18:29 Dolanmak | |
DOLANMAK
Goşgular
Höwrügen ýerlerme gidesim gelýär, Howlugýan görmäge söwüt hataryn. Ýene şol gadymy çeşmäñ boýunda, Çynaryñ astynda gussa bataryn. Ýok, gözýaş üçin däl, meniñ bu gussam, Hiç gözüm gidenok ýalñyz çynara. Gezen dabaraly günlerim besdir, Ýürek ejiz gelýär indi çydara. Goýmaýar erkime dolanmak yşky, Arzuw-hyýallarym guş bolup uçdy. Meni syrtmaklapdyr gitmek duýgusy, Erteki deý obam ýadyma düşdi. * * * (Gögoguz halk aýdymlarynyñ äheñinde) Bir inçejik ýodajyk bar, Añyrsyna ses ýetmeýär. Şol inçejik ýodajykdan, Inçe billi gyz gatnaýar. Şol inçejik ýodajykda Tozduryp kän paşmaklary, Gatnaýan men öñe-yza, Ýele gaýýan peşmek ýaly. Daş-töwerek giden sähra, Ne kiri, ne kimiri bar. Ýoda eltýär külbejige, Külbejigiñ kilidi bar. Şol külbede üç kişi bar: Baba, mama hem bir gözel. Baba melleginde işlär, Kempir gapy-gapy gezer. Şol öýüñ bir saçagy bar, Saçagynyñ bar müşk ysy. Nygmatlaryñ ajaby bar, Ne artyk, ne-de kem duzy. Şol gyzyñ gara saçy bar, Başynda elwan ýaglygy. Gyzyñ yşku-heserinden, Ýokdur başga bir ýazygy. Kempir babanyñky bolsun, Baba bolsun kempiriñki. Ýöne şol elwan ýaglykly, Owadan gyz bolsun meñki. Durdymuhammet GURBANOW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Dünýe sen / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym... / Goşgular - 15.07.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |