21:11 Döwran sürdüm | |
DÖWRAN SÜRDÜM
Goşgular
Döwran sürdüm sary Aýyñ astynda, Yşkymy bagş etdim asylly ýara. Aýyñ keşbi üýtgäp durdy asmanda, Söýgim üýtgemedi pasyllar ýaly. Meñem keşbim ýuwaş-ýuwaş özgerdi, Saçda ak göründi, mañlaýda - gasyn. Meñem keşbim ýuwaş-ýuwaş özgerdi, Gyşmy, ýazmy meni üýtgeden pasyl?! Sallançak yranýar - ýerbe-ýer bar zat, Çaga bolan yşkdan gözüm süzlüpdir. Eger bu ömürden ýetäýse bir zat - Maña eçiljegi dözümsizlikdir. * * * Ýene ýürek gursagyma sygmaýar, Ýene hyýalymda aglaýar guşlar. Nämedir bir zatlar kalby üwreýär, Bilýän, bu ömüriñ añzak gyşy bar. Bu ömürim dört pasylyñ geýminde, Geçip barýar, geçenini duýamok. Göräýmäge bu adaty dünýede, Nämüçindir, gözellikden doýamok. Derýa akýar, öñküligne meñzemän, Akym täzelenýär, derýasy - köne. Sen düýn dogan bir ak çaga meñzeýäñ, Saçy çal, dumanly, eý, garry dünýä! Durdymuhammet GURBANOW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |