03:02 Doñan ýylany ölüdir öýdüp, Bagdada elten margir hakynda hekaýat | |
DOÑAN ÝYLANY ÖLÜDIR ÖÝDÜP, BAGDADA ELTEN MARGIR HAKYNDA HEKAÝAT
Goşgular
Men bu hekaýaty ençe ýyl ozal Eşidipdim. Diñläp, senem many al. Margir, ýagny ýylan tutýan bir kişi, Şonuñ bilen eklenç edýän bir kişi Endigne eýerip, ýylan tutmaga Ugrady alysda görünýän daga. Şeýle bir nakyl bar: "Agtaran-tapar", Her kim öz geregniñ ugruna çykar. Diýipdirler ýene: "Yhlasa-myrat", Ahyr ele düşer gözlenilýän zat. Margirem hazyna agtaran ýaly, Aýlanyp ýör, ýylan tutmak hyýaly. Gaýalardan süýşüp gaýdan galyñ gar Jülgeleriñ eteginde agarýar. Şol gar bilen gaýdan äpet ýylany Tapdy ol. Seretse, ýok ýaly jany. Begendi ol kişi: "Awum-a oñdy!" Ýylany tegeläp, ýüp bilen dañdy. Adam diýlen mahluk özün tanaman, Pyglynyñ gurbany bolýar kä zaman. Ýa gymmat bahaly atlazdan geými Jidä çalşar, duýmaz hiç hili müýni. Özümiz ýylandan gorkunç bolsak-da, Haýran galyp, gürrüñ edýäs ol hakda. Ili geñ galdyrmak margire kada, Ol ýylany alyp, gitdi Bagdada. Ýylan uly, esli agramy bardy, Margir ony zordan süýräp barýardy. Çümýärdi ol süýji arzuw-hyýala. "Adamlar añk bolup bakar ýylana. Bu eden ummasyz azabma derek Maña-da esli pul düşäýse gerek..." Ine, ol ahyry şähere ýetdi, Gören agzyn açyp, ýakasyn tutdy. "Heniz beýle äpet ýylan görmändik, Margiriñem zordugyna geñ galdyk. Gorkman, süýräp ýörşi geñ-aý oñ, walla". Diýip, gürrüñ etdi giden mähelle. Kim şeýle syn etdi, kimse pul berdi, Garaz, il görmedik zadyny gördi. Gaty kändi üýşen adamlañ sany, Margir açyk ýerde goýup ýylany, Üstüne-de tapan-tupanny atdy, Ýylan gymyldaman kän wagt ýatdy. Nurly Günem galyp barha ýokary, Howry bilen çoýup başlady ýeri. Örtükleñ ýylsyna, Günüñ çoguna, Ýylanam janlanyp başlady, ana. Garda, buzda doñan göwrä girip jan, Kem-kemden oýandy sus ýatan ýylan. gymyldap ugrady guýrukdyr kelle, Oñ bolşuna gözi düşen mähelle "Assa gaçan-namart" diýlişi ýaly, Edil suwuñ dagdan inişi ýaly, Duran-duran ýerden ýazzyny berdi, Giden meýdan ýöne ala güpürdi. Zähresi ýarylan adamlar kileñ Çakyşyp, itişip bir-biri bilen, Margiriñ hut ýedi puştuna gargap, Jyn dagan dek bolup, gitdiler dargap. Ýylanyñ eýesem gözün tegeläp, Tas basgyda galyp, bolupdy heläk. "Öz başyma satyn alyp belany, Ölüdir öýdüp bu äpet ýylany. Guzynyñ möjegi oýarşy deýin, Derde galdym. Indi näme edeýin?" Diýip, ýaýdanjyrap duran margiri Ýylan şo durşuna ýuwutdy diri. Gerinjiräp, eýläk-beýläk towlandy, Ol biçäräñ süñkleri-de owrandy... Betbagtlyk buzunda şol ýylan deýin, Kalbyñ uklap ýatan wagty arkaýyn. Bir söý bilen oýarsañ aç nebsiñi, Margiriñ gününe salar ol seni. Açgözlük ýylany janlansa eger, Ömrüñe, abraýña ýetirer zeper. Şer işlere şert döredip, jan berseñ, Soñ ömrüñ durkuna ahmyr eder sen. Jelaleddin RUMY. | |
|
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||