09:18 Dünýä Talibany ykrar edýärmi? | |
DÜNÝÄ TALIBANY YKRAR EDÝÄRMI?
Publisistika
Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy Si Szinpiniñ Talibanyñ bellän ilçisiniñ ynam hatyny kabul etmegi bilen diasporadaky owganlar, aýratynam öñki režimiñ ýokary düzümli ýolbaşçylary biri-birlerine ýokardaky soragy bermäge başlady. Sorag ýerliksizem däl. Dünýä hernäçe Talibanh ykrar etmeýändigini aýtsa-da, Kabuldan ýollanan ak selleli-şalwarly mollalar Putinden Si Szinpine, Özbegistanyñ prezidenti Şewkat Mirziýoýewden Türkiýäniñ Daşary işler ministri Hakan Fidana çenli gaty köp döwlet ýolbaşçysy we daşary işler ministri bilen görüşýär hemde garaşsyz döwletiñ wekili ýaly çemeleşilýärdi. Häkimiýetini mazaly pugtalandyran Talibanyñ diplomatiki ulgamdaky başlangyçlary sürