23:39 Döwük galam | |
DÖWÜK GALAM
Goşgular
![]() Galamy hemişe döwük şahyryň, Goşgularam şonça sowuk ahyryn. Sowuk sözler ýylatmaýar ýüregi, (Ýada sal elmydam suwly elegi, Ýa-da suwsuz çelegi). Ütülen guş—ýok ganaty, ýelegi, Döwük galam bilen ýazylan namaň, Ýok aýagy, Ýok gulagy, Bilegi... Bar togsan dokuz ýüzi, Bar dönüp duran sözi. Döwük galam bilen ýazylan namaň, Ýuwandyr tagam-duzy. Örülendir gatbar-gat, Arktika – doňak buzy. Döwük galam bilen ýazlan namany, Okap, diýdi biri: – Ýok munda many. Hem görüp şahyryň döwük galamyn, Ýadyma saldym men, Goňşymyzyň beren sowuk salamyn. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |