08:42 Döwleti dolap getirmek | |
DÖWLETI DOLAP GETIRMEK
Publisistika
Näme diýjek bolýanymy soñragyndan aýdaryn... Ilki cv/terjimehal ýazaýyn: Wedat Milory bilmeýäniñiz ýok. Gastronomiýa-garbanma sungaty boýunça makalalar ýazýar, telegepleşikler berýär... Galatasaraý liseýinden soñ Bosfor uniwersitetinde okady. "London School of Economics"-de (LSE) we Kaliforniýanyñ Berkli uniwersitetinde aspiranturany okady. J.Habermasyñ, M.Fukäniñ, P.Feýerabendiñ, E.Kardozonyñ sapaklaryny özleşdirdi. Berkeleýde sosiologiýa, Stanford uniwersitetinde hukuk ylymlary boýunça doktorlyk dissertasiýasyny gorady. Braun uniwersitetinde akademiklik etdi. Tehnologiýanyñ ýüregi Kremniý jülgesinde boldy. Wedat Miloryñ ýoly has soñra "garbanma sungatynyñ" üstünden düşdi. Kim näme diýibilsin? Ýöne onuñ ömür ýolunyñ şeýdip jemlenmegine juda gynanýaryn! * * * Kembriž uniwersitetiniñ uçurymy Maýkl Burawoý tanalýan marksist sosiologlardan. Onuñ "Monopolistik kapitalizmiñ astynda zähmet möhletindäki özgertmeler" ("Согласие на производство: изменения в процессе труда при монополистическом капитализме") ýaly kitaplary bar. Professor Burawoý 2010-2014-nji ýyllarda Döwlet Sosiologiýa jemgyýetiniñ (ISA) başlygy bolup işledi. Ol häzirem Kaliforniýanyñ Berkli uniwersitetinde ylmy işlerini dowam etdirýär... Wedat Milor Berklide professor Burawoýyñ "Özgeriş we az özgerişiñ sosiologiýasy" sapagyndan täsirlendi hem-de ylmy işini halypasy bilen bile saýlap aldy. Onuñ şol doktorlyk dissertasiýasy geçen ýyl türk dilinde çap edildi: "Döwleti dolap getirmek: Türkiýede we Fransiýada meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş boýunça deñeşdirmeli iş". Bu ylmy iş ABŞ-nyñ Sosiologiýa jemgyýetiniñ 1990-njy ýylda beren "iñ gowy dissertasiýa" baýragyna mynasyp boldy... Wedat Miloryñ şeýle dissertasiýany saýlap almagynyñ dürli sebäpleri bardy. Türkiýe 1963-1967-nji ýyllar üçin ösüşiñ birinji bäşýyllyk meýilnamasyny, kagyz ýüzünde galan 2019-2023-nji ýyllar üçin ösüşiñ iñ soñky on birinji bäşýyllyk meýilnamasyny işläp düzdi. Günorta Koreýa 1962-nji ýylda birinji ösüş meýilnamasyny taýýarlady. Eýse graždanlyk urşuny başdab geçiren Günorta Koreýa kollektiwleýin meýilnamalaşdyryş bilen Türkiýeden nädip menzil-menzil öñe geçdi. A Hytaýa näme diýmeli? Ikinji jahan urşunyñ weýrançylygyndan çykan Fransiýa 1946-njy ýylda meýilnamalaşdyryş edarasyny gurup, döwletiñ öñbaşçy roly bilen nädip Ýewropanyñ ikinji, dünýäniñ dokuzynjy ykdysadyýetine öwrüldi? Meýilnamalaşdyryş bu ýurtlarda we Türkiýede nädip aýry-aýry rol oýnady? Iñ gödegini ýazaýyn: Meýilnamalaşdyryşy "kommunistik oýlap tapyş" hasaplap, "bize plan gerek däl, palaw gerek" diýýän sagçy häkimiýetleriñ türk ykdyssdyýetiniñ şeýlekin nebisagyryjylykly ahwalyndan jogapkärdigi inkär edip bolmajak derejede açyk-aýdyñ dälmi? Meýilnamalaşdyryşa getirilen sagçy syýasy çäklendirme iñ soñky gezek 2011-nji ýylda AKP-niñ Döwlet Meýilnamalaşdyryş edarasyny ýatyrmagyna getirdi: "Ýaşasyn meýilnamasyz ykdysadyýet!" * * * Sag beýlede dursun, wagtyñ geçmegi bilen sosial-demokratlara-da täsir eden patarraky şu boldy: - Az ösüşden gutulmak diñe döwleti bazardan kowýan neoliberal bazar ykdysadyýeti arkaly mümkindir. Döwletiñ ösüşde oýnaýan öñbaşçy roly ilki ret edildi. Neoliberal düşünje "halas boluşyñ resepti" däl, ol aslynda syýasy-ykdysady, medeni neokonserwatiw ideologiýadyr... Şu düşünje ýerli ekerançylygy we milli senagaty ýok edip, senegata arka durýan strategik we rasional kollektiwligi ýok edip, ähli baýlygyñ "global çaýkelleriñ" elinde jemlenmegini gazandy. Şeýle baknalygy ýola goýan reseptde döwlet bolmaýar, hak-hukuk diñe global kapitala hyzmat edýär... Fransiýa bu ýola nämüçin doly sowulmady? Çünki Fransiýada köpçülikleýin demokratiýa agalyk sürýär we raýat tejribesi özüni edil häzir Fransiýanyñ köçelerinde bolşy ýaly islendik pursatda görkezip durýar. Bizde bolsa partiýalar häkimiýetde galmak we häkimiýete gelmek üçin meýilnamalaşdyryşa-demokratiýa zerurlyk duýanok. Çünki meýilnamalaşdyryş bilen saýlawlary (we baýlyk) gazanmak kyn... Wedat Miloryñ ýiti zehin bilen ýazylan kitabyny okanymdan soñ pikir etdim: "Türkiýe tejribeli beýin güýjünden nämüçin peýdalananok?" Fransiýa bilen Türkiýäniñ arasyndaky meýilnamalaşdyryş üstünliginiñ tapawudynyñ bir sebäbi-de şu: işbaşarjañlyk (liyakat) meselesi! Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.05.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |