15:59 Dünýä owgan aýallaryny ýatdan çykardymy? | |
DÜNÝÄ OWGAN AÝALLARYNY ÝATDAN ÇYKARDYMY?
Publisistika
1999-2001-nji ýyllardaky birinji Taliban häkimiýeti döwründe Kabulda CNN-niñ meşhur korrespondenti Kristian Amanpura interwýu beren sowatly owgan zenanlarynyñ biri "azatlykdan ömürlik mahrum edilen tussaglar ýaly bolduk. Haçan azatlyga çykjagymyzy diñe Alla biläýmese..." diýipdi. Owgan zenanlary edil häzirem şeýle ýagdaýy başdan geçirýär. 2021-nji ýylyñ awgustynda ikinji gezek häkimiýeti eýelän Talibanyñ birinji eden işleriniñ biri-de mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda gyzlaryñ okamagyny we aýal-gyzlaryñ öýden daşaryk çykyp işlemegini gadagan etmek boldy. Şeýdibem, jemgyýetiñ ýarsyny düzýän aýal-gyzlaryñ öýe gabalmagy 200 müñ töweregi ylymly-bilimli adamyñ daşary ýurtda gaçmagy bilen Owganystanda medeniýete yşyk beren ýagtylygyñ sönmegine we daş-töweregiñ tüm-garañkylyga bürenmegine getirdi. Ýokary okuw jaýlarynda okamagy we munuñ bilen birlikde bagtly durmuşda ýaşamagy arzuw eden millionlarça owgan gyzy häzir garañky döwri başdan geçirýär. Olaryñ elden giderilen azatlyklaryna gaýtadan haçan gowuşjaklary-da belli däl. Dünýäniñ beýleki ýurtlarynda ýaşaýan ýüz millionlarça aýal-gyzyñ gündelik edýän işleri olar üçin ýetdirgisiz arzuw-hyýal: ýokary okuw jaýyna okuwa girmek, hünär edinmek, seýilgählerde we beýleki medeni-dynç alyş merkezlerinde gezmek, konsert berilýän ýerlerde görünmek, gezelenje çykmak, kafedir çaýhanalarda oturyp deñ-duşlary bilen gürrüñ etmek we ş.m. Adam her gün görüp ýören, durmuşynyñ aýrylmaz bölegine öwrýlen birtopar azatlyklary elden giderensoñ olaryñ gadryny duýup başlaýar. Edil dişi agyrýan adamyñ dişi agyrýança saglygyñ nämedigini bilmeýşi ýaly. Geçen ýyl eýranly-aýal gyzlaryñ režime garşy başlan tolgunşygy owganly boýdaşlary üçinem umyt ýalkymyny döredipdi. Mahsa Amininiñ ölümi bilen barha ulalýan demonstrasiýalaryñ başynda dünýä jemgyýetçiligi eýranly aýal-gyzlar bilen ýakyndan gyzyklanyp, birnäçe döwlet Eýrana basyş edipdi. Şoña görä-de, eger Eýranda aýal-gyzlaryñ başlan işi şowuna bolsa, bu ýurtdan ýaýran azatlyk şemaly goñşy Owganystanda-da öwüsäýmegi mümkindi. Emma aýatolla režiminiñ dünýäniñ nägileligine intipis etmän aýal-gyzlaryñ hakly çykyşlaryny gahar-gazap bilen basyp ýatyrmagyndan soñ owgan zenanlarynyñ garañky dünýäsi öñküsindenem garaldy. Şol ikiarada dünýäde bolup geçen beýleki wakalar Owganystany üns merkezinden iñ soñky ornuna geçirdi. Şeýdibem owgan zenanlarynyñ dört diwaryñ içinde döken gözýaşlary doly ýatdan çykaryldy. Şeýle hem Taliban gelmänkä bilim almak üçin Türkiýä gelen owgan gyzlary-da häzir uly kynçylyklary başdan geçirýär. Ýokary okuw jaýlaryny tamamlan gyzlaryñ Türkiýedäki wagtlaýyn ýaşamaga berilýän rugsatnamalarynyñ möhleti uzaldylmaýar we olaryñ ýurtlaryna dolanmagy talap edilýär. Türkiýedäki azatlyklar bilen ýañy öwrenişip başlan eli hünärli ýaş gyzlara Owganystanda garañky durmuş garaşýar. Şonuñ üçinem owgan gyzlary näme etjeklerini bilmän türk ygtyýarlylaryndan özlerine dogry düşünilmegini isleýärler. Elbetde, bilim alyp başlanlarynda gyzlaryñ her biriniñ maksady Türkiýede lukman, inžener, žurnalist, telekeçi, mugallym bolandan soñ dogduk depelerine dolanyp öz ildeşlerine hyzmat etmekdi. Emma "öýden hasap edip çykan zadyñ, bazara ýetýänçäñ hemişe bolup durmaýan eken". Häzir Türkiýedäki ähli owganystanly talyp oglan-gyzlaryñ iñ uly problemasy şu: olaryñ Türkiýede galmagyny islänoklar, olaryñ öz ýurtlaryna-da gaýdyp barasy gelenok. Günbatara gitmegem örän kyn we howp-hatarlar bilen doly çykalga. Günbatardaky käbir owgan intellektuallary birnäçe haýyr-sahawat guramalarynyñ kömegi bilen owgan zenankary üçin internet arkaly okuw kurslaryny ýola goýýar. Emma Owganystanyñ käbir uly şäherleri bolaýmasa, köp ýerinde elektrik togy bolmandygy we internet üpjünçiliji juda pesligi üçin bu kurslar gerekli adamlaryna baryp ýetenok. Görlüşi ýaly, dünýä jemgyýetçiligi Ukraina urşy we Gazadaky çaknyşyklar ýaly has wajyp meseleler bilen başagaý bolýandygy üçin owgan zenanlary öz betbagt durmuşlarynyñ girdabyna oklanana meñzeýär. Owgan halkynyñ bolsa hiç mahalam aýal-gyz meselesini orta atan wagty bolmady. Aýal-gyzlary öýde çäklendirilen durmuşda ýaşatmak Owganystandaky erkekleriñ aglabasynyñ öz isleýän ýagdaýy bolmagynda galýar. Owgan erkeginiñ gözünde aýal-gyz ýat gözlerden goralmaga degişli, şonuñ üçinem dört diwaryñ arasyndan çykarman, bürenjek-çabydyñ astynda saklanmaly gymmatly närse. Bu elbetde, Talibanyñ getiren garaýşy-da däl, gaýtam tersine, ýüzlerçe ýyllap dowam edip gelen ýörelge. Talibanyñ goldawy bilen ýurduñ hemme ýerinde açylan medreseleede okadýan mollalar jumga hutbalarynda we wagyzlarynda dört aýala öýlenmegiñ bolýandygy ündeýänem bolsa, olaryñ bilim almaga bolan hukugyndan kelam-agyz söz açmaýar. Tersine, aýallar üçin jennete barýan ýoluñ erkege gepsiz-gürrüñsiz boýun egmegiñ we onuñ göwnüni awlamagyñ üstünden geçýändigini ýanjaýarlar. Ýogsam bolmasa, yslam dini hiç mahalam aýal-gyzlara bilim almagy gadagan etmeýşi ýaly, ylym-bilimiñ erkekler bilen deñ derejede aýal-gyzlara-da parzdygyny nygtaýar. Emma Talibanyñ mollalary bulary görmezlige-bilmezlige salýar. Ýagdaý nähili garañky görünse-de, owgan zenanlary heniz umytlaryny ýitirenok. Gaýtam olar her garañkylygyñ yzyndan ýagty günleriñ geljegine ynanýarlar. Edil gijäniñ yzyndan gündiziñ gelşi ýaly. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Sişenbe, 16.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |