00:52 Doñýürek Oruell | |
DOÑÝÜREK ORUELL
Edebiýat täzelikleri
Ýatdan çykarylanlaryñ takdyry şeýle. Awtoryñ ady hemişelik ýalkym saçýar, emma onuñ aýalyna belli bir wagtdan soñ mynasyp üns berilýär Jorj Oruell diýlende, köpleriñ göz öñüne şobada XX asyr dünýä edebiýatynyñ iñ ahlakly adamy gelýär. Oruell Ispaniýanyñ graždanlyk urşunda diktaturalara garşy söweşen ýazyjy. Ol "1984" romanynda sowet kontrrazwedkasynyñ at-owazasyny ýer bilen ýegsan eden jadygöý awtordyr. Ol "Kalila we Dimna" ýa-da fransuz ýazyjysy Lafonteniñ basnýalary ýaly bütin dünýäde meşhurlyk gazanan we ähli dillere şindizem terjime edilip ýörlen jadyly eseri "Malýatagyny" ýazan ussat ýazyjydyr. Oruell Hindistanda bolan söweşlere gatnaşdy, Birmada ýaşady, Parižde öýsüz-öwzarsyz, kör-köpüksiz galdy, Ikinji jahan urşy ýyllarynda "BBC" habarlar gullugy üçin syýasy makalalary ýazdy. Ol geçen asyryñ iñ esasy iñlis ýazyjylaryndan bolmasa-da, gürrüñsiz, iñ görnükli ýazyjylarynyñ biridir. Häzir edebiýatsöýüjiler ýazyjy Anna Funderiñ Oruelliñ birinji aýaly Aýlin O'Şonessi hakda ýazan "Wifedom: Mrs Orwell's Invisible Life" atly awtobiografiki kitabyny okanda, çäksiz gynanjy başdan geçirýärler. A.Funder Oruelliñ juda doñýürek adam bolandygyny, onuñ dokuz ýyllap düwnük keselinden ejir çeken aýalyna birem esewan etmändigini gürrüñ berýär. Hasam beteri, ýazyjy "Malýatagyny" ýazyp ýörkä, Aýlin onuñ iñ ýakyn kömekçisi eken. Emma ol bir ýerde-de bu barada dil ýarmady. Ýanýoldaşynyñ adyny bir gezegem agzamady, diñe "ýoldaş" diýip çäklendi. Köp sanly tankytçy "Malýatagyndaky" dialog lezzetini diñe Aýline, onuñ ýumoristik düşünjesine we romanyñ başyndan ahyryna hereket edýän Staliniñ obrazyny açyp görkezme ukybyna baglanyşdyrýar. Aýlin Oruell Aýlin O'Şonessi 1936-njy ýylda Oeuelle durmuşa çykdy we dokuz ýyl geçenden soñ keselledi. Oeuelle derman-därileriniñ puluny çykdajy etdirýändigi üçin kemsinen Aýlin oña ýazanyña degmeýän ynandyryjy hatlary ýazyp ugratdy. Oruelliñ diñe ünssüzligi däl, eýse aýalyna eden biwepalygy-da bardy. Aýaly muny bilse-de bilmezlige salýardy. A.Funder hakykat bilen çeper fantaziýany birleşdirýär we Aýliniñ joralaryna ýazan birgiden hatlar toplumyna salgylanýar. Awtor kitabynyñ başynda millionlarça okyjynyñ gözündäki Oruelliñ at-abraýyny gaçyrmagy maksat edinmändigini, emma hakykaty üýtgedibem bolmaýandygyny nygtaýar. Her haýsy bolanda-da, belkäm edebi ýa-da çeper hakydada hemme zat indi arany açyp barýar. Eýse, doñýürek ýazyjylara diñe Oruell degişlimi? Munuñ özi şol bir wagtyñ özünde Dostoýewskiniñem, Tolstoýyñam we beýlekileriñem durmuşynda bolan zatlar dälmi näme? Emma bu ýerdäki tapawut, beýleki ýazyjylaryñ Oruelliñ edişi ýaly arassalygy öñe sürüp, munuñ mahabatyny etmeýändikleri we onuñ ýaly agyr işler hasaplanjak kabinetdir öý işlerine aýallarynyñ zähmetini eksputatirlemekleridir. Ýatdan çykarylanlaryñ takdyry şeýle. Awtoryñ ady hemişelik ýalkym saçýar, emma onuñ aýalyna belli bir wagtdan soñ goýmaly mynasyp gadry goýulýar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe 24.08.2023 ý. | |
|
√ Dünýäniň meşhur edebiýat baýraklary - 05.10.2024 |
√ Halkara Buker baýragynyň sanawy yglan edildi - 01.08.2024 |
√ Kitap arakesmesi - 14.05.2024 |
√ Tекст выступления Д.Язкулыева 25 июня 2024 г. в торжествах проведенной в рамках Дней культуры Туркменистана в Казахстане - 09.07.2024 |
√ Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024 |
√ Soner Ýalçyndan atgaýtarym öñe geçen ýene bir kitap... - 30.06.2024 |
√ "Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024 |
√ Halypa ýazyjymyzyň kitaby neşir edildi - 29.10.2024 |
√ Nobel baýragyny almadyk ägirtler - 05.10.2024 |
√ Туркменка - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||