20:04 Döredijilik | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ DÖREDIJILIK Lezzetiň artykmy ýa-da ezetiň, Eger walla, muny bilip bilmedim. Bir ýesir düşdümde seniň dünýäňe Şondan başga ýerde bolup bilmedim. Çöle çykdym, ýaşyl ýylak gözledim, Ile çykdym, nakyl, ýomak gözledim. Galamyň ujundan çörek gözledim Başga güýje tagzym kylyp bilmedim. Gözüme göründiň gyzyň keşbinde, Mežnun bolup perwaz urdum yşgyňda. Ykbaldyr-da: şeýle güne düşemde Beýle edähedi goýup bilmedim. Birinji bakyşda söýlen gyz bolduň, Ynjyk bolduň, durşuň bilen näz bolduň, Kämahal gyş bolduň, käte ýaz bolduň Söýseň, sögseň Senden doýup bilmedim. Bu neneňsi geň kär, neneňsi pişe, Käte ýazjak zadyň girýändir düýşe. Öýde ýüzün ýatyp başlamda işe Wagty bilen ýerden galabilmedim. Ömür diýlen meňzeş eken düýşlere, Pida bolup gördüm gara güýçlere, Töwerekde bolup geçýän işlere Namys etdim, ýöne ölüp bilmedim. Bir kemally gördüm, bir müň bikemal, Amanat başlarda öwüsýär şemal.. Ne gözel maksat bar, ne ajap hyýal, Aňk bolup özüme gelip bilmedim. Bir zady ýigrenip, bir zady söýüp, Ýaşadymda ýöpdüm ýaýnap hem köýüp. Eý şahyr, näme sen, ne närse? - diýip Kelle döwdüm, jogap alyp bilmedim. Jadyň bilen hüwdülediň, üwrediň. Menem bolup bilşimçeräk saýradym. Aman ýaşa, ar-namysa goýmadyň Geçip barýan ömri haýyp bilmedim. ▶ O.O. BAGYŞLANÝaR Ýylgyraňda ýylap gidýär ýüregim, Ýylgyrşy nurana ýazdan alypsyň. Göreçleri gijäň ak ýyldyzyndan, Dili bolsa, meger közden alypsyň. Säheriňki ýaňaklaryň terligi. Gylyçdanmy gyýma gaşlaň ýerligi, Göz bilen gepleşýän – bu ýeserligi Diýýärler jadyly sazdan alypsyň. Ýöne käte gazaplanýäň, eý aman! Gyýa bakyp geçýäň, bize garaman. Meger muny gün çyksada eremän Kölegede ýatan buzdan alypsyň. Bolýa…Näzdir diýeli bu gylygy Aýdymdan – gep-sözüň ýerlikliligi. Iň mukaddes zady – durnuklylygy Iň bir güýçli zatdan – duzdan alypsyň. * * * Aşyklardan öwrenmedim söýmegi, Ony kükräp gelen ýazym öwretdi, Ak çabganyň aşagynda köýmegi Başda göwün beren gyzym öwretdi. Asmandan inmedi içjek-iýjegim, Serpaý berilmedi geýýän penjegim, Ýly diňe ýörän kişiň ýeňjegin Bu çöllerde goýan yzym öwretdi. Ýyllar göýä ýyndan atyň toýnagy, Deprenmeseň bardyr çaňda goýmagy, Geçen asyrlaryň ahyn duýmagy Düldüli igleden sazym öwretdi. Haýp, hanjaň ýeledigin, ykdygyn Bilebilmän kän selpäpler ykdygym! Döwüm nandan äpet zadyň ýokdugyn Halal desterhanym - duzum öwretdi. Dakyp adamlygyň belent çinini, Dünýä bize ynanypdyr janyny. Ýanmasaň, çoýup-da bolmaýanyny, Öjakdaky elwan közüm öwretdi. * * * Bulutlar daga çökdi, Serwi dumanda galdy. Gün gizlendi asmanda, Deňiz armanda galdy. Açdy suwuň sepini Tolkunlaryň epini. Esrän deňziň köpügi Çyplak kenarda galdy. Ne-hä sowuk, ne yssy, Çygly şemal öwüsdi. Damja yga towusdy, Gomlar ýelämde galdy. Gögi tutdy gürrüldi, Bulut lükge düýrüldi. Birden garny ýaryldy, Ýagyş ummanda galdy. Ýene gün çykda parlap, Zülplerini timarlap, Otyr gök serwi derläp… Göwnüm gümanda galdy. ▶ DÜNÝÄ HAKDA DÜNÝEWI GOŞGY Guwduraman, gaýyp ýörmän howada Käte geçmişide salmaly ýada. Sahralary söküp paýu-pyýada Çykypdyk şol gadym oraçalardan. Bu dünýä geňlikden-taňlykdan doly, Ala adamlaryň niýeti-päli. Adalatam az-kem ýylgyrar ýaly Agy aman saklaň garajalardan. Ýatamda, turamda dileýän Hakdan: Gora ak jereni şar-gara okdan, Danalary halas ediň samsykdan Kesiň bikemaly derejelerden. Seret, hon-ha ýalan jort atýar çyna, Bäs gelmek juda kyn galpyň güýjüne. Arlap duran arslan - janyň ujyla, Gorkýan ýylan sypat ýaranjaňlardan. Eý taňrym, görene göz bolupdyryn: Gör kim bilen ýüzbe-ýüz bolupdyryn - Men bu ýalançyda bez bolupdyryn Çem gelen göreldä eýerjeňlerden. Ak garly gyş geldi, geçdi gök ýazym. Şükür, boş gitmedi çeken azabym. Erkek duşman bilen oňşaryn özüm, Daş et dost saýylýan çüpejelerden. | |
|
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Dünýa hakda / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |