23:58 Döwlet garakçysy saudlar | |
DÖWLET GARAKÇYSY SAUDLAR
Publisistika
Söýgüli okyjylarym, garakçysy diýilýän zat diñe dag başynda bolýandyr öýtmäñ... ol hemme ýerde-de bolup bilýär. Emma döwlet garakçylygy juda seýrek duş gelýär. Galyberse-de XXI asyrda! Biz muña iki ýyl mundan öñ Stambulyñ jümmüşinde şaýat bolduk. Saud Arabystanyñ raýaty žurnalist Jemal Kaşykçy ýurdunyñ häkimiýetine garşy gidýän oppozioner şahslaryñ biridir. Ol ýurdunda bolup geçýän eden-etdiliklere batyrgaýlyk bilen garşy çykyp, ýer ýüzüniñ žurnalistlerine nusgalyk görelde görkezýärdi. Türkiýede adaglysy bardy. Toýa taýynlyk görýärdi... Emma saud raýaty bolandygy sebäpli, ýurdunyñ Stambuldaky konsullygyndan käbir resminamalary almagy gerekdi. Oña belli bir günde konsulluga gelip, resminamalaryny doldurmaga rugsat berildi. Ana, bar zadam şondan soñ boldy. Kaşykça öñden bäri dişini gyjap ýören saud hökümeti soñundan dünýäni aýaga galdyrjak işe meýillenýärdi. Kaşykçy görgüli konsullyga girenden soñ ýok edilmelidi. Emma muny etmek üçin düýpli taýýarlyk görmelidi. Şonuñ üçin ilki Saud Arabystanyñ patyşasynyñ, soñra onuñ wekili bolan mirasdüşer şazadasynyñ rugsady alyndy we ganhorlar topary düzüldi. Toparyñ düzüminde ekpertler, kesip-çapýançylar, gassaplar, jesedi kislota bilen eredip ýok edýänçiler... kim gerek bolsa bardy. Ganhorlar doly üpjünçilikli ýagdaýda Stambula geldiler. Her biriniñ kisesinde diplomatiki eldegrilmesizlik pasporty bardy. On alty adamlyk garakçylar topary jenaýatdan birnäçe gün öñ ýeke-ýekeden Atatürk howa menziline gonmaga başlady. Käbirleri ýörite uçarlarda, käbirleri bolsa tarifli reýslerde gelýärdi. Olara Stambuluñ lýuks otellerinde ýerleşmek buýruldy. Otellere dagadylar we saud konsullygynda duşuşdylar. Soñ ýüze çykan maglumata görä konsulyñam gaýyryljak işden habary bar ekeni. Şonça ganhora ýolbaşçylyk etmegem şoña ynanylypdy. Ganhorlar konsullygyñ binasyna girip, bukuda ýatdylar. Kaşykçy içeri giren badyna onuñ üstüne bökdüler, neressäni gara ýere serdiler. Dek düýn mälim bolan maglumatlara görä, Kaşykçyny ilki huşundan gideripdirler, soñra kerçemäge başlapdyrlar. Degişli türk gulluklary diýersiñiz, gynansak-da, olar piliñ gulagynda uklamaga dowam edýärdi. Teleýaýlymlarda hem tomaşa etdik, wakadan soñ konsullygyñ binasyna paket-paket arassalaýjy we kir ýuwujy serişdeler getirilen eken. Biziñkiler ýene eli-aýagy bagly, hiç zat edip bilmedi. Ine, şundan soñ kapasadaky guşlar kimin ýañky ganhorlar ýekän-ýekänden uçup, Saud Arabystana gaçyp gitdiler. Emma ortada jeset ýokdy, oña näme bolandygyny hiç kim bilenokdy! Häzire çenlem tapylanok. Türk polisiýasynyñ binada gözleg işlerini geçirmegine birnäçe günläp rugsat berilmedi. Ahyrynda rugsat berilen wagtynda, eýýäm suw señrikden agypdy. Şol ikiarada konsulam biziñkileriñ gözüniñ alnynda sumat boldy! 2018-nji ýylyñ 2-nji oktýabr güni edilen jenaýatdan şumada çenli tegelek iki ýyl geçdi. Netije häzirem nola-nol, elde ullakan nol bar! Saudlardan günäkärleriñ gaýdyp berilmegini talap etdiler, güldüler we dogabitdi gylyklaryny edip gaýdyp bermediler. Emma beýannamalar bilen çykyş etdiler! “Jenaýatkärleriñ garşysyna derñew işi gozgaldy.” Golaýda ýene bir beýannama berdiler: “Garşysyna iş gozgalan şunça kişä ölüm jezasy berildi!” Hemmesi ýalan... Geñ göräýmeli, jezalandyrylanlaryñ biriniñem ady tutulanokdy. Söýgüli okyjylarym, Saud Arabystany diýilýän ogrulardyr orramsylaryñ ýurduny gowy tanamak gerek. Döwlet ýolbaşçylarynyñ barsy ahlaksyzdyr, ogrudyr we iki esasy girdeji çeşmesi bardyr: musulmanlyk söwdasy we korrupsiýa. Olaryñ uýýan wahhaby mezhebi-de barypýatan dinden çykanlykdyr. Aslynda Saud Arabystany, Katar, Birleşen Arap Emirlikleri diýilýän ýurtlaryñ barsy ogrulat we parahorlar tarapyndan dolandyrylýar. Bularda adamyñ hak-hukugy, aýal-erkek deñhukuklylygy diýen düşünjeden nam-nyşan ýok. Kanun ýok, çölüñ ýabany kada-kanunlary ýöreýär. Ortada ýokary taýýarlykly ýerine ýetirilen professional jenaýat bar. Ganhorlar işlerini bitirip, gözümiziñ öñünde biziñkileriñ süýrenjeñligi sebäpli gaçyp gitdiler. Şu iki apbasylyk Saud Arabystanyñ bigaýratlygyna seretseñizläñ! Wyždansyzlar bireýýäm etjek işlerini edip dyndylar, emma, gelip görüñ, häzirem jesediñ näme nirä nädip ýitirim edilendigini bilýän ýok. Kerçäp-dogradylarmy, kislotada eretdilermi ýa-da neressäni Stambulda öz uçarlaryna mündürip diriligine alyp gitdilermi... barsy näbelli! Bäş manatlyk ganhorlar ýurdunyñ garşysynda şu güne çenli çäresiz galdyk, mundan soñam üýtgän zat bolmaz. Emin ÇÖLAŞAN. "SÖZCÜ" gazeti, 02.10.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||