18:39 Diriler ölüpdir... | |
Diriler ölüpdir, diriler ölýä...
Goşgular
Örän aýdyñ hem çuñ bir hakykat bar: Diriler ölüpdir, diriler ölýä. Ýöne şol ölenler müñ ýyllar ötüp, Başga biri bolup inýär bu dünýä. Beýle bolsa, kimkä meniñ geçmişim? Şahyrmykan? Aşykmykan? Ýa daýhan? Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan Hem gorkusy üçin çyn söze duşman? Eger şahyr bolsa, meniñ şygrymy Özüm bolup, menden gizlin okýandyr. Ejiz şygrym üvin saçlaryn ýolup, Menligine ajy gözýaş dökýändir. Eger aşyk bolsa, söýmediklerme Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir. Ol meniñ ruhumyñ kazysy ýaly, Öz päkligi bilen maña duşmandyr. Eger daýhan bolsa, toprakdan alyp, Oña bermeýänme tutýandyr için. Hem onuñ bir oñat dilegi bardyr Topraga bir tohum atarym üçin. Indi bu ýaşlygam ötüşip barýa. Etsemim bar bolsa, boldy bir çeni. Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan Depämden seredip, goýmaýar meni. Dünýede çyn sözüñ sarpasyn saklap, Çyn söz üçin özüm ederin gurban. Ýazaryn, söýerin, tohum seperin, Razy bolar Şahyr, Aşyk hem Daýhan. Ölsem, dogry sözüñ şol duşmanyny - Inkär eden - meni öper bu ýerim, Müñ ýyl ötüp, ýene döräp, şol şahyr, Aşyk, daýhan bolup dowam ederin. Yzyma seretsem, bir giden umman, Öñüme seretsem, bir giden umman, Geçmişiñ öñünde uly bergim bar. Geljegiñ öñünde uly bergim bar. Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Nohuryñ / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Nebis / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||