, baý aýdarys-a. Siziň Narlyňyz ýanyna birküç oglany alyp, frontdan gaçypdyr. Onuň Eýran ýurduna aşanyny bize habar berdiler. -- Bu nähili gürrüň boldy? Eý, toba. - Gülmusa eje ýaşmagyna elini ýetirdi. – Urşa äkiden özüňiz, indem gaçyrdyr diýýärsiňiz. Gör neneň masgaralyk! -- Bu gynansagam şeýle. Narly Watanyna dönüklik etdi. Indem näme, gaçgak adam iru-giç öýüne, maşgalasyna dolanaýmaly. Biziň çakymyza görä, ol o ýanda uzak eglenmez. Geler, hökman geler. Özem ýüzüni garaňka tutup geler. Biziň bu barada size duýdyrmak borjumyz. Öýüňizi garawullamagymyz hem gerek. Siz bolsa ony gören dessiňize habar ediň. Şeýtseňiz, siziň üçinem, biziň üçinem gowy bolar. Ýogsam… -- Ýogsamy näme, şonam eşidip galaýsak? Haýbatmy? -- Isle haýbat diýip düşüniň, isle-de duýduryş. Bu adamlaryň ellerinde möhürli hatlaram bar. Gaçgagyň, Watanyna dönüklik eden adamyň tutuş maşgalasynam obadan göçürmeli. Ine, şol hatda ýazylan zat. Men şoňa gynanýan. Ýöne gam çekmäň, men ogluňyzdan belli-külli habar bolýança, size zat diýdirmen. Gülöwser goram-gowşak boldy. Ol gujagyndaky bäbegi baryp düşeginde ýatyrdy. Soň onuň gulaklary gapylan ýaly zat eşitmedi. Ýogsam ol harby eşikli adam gaýnyna nämedir bir zatlary okap berýärdi, ony Mele arçyn türkmençeläbem düşündirýärdi… Şol günden başlabam Gülmusa ejäniňem, gelniniňem ugry bolmady. Köçä, oba arasyna çykmaga-da il-ulusdan, obadaşlaryndan utandylar. “Ýeri, edýäniň näme, oglum. Dönüklik biziňkilere ýaraşmaz. Kimden sapak aldyň guzym, indi kim seniň dadyňa ýetişer?” Ol üç-dört günläp içini gepledip gezdi. Aradan ýigrimi gün çemesi wagt geçipdi. Narly yzyna dolanmadam, ondan habar-hatyram düşmedi. Harby komissariatdan welin olaryň öýüne gatnaw kesilmedi. Günde-günaşa bimaza edilip, üstlerine haýbat barysy atyldy. Soňky günler Gülmusa ejäniň ýüregi nämedir bir zatlary syzýardy. Narly o ýana aşan bolsa, ol hökman daýylarynyňka barandyr. Bardygy ony Nowruzyň öz penasyna aljakdygyna, hossar çykjakdygyna gözi ýetip durandyr onuň. Bu hökman şeýledir. Şu oýlary kellesine getiribem, gelni Gülöwsere sala saldy. -- Gelin, görýäň-ä. Dönügiň maşgalasy diýip bizi ol berilýänje ölmezödi bugdaý paýymyzdanam kesdiler. Ýurtdan göçüriljek günümizem daşda däl. Şoň üçinem, gel, men bir bagtymy synap göreýin -- Näme etsem diýýäň, enesi?! -- Eýrana gidägede Narlyny tapsam, baryny bolşy-bolşy ýaly gürrüň bersem, ony höre-köşeläbem alyp gaýtsam. Hä, neneň görýäň? Başararmykam? -- Bilmedim-dä. Gaçmagy ýüregine düwen bolsa, yzyňyza düşup geläýermikä? Hemmämizden geçer welin, gelmez. Häzir geläýse, özüne niçeme ýylyň gazamadynyň garaşýandygyny ol bilipjik durandyr. -- Onyň-a dogry, gelin, arkasyna-ha kakmazlar. “Eliň bilen etdiňmi, egniň bilenem çek” diýerler. Dogry-da, ol sebäpli bi çagalarda, bizde näme günä bar? “Günäliň oduna bigünä ýanar” etmek bolmaz ahyryn. Belki, men oňa şu zatlary düşundirip bilerin. -- Onçasyny özüňiz biliň, enesi. Ýogsa-da siz nädip o ýana geçersiňiz? Serhet saklawy ozalkylardanmam berkmişäin. -- Wah, oglumy getirip biljegime gözleri ýetse, höküwmediň özem eltip geler-le welin, ýamany ol şol taýda bar bolsa diýsene. -- Ýok bolsa, ýoklugyny aýdarsyň-da. Belki ol gaçanam däldir. Gülmusa eje Narlyly meseläni bişirdim edip, Oba şurasynyň başlygynyňka bakan höwür- hyjuwly ýöredi… Oňa serhetden agansoň öz dogduk obasyny gözläp ýörmeli bolmady. Gülmusa bu aralygy Garabäpbe pahyr bilen telim gezek geçipdi. Kakasynyň olary bir ata mündürip, pata berip goýbereninden bäri-de ýigrim bäş ýyl geçipdi. Şol günki ýolda bolan waka onuň ömür ýadynda galypdy. Ol Çukur obasyna golaýlapdy. Öz öýleriniň, çagalyk ýyllarynyň geçen ýerlerini görüp, gözüniň owasy ýaşdan doldy. Kakasy Salman baýyň, ejesi pahyryň oturyp-turan ýerleri göz atuwyna gelip direldi. Ony giň küňreli howluda garşy alan Nowruz baýyň özi boldy. Gülmusa ony görenden tanady. -- Nowruz! - Ol sen-men ýok, baryp ony gujaklady. - Gardaşym, gardaş janym. Nowruz aňka-taňka boldy. -- Nireden çykdyň, uýam, didaryňyzy görmäge zar bolduk. -- Takdyrym meni şu ýerik getirdi. Didaryňyzy görmek bagty bar ekeni, indi ölsem-de armanym ýok. Men oglumy yzarlap geldim… Tanyş ses eşiden Narly daş çykdy. -- Eje! Eneli-ogul gujaklaşyp, kän oturdy. Gülmusa ejäniň aglamakdan ýüzi kesmekläp, gözleri pökgeripdi. Ol aglap oturyşyna: -- Hany Nargül ejem görnenok-la? - diýdi. -- Ejem doganlarynynka gidipdi, seniň geleniňi eşitsedi, uçupjyk gelerdi. Men onuň yzyndan adam iberäýerin. -- Ýok, Nowruz, oňa meniň wagtym ýok. Men häziriň özünde yzyma dolanmaly. Serhetde maňa garaşyp oturandyrlar. Jany sag bolsa bolýar. -- Aşgazanym diýip, önly iyip-içip bilenok. “Wah, giýew bolsady” diýip, hemişe Garabäpbäň adyny tutup ýör. -- Näşin aýdýaň. Garabäpbe bolan bolsady, bir alajyny ederdi. Ýöne agyryly aşgazanyň nädip bejerilýänini menem aýdyp bilerdim. Bir-ä mekgejöweniň gulpagyny gaýnadyp içirderdi. Birem ýandagyň dänelän mahaly başyny alagada gaýnadyp bererdi. Aý, ol her kimi bir tär bilen bejererdi-dä, bägül bilenem aşgazany bejerip bolar diýýärdi. Başga bir zat ýadymda. “Keýik böwregi” diýilýän ösümlik diňe aşgazany bejerýändir” diýerdi. Wah, onuň bilmeýän zady barmydy näme? Siz ejeme aýdyň, meň agzan zatlarymy berjaý etsin, sagalyp ötägider. -- Ejem gorgülini dert basypdyr. Aýaklary gury agyryp ýatyranok. -- Onuň çäresem bar. Goýny soýan badyňyza onuň derisini aýaklaryna geýdirip saklaň. -- Bä, uýam, sen-ä tebibem bolaýypsyň. -- Tebiplik nire, zat nire? Garabäpbe pahyrdan eşiden, goren zatlarym. Hälem köpýsi ýadymdan çykyşypdyr. Seň özüň neneň, Nowruz? Janyň sagmy? Köne derdiň gaýtalanok dälmi? -- Hudaýa şükür, saglygymdan nägile däl. Soňky günler birneme kükregim agyrjak ýaly edýä, aý, olam sowukdan-beýlekidendir-dä. Ýogsa-da