15:54 Döreýiş | |
DÖREÝIŞ
Goşgular
Geldiñ. Uçgunlap-uçgunlap kalbyma ýetip, Deñize ulaşman köprüden ötüp, Baglara çolaşman aýlanyp, ýitip, Aýak sekilmedik menzile aşdyñ. Ümsümlik... Garañky giden bir dünýä, Eşdilip dur hatda ýürek urgusy. Yranýan köýnegiñ, titreýän lebiñ hem-de atmosfera döredýän demiñ. owaz edýär. Köre hassa dogrusy. Çekinseñ-de, asyl maksadyñy ýadyña salyp, Ynam batböregin eliñe alyp. Üç gezek uludan alyp her demiñ, Şo bada otladyñ umytdan şemiñ... Ne gündüz, ne säher, ne-de bar giçlik, Tutara närse ýok, hemme ýer boşluk... Añsat zadyñ özi ýokdur durmuşda, Hasam kyndyr täze dünýä döretmek. Gorkyñ, soraglaryñ saçyñ penjeläp, Başyña aýlaýar misli kerep dek. Ine, bu mekandan gitmek islediñ, Emma, tapmadyñ sen hiç bir alajayn. Ahyr soñy ýeri gazyp başladyñ, Uçup bilmejegñe diýip ol-a çyn. Ýene-de bolmady. Soñuz deý zemin, Gutarmady. Döretdi ullakan dagy. A sen syrykdyryp göz ýaşyñ çukra, Agladyñ. Ukladyñ gutarman agy... Tümlügi böwsüp göründi yş, Sowuldy gyş. Başlady ilkinji beýik döreýiş. Saçyñ tarlaryny ýüzüñe serpip, Bir eýlä bir beýlä yraýar şemal. Aýagyñ gyjyklap çekilýär yza, Nämedir bir zatlar diýýän dek dem al. Ýüzüñe bir ýerden yş düşdi çala, Gabagyñ owkalap ýeriñden galdyñ. Saçlaryñ yzyña ýaýañda ylla. Gün bilen dogulan sen ajap güldüñ. Dagyñ añyrsyndan jyklaýar al Gün, Päklik. Älem-jahan hemme ýer ýagty. Asuda demiñden sekuntlar döräp, Barlyga getirdi tükenmez wagty. Baglar, bütin düzler kalabyñdan döräp, Zemine görk berip rekli öwüsýär. Kenara gelýär-de yza çekilip, Ummanyñ suwlary oýnap-towusýar. Uludan dem alýañ, ýöreýäñ, durýañ, Suwa aýak basýañ. Ullakan okean. Şähdiñ açylsa-da birahat göwnüñ, Ýene-de gussaly uzaga bakýañ. Kenarlar çarlaksyz, umman balyksyz... Bilýän, isleýärsiñ janly-jemende. Emma ejizleme, öñe bak, öñe, Islegiñ hasyl bor wagty gelende. Goldaky şemiñi öçürme asla, Syzýandyr ol hemme zady ýürek dek. Añsat däldir ynansañam duýgyña, Öz başyña täze dünýä döretmek. Ol şemi söndürseñ öñki bor bary, Dolanarsyñ ýene gelen dünýäñe. Emma senden, diñe senden, ezizim, Tama uly, bilýäñ-ä! Şunça zatlar kemal tapdy bir yşdan, Öser-örñär baky dursa ol şemiñ. Öçürmeseñ geçer-gider her gyşdan, Esasy zat maña ynan, gülşenim! Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ol ne ýüzdür aşyk olmyş jümle şeýhi-şap oňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ak atly şazadam haçan gelersiñ / Goşgular - 11.09.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |