23:55 Dogulmadyk çagajygyñ sadakasy / hekaýa | |
DOGULMADYK ÇAGAJYGYÑ SADAKASY
Mistika we fantastika
- Men göwreli boldum - diýip, gyz ýarympyşyrdy bilen onuñ ýüzüne bakdy. - Men senden göwreli boldum! Ilki gözleri tegelenen, soñ agzy açylan erkek : - O nähili, nädip, bir gezek bolanyñ bilen ur-tut göwreli bolubermelimi?! Gyz ownuk dişlerini berk gysdy, ýukajyk dodaklaram bir büzüldi, bir ýazyldy. Erkek ýene oña seretdi: - Men diýýän bir gezekde çaga galybermelimi? Gyz erkege seretdi: - Nähili mal sen, banketden soñ iş ýerde alyp galanyñyzda näme etdiñiz?! Erkek mañlaýyny tutdy: - Onda erbet içgilidim-ä. - Içgili bolanyñda hiç zat etmediñizmi onsañ? Erkek şonda-da boýun alasy gelmedi: - Barybir bir-iki saparda bolubermeýä. Ine, öýdäki-hä şeýle, bir gezekde galyberenok çaga diýýä. Gyz agzyny towlady: - Meni diñläñ, men señ öýdäkiñ ýaly lakaşa däl. Bir gezekde galdy. Asylam çaga bir gezekde galar-da. Bu gezekde ýary galyp, ikinji gezekde doly boldy diýýän zat bamy? Erkek iki eli bilen kellesini tutup otyr: - Men indi näme etmeli? - Men näme etmelidigini sizden soramaga geldim - diýip, gyz onuñ sowalyna garşy sowal berdi. - Meni zaýalanyñyz zaýalanyñyz, indi göwreli etdiñiz. Beýdip maña zulum eder ýaly men size näme etdim. Ýa meñ enem-atam size bir ýamanlyk edipdilermi? Erkek kellesini tutup oturşyna, birden gepläp ugrady: - Dur, dur, bir minut, dur, kellämi bulaşdyrman dur, haýyş! Gyz hiç zat diýmän, onuñ ýüzünden gözlerini aýyrman oturyberdi. Onuñ gozganman oturşyndan erkek birhili elheder aldy. Derrew beýleki otaga geçip, telefonda biri bilen gepleşdi. Soñ ýene ýumşak kürsüsine geçip oturdy. - Ynha, şu nomere jañ edersiñ. Hususy klinika. Barýañ puluny töleýäñ, çagany aýryp berýärler. Bessalam-gep tamam. Gyzyñ onuñ ýüzüne malçyldadyp tüýkürsi geldi. Erkek bolsa, stolunyñ tahylyny ýarym açyp, bir desse pul çykardy. *** Başlygyñ kabinetinden añy gaçan ýaly bolup, eli bir desse pully daşary çykan gyz, bir sagatdan hususy klinikanyñ ap-ak otagynda otyr. Keselhananyñ içi şeýle bir ýagty hemem keselhanalarda bolýan ýeñiljek derman ysy hem bar. Şoña biraz başy aýlanjagam boldy... Garşysynda oturan uzyn boýly lukman ýigit gaty mylaýym gepleşýär. Agzyndan maskasyny hem aýranok. Ýanynda bir zatlara güýmenip ýören şepagat uýasam örän salykatly. Ol şol salykaty bilen gelip lukmandan rugsat sorady. Lukman maskasynyñ añrysyndan: - Hä, irden aýdypdyñyz ýadymda. Ol rugsat, gidiberiñ diýen ähñde başyny atdy. Gyz bilen lukman ikiçäk galdylar. Stolunyñ üstündäki kagyzlary agdaryşdyryp oturan lukman: - Yagdaýy habar berdiler diýip, söze başlady. -Nememi?... Gyz hasyr-husur sumkasyndan pul çykardy. Lukman gözüniñ gyýtagy bilen gyzyñ elini doldurup duran täzeje pullara seredip: - Özüñ-ä gowja zat ekeniñ - diydi-de, ýüzünden maskasyny aýyrdy...- Pikir edişim ýaly akylly bolsañ bir teklip etjek, kabul edersiñ-ä?! Gyz onuñ näme diýip oturanyna hiç düşünip bilenokdy. Dogtarlar haty bulaşyk ýazýar diýýärler, geplände hem düşüner ýaly däl. - Pul özüñde durubersin, az zadam däl eken. Başlygyñyz jomart eken. Heh, jomart bolmanam bolar. Eger bilinäýse dagy başlygyñ özüni abort edýärler. Men neme diýjekdim. Garşy bolmasañ ikimiz nemedäýeli diýjekdim. Eden hyzmatymyzyñ haky şol bolar. Gyz başda düşünmedi. Lukman ýigit owadan ýylgyrdy: - Barybir saña erbet bolmaz. Emaý bilenjik ederin. Gyz başyny aşak salyp, alaçsyzlykdan aglasy geldi. Lukman ýigit arkasyndan gelip, gulagyna pyşyrdady: - Gel, janym, şojagaş koýka geçeli. Süp-süýjüje sen. Gyz eşiklerini gaty ezber sypyryp, sypap-sermäp ugran lukmana: - Çagajygyma erbet bolmaz dälmi - diýip, naýynjar ýüzlendi. - Ýok-la, diýýäniñ näme, gül ýaly bolar. - Men çagajygyma hiç bir erbetlik islämok, düşünýäñizmi, lukman. Soñ näme bolanyny bilenok. Uky girdap ýaly özüne çekdi. Gözüni açanda lukman: - Hemme zat gowy, sanjym edilende biraz agyrrak geldi. Biraz özüñizden gitdiñiz. Ýok, hemme zat gowy. Indi has-da gowy bolar - diýip, şol öñküsi ýaly ýylgyrdy. *** Gyz daşary çykdy. Aýaklary özünki däl ýaly. Bar ýeri bom-boş. Elinde ýantorbasy. Nirä gitjegini, näme etjegini bilenok. Şäheriñ çola köçeleri bilen bir ýana tutdurdy. Nira, nämüçin. Alla bilsin. Atam döwründen galan iki gat ýaşaýyş jaýlar. Garry agaçlar. Howlularyñ güllere beslenen sim tordan haýatjyklary, köçe krantlaryndan jürläp duran suwlar, bu ýeri özboluşly görkezýar. Emma gyz üçin bar zat öçügsi. Bulutly gün howanyñ garalşy ýaly, bar zat tutuk. Ýüregi gysylan gyz gözýaş edip aglasy geldi. Ýantorbasyndan elýaglyk gözledi. Eli bir desse pula degdi. Pullary penjesinde saklap durşuna oylandy: şu suwly ýaba zyñyp goýbersemmi ýa? Garşysynda duran köneje bina. Yazgysam saralyp-çalaryp gidipdir. Ýetimler öýi. Gyz bu ýere uzak wagt garap durdy. Soñra elindäki pullary ýantorbasyna hem salman şol bina tarap ýöredi. *** Ýetimler öýünden çykanda onuñ puly ýokdy. Emma biraz ýüzi açylypdy. Solgun meñzine gan ýören ýaly. Âyaklaram ýeñil. Ýetimler öýünden çykyp, şol ýöräp barşyna badyna bat goşulýar. Hem oýlanýar "Entek dogulmadyk oguljygym, dogulmajak oguljygym ýetim çagajyklara sadaka etdi". Ýetimler öýünden çykaly bäri öñünden barýan oglanjyk sakga durdy-da: - Dogulmajak diýmesene. Munyñyz ne gep - diýdi-de jykyrdap güldi. - Men ynha doguldym-a. Özüniñ içoýlaryny bu çaga nädip añyp bilýärkä diýip, gyz gözlerini tegeläp oña seretdi. - Eje, meni tanoñakmaý? Sen meni tanamaly-a. Dokuz aý garnyñda götermäniñde näme. Sen meni tanaýmaly. Sen meniñ ejem. Meniñ ejem jan. Çaganyñ wüjür-wüjür diljagazy çalt hem süýji gepleýärdi. Özem gyz ondan indi gorkanokdam. - Men seni aýyrtdym-a, balam. Men seni.. - Ýo-o, lukman daýy ayt-da saña. Hemmesi gowy bolar diýip. Sen bolsa ynananokdyñ. Çagajyk onuñ öñüne düşüp ylgap diýen ýaly barýar, şol barşyna-da yzyna garap ýylgyrýar: - Sen meniñ ejem jan ahyry. Sen maña ynanaýmaly. Ýaş gyz şol pursat özuni edil orta ýaşan aýal ýaly duýdy. Bir täsin. - Ynanýan balam, ynanýan. Çagajyk yzyna garap arkasyndan galman gelýän ejesine ýylgyryp, göz güldürýär: - Ýöne bilýänmi, eje, eger sen ýañy çagalara sadaka bermedik bolanyñda, men hakykatdanam ölýärdim. Sen şony bilen ýaly-da eje jan. Meñ adymdan çagalara sadaka berdiñ welin, men dünýä indim. Indi men hemişe ýanyñda bolaryn. Özem seniñ ýanyñdan aýrylman gezjegimi hiç kim bilenok. Soñ ol aýak çekip özüni diñleýän ejesiniñ ýanyna ylgap bardy-da, aşak egil bir zat aýtjak diýen yşarat etdi. Gyz çagajygyñ aýdanyny edip aşak egildi. Çagajyk şadyýanja gözlerini oýnadyp, onuñ boýnundan gujaklady-da: - Indi ikimiziñ hemişe bile boljagymyzy hiç kim bilmez. Diñe Hudaý jandan başga. Sylapberdi Muhamow, 09.08.2023. Moskwa. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||||
| |||||