hany sen tebip bolsaň, maňa-da bir derman salgy ber! -- Kükregiň agyrsa, owlagyň bagryny sary ýag bilen gowrup iýiber. Ol meniň özümde-de bolupdy. Olar öňlerine çaý-nahar aldylar. -- Uýam, ýurduňyz neneň, dogan-garyndaşlar sagmy? - Nowruz Gülmusadan sorady. -- Ýurdumyzda uruş gidýär. Paşist bilen garpyşyldy. Ilki-hä tutha-tutluk, basha baslyk, adam bary öýjügi bozulan balarysy ýaly derbi-dagyn boldy. Bigünä adamlar gyrgyna berildi. Garabäpbe-de… Narly gürrüň berendirle. O pahyryň nirede jaýlanylanam belli bolmady. Indem her günde urşa adam iberilýär. Dogrusy, adamam galmady obada. Gelýänem ýok, iki-ýeke maýyp-müjrüp bolaýmasa. Ine, Narly hem özi yaly oglanlar bilen urşa diyip gidipdi. Höküwmet onuň bärik geçen gününden habarly. -- Eje jan, sen bir zada düşüň. Gitler diýen basybalyjy öňünden çykan adamlary ýalmap-ýuwdup gelýä diýýä, asyl olaryň öňünde durar ýaly dälmişin. Onsoň bizem bu gýrrüňi eşitdik-de, iki-üç oglan bolup, başymyzy aman gutaralyň diýdik. Men-ä öz daýymyňka gaýtdym. Olar hem obalara siňdiler. Barybir, bizi tapyp bilmezler diýişdik. Gulmusa oglunyň gürrüňiniň soňuna deniç garaşdy, sözüni bölmedi. -- Hawa, oglum, sen-ä uruşdan gaçyp, başyňy gutarypsyň. Biziň başymyzda welin itiň güni. Iýenimiz- iliň-günüň gargyşy, “dönügiň maşgalasy” diýibem köçä çykarlygymyz galmady. Ojagaz berilýänje azygymyzdanam kesildik. Indem… -- Eje, sen meniň yzymdan gelldiňmi? -- Hawa, guzym. -- Eger gitmesem. -- Eger gitmeseň… -- Gülmusa öýdäkileriň ýüzüne birin-birin seredip çykdy. - Eger gitmeseň oglum, bizi - ähli çagalaňňy, “ watan dönüginiň maşgalasy” diýägede, sowuk ýurtlara sürgün etjekler. -- Eje, özüň bilýäň, obamyzyň nebir güler ýüzli oglanlarynyň öldi habary geldi,niçesine dereksiz ýitdi diýdiler. Ol paşist biziňkileri ýöne palaç ýatyran ýaly gyryp tükedip gelýämişin-dä! Onsoň biz o ýere baryp ölenden, keseki ýurda aşanymyzy gowy gördük. Ine, Nowruz daýymam “ Bu ýerde ýaşaber,özüm öýli-işikli ederin” diýýär. -- Hawa, uýam. Men eýýäm ony öýermegiň gamyny edip ýörün. -- Ýok, gardaş, oglum meniň bilen gider, näme jeza berselerem, jezasyny çekmeli bor. Belki, günäsi geçiler. -- Öldüräýseler näme? -- Öldürjek bolsalar, men bu ýere gelmezdim. Onsoňam sen adam öldüren ganhor däl ahyryn. Meýletin barsaň, günäň ýeňlär. -- Eje, sen maňa gideli diýme. - Narly dyzyna çöküp ýalbardy. -- Betbagtlyk ejiz adamy-da mert edýändir, balam. Ýalbarybam oturma. Sen erkek kişi ahyryn. Onsoňam çagajyklaryň Sibirde gözünuniň açylaryny isläp duran dälsiň. Men olara söz berdim. Narla ejesi bilen ylalaşaýmakdan başga zat galmady. Olary Nowruz baýyň özi araçäge çenli ugradyşdy. -- Ýürdumyz aýra, birek-biregiň toý-ýasyna-da görnüp bolanok ,uýam. -- Hawa, bu ykbal işi, her kime öz ýurdunda uzak hem bagtly ýaşamak nesip etsin. Bilip bolmaz, adamyň basynda ne gowga, ne gussa bar. Birek-birekden razy bolmaly. Оlar sаgbollaşyp, sеrhetden bäri gеçdiler. Inе, şu ýеrde-de Nаrlynyň iki еlini yzуna gаňryp dаňdylar. Özüni hеm оba şurаsynyň jaýуna gеtirdiler. Gülöwsеrem, çаgajyklaram şu ýеrdedi. Ýönе оlary “dönügiň” ýаnyna gоýbermediler. Вu ýere “hä” diýmän, iki at gоşulan arаba gеldi. Оňa аrabakeş Tаgan gоlakdan bаşga iki аdam bilen Nаrly mündi. Şu ýerde Nаrly çаgalaryna bаkyp, nämеdir bir zаtlar diýdi. Оnuň sеsi аrabanyň tigirlеriniň jygyldуsy bilеn оňly еşidilmedem. Gözýаşa bоglup оturan Gülöwsеr bоlsa gundаgyny gujаgyna gуsyp, üç ýаşlyja Kakаmyradyň hеm еlinden tutuр durdу. Kakаmyrat uzаk saklаnmady, еjesiniň еlinden sкpdy-da: - Kа-ka, ka-ka, sen nirä? - diýip gygyrdy. Arаbanyň yzуna düşübеm еsli ýеre çenli ylgаdy. Yеtip bilmejеgini bilip, оturyp aglady. Nаrlynyň oglunyň bolşuna ýüregi awady. - Dоganlar, siz maňa оguljygym bilen hoşlaşmaga maý beriň - diýip, ýalbardy. -- Gaр sеsiňi, dönük, lаl bolup оturmasaň, gitdiň - diýdi-de, oturanlaryň рişge murtlusу еlini sарançasyna ýetirdi. -- Siz meni nirä alуp barýarsyňyz? -- Ony hаrby tribunаl çözer. Gülmusa еje arаbanyň tоt-tоzanyna garуlan аgtyjagyny ýеrinden turzuр, üst-başуny kаkyşdyrdy. Sоňam: -- Ýör, оglum, ýör. Вasym kаkaňam gеler - diýiр, gözleriniň ýаşyny gуňajynyň ujу bilеn süрürdi. … Şol wakadan soň aradan ýarym aý çemesi wagt geçipdi. Narlydan gelen ilkinji haty öýdäkilere sesli okap berende, Gülöwserem, Gülmusa eje-de möňňürip aglaşypdylar. Goňşy-golamlar gelip, olaryň agysyna goşulypdy. Olar Narlydan erbet habar gelendir öýdüp çaklapdylar. Ýöne ol hatynda janynyň sagdygy, harby tribunalyň özüne iş kesendigi, häzir bolsa Orsýediň tokaýynda agaç çapyp ýörendigi, nesip bolsa ýene-de bäş ýyldan soň gaýdyp geljekdigi hakynda ýazypdy. Muny gelenler aňyp, ýerli-ýerden “Şükür et, ölmän eken, bäş ýyljyk näme, göz açyp-ýumasy salymda geçer” diýşip, göwünlik berip, turuşmak bilen boldular. 12. Bu gün säher bilen howa bulaşdy, soňam ýagyş damjalady. Yzy bilenem gün çykyp, ýeriň ýüzi tämizlenen ýaly boldy. Gadam Gülmusa ejelere gelipdi. Ol sözüniň bir ýerinde “Narly agamdan hat alypdym welin, men ony öýde galdyryp gaýdyberipdirin” diýdi. -- Getirseň bolmadymy?-diyip, Gülmusa eje Gadama ýüzlendi. - Şo-ol bir hatyndan soň oguljygymyň hatynyň yzy üzüläýipdi-diýip, ýördüm. Okadyňmy, oglum näme ýazýar? -- Ýazýan zady-ha köp onuň. -- Hany gürrüň bersene. -- Bar gaýgysy yzy onuň. -- Yzynda gaýgy eder ýaly näme barmyşyn? Yeke başynyň aladasyny etse bolany. Täze hasyldanam ýetdik paýymyzy berdiler. Belki, indi tamdyr nanynam iýeris. Şü üç ýetimi ese-boýa galdyryp bilsek, gaýyn-gelniň başga aladasy ýok. -- Gürrüň Gülöwser barada. Gülöwser öz adynyň tutulanyna diňşirgendi-de, olaryň gürrüňlerini diňledi. -- Gowusy, daýza jan, men seň özüňe aýdaýyn. Ogluňyz ýazypdyr: “Men bu ýerden diri dolanyp barjagym gümana. Gülöwseri atasy öýüne ugradyp goýberiň. Ol menden boş. Size ýekelik kyn düşer. Eje jan, çagalammy welin bermäweri. Käbäm, meniň sargydymy berjaý etmeseň, o dünýe, bu dünýe närazydyryn” diýip berk tabşyrypdyr. -- Ýalan! - Gülöwser içerden atylyp çykdy-da, Gadamyň rehimsiz ýüzüne alaryldy.-Sen oglan nämeleri samrap dursuň? -- Sen näme meň üstüme çişýäň? Äriň ýazypdyr şeý diýip. -- Hany görkez şol haty, menem göreýin?! -- Görkezemde, görkezmämde, sen hat okap bilýämiň diýsene? -- Okap bilmesem-de, men onuň hatyny görsem tanaryn. Ol ölmez, gaýdyp geler. Bardy-geldi öläýende-de, men onuň ojagyny öçürmen. Garaşaryn, tä ölinçäm garaşaryn. Gadamyň getiren habary gaýyn-gelin arasyna-da sowuklyk berdi, aşlaryna awy gatdy. Gülöwser dälirän ýaly boldy, gaýnynyň ýanynda-da ýangynly gepledi: --Enesi, bu gürrüňler Gadamyň özüniň toslap tapan zatlary. Gaýraty bolsa, görkezsin haty. -- Men ony oglanlara okamaga berdim.-diýip, Gadam hem sesini gataldybyrak gepledi. -Gardaşlaryň hem eşitdi. Ýogsa-da, Gülöwser, sen talagyň berlensoň, bu içerde goýulmajagyňa akylyň ýetenokmy? -- Bela edenokmy, gap sesiňi ýerçeken, bolmasa kelläňi ýaryan. Gitmerin, etimi tike-tike etselerem gitmerin. Enesi - Ol Gülmusa ejäň ýanyna geldi. - balalarymdan aýrylyp git diýmäň. -- Eger, gelin, adamyň şeýdip ýazan bolsa, onda menem şerigatyň garşysyna gidip bilmen-ä. Talagyňy alaňsoň onuň yzynda oturmak saňa-da dürs däldir. Wah, men bu zatlary eşitmän, ölüp giden bolsam bolmadymy? -- Enesi… -- Jan guzym. Olar gözyaş döküp, garsa gujaklaşdylar. Şol pursadam Gadam howludan çykyp gitdi. Şol gün agsam Gülmusa ejelere Gülöwseriň dogan-garyndaşlary döküldiler. -- Wah, men bir garabagyr ene boldum. Narly ýaly, bigaýrat ogul dograndan, dogurman geçen bolsam bolmadymy? - diýip, Gülmusa eje-de ara goşuldy. - Gülöwser gelinleriň naýbaşysy, gözümiň ýagy, yetimleriň hossarydy. Ony nirä äkitmekçi bolýarsyňyz? Talagam bolsa, owarram, gözümi ýumaryn. Siz oňa degmäň, goý ol bizde ýaşabersin. Il-günem näme diýse, şony diýsin. O gitse, çülpelere kim sereder, körpäni kim emdirer, agtyjagym wepat bolar. -- O biziň işimiz däl. Ýöne talagy berlen uýamyza eýe durmak biziň borjumyz.-diyip, Gülöwseriň uly dogany Gadamyň ýüzüne seretdi. -- Şü öýden diňe maslygymy çykararsyňyz. Gülöwseriň agzyna bakmadylar. Onuň gujagyndaky gundagyny zor edip aldylar-da, getiribem Gülmusa ejäniň öňüne okladylar. -- Alyň, güjügiňize eýe duruň, nätseňiz şeýdiň, özüňiz emdiräýiň. Gülmusa eje ýere oklanylan bäbegi garbap alanam bolsa, gulagyna gelniniň zaryn sesi geldi durdy,geldi durdy. x x x Gülöwseri çagalaryndan aýryp, atasy öýüne getirdiler. Onuň ykbaly basym çözüldi. Şol gün ol ikindinaralar arabakeş Tagan golaga nikalanylyp berildi. Ol birki adama güýç bererli däldi. Ýöne ony bu ýerden köplük bolup süýräp diýen ýaly alyp gitdiler. Şol pursatdan başlabam Gülmusa ejäniň derdi artdy. Çagalaryň ulujalaryny-ha birjigem gaýgy edenokdy. Onuň bar gaýgysy gundagdaky çagady. Ol eýýämden ajygyp, çyrlap otyrdy. Şol güni-hä uzakly gijäni aglap geçirdi. Gülmusa eje ony höre-köşe edip gördi, nabatly suw içirdi, barybir, ol sesini goýmady. Soň ol ony gujagyna alyp golaýda çaga dogran eneleriň öýlerine aýlady. “Birki owurt emdiriň, gaýrat ediň, agtyjagym ölüp barýar” diýip, ýalbarmak-ýalbardy. Gülmusa ejäniň ýüzünden geçip bilmeýän gelinlerem tapyldy. Her gün biri emdirdi. Soňy bilen birentek ene “süýdüm çekilipdir, öz çagama-da ýetenok” diýse, olaryň käbiri “keseki çagany keşdim çekenok” diýýärdi. Kakamyradyň ýagdaýam şondan gowy däldi. Bir garny açdy, bir garny dokdy. Üstesine-de: “Eje,sen nirede?” diýip, howlyň içinde iki-baka elewräp ýördi. Gündizlerine dem ganymatdy, gijelerine welin Gülmusa ejäniň ýuregine-bagryna düşýärdi, başyny alyp, nirädir bir ýerlerik çykyp gidesi gelýärdi. Bir günem Gülmusa ejänin gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Olaryň ýanyna täze bir goňşy göçüp geldi. Ol goňşynyň täsin ýeri: :Çagajygy başga birine emdirtjek bolup kösenip ýörme. Getiriber, günde bir däl, iki-ýç getir, ýüzümi çytmaryn” diýipdi. Gülmusa eje welin oňa haýran galýardy. “Balajygma rehmi inendir munuň. Alladan gaýtsyn, ýuzi-gözi dert görmesin” diýip, alkyş baryny aýdardy. “Iýmeseň süýt inmez” diýibem, her gezek onuň ýanyna eli boş gelmezdi, nämedir bir zat getirerdi. --Gülmusa eje, gulagym agyryp halys ynjalamok-la. Asyl muňa hiç zadyň kömegi degenok - diýip, bir gezek täze goňşy Doýduk onuň ýanynda zeýrendi. --Wiý, gyzym, öňräk aýtsaň bolmadymy? Häzir men gulagyňy suwa gaýnadylan ýowşanyň buguna tutaryn welin, kömegi degse gerek. -- Şeýtseňizläň. Ýogsam aňkamy aşyrýa bi.Şol gün Gülmusa eje öýlerine giç agşam gaýtdy… Muhammetjigi welin ýadaman-ýaltanman günde üç wagtyna gatnatdy. Çagajyk ene Süýdünden ers-mers boldy ötägitdi. Ol indi agzyna tutdurylan bulamakdanam, geçi süýdündenem geregini edinýärdi. Gülmusa eje muňa iki bolup bilmeýärdi. Tüweleme, Kakamyratdyr Ogulsuraý dagylar-a jedir-jedir edişip, Gülmusa ejäniň yzyndan aýrylanokdylar, igdeden, hozdan çöpleşdirip, mellegiň içinden çykmazdylar. Boldy-boldy Gülöwsere boldy, bu dünýede ähli zat o görgüliň garşysyna goýlan ýalydy.“Balajyklarym”diýip, uzakly gijäni aglap-eňräp geçirýärdi. Tagan golag-a onuň ýagdaýyna düşünjegem bolmaýardy. Gülöwser welin maşgala bolup ýaşaşsa-da, ondan göwreli bolsa-da, öz çagalaryny ýatdan çykaryp bilmeýärdi. Uzakly gün bar oý-pikiri yzynda galdyryp gaýdan çagalarydy, şolar ýadyna düşende, içine ot düşýärdi. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Dirilik suwy / roman - 23.04.2024 |
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -24: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Dirilik suwy -11: romanyñ dowamy - 12.05.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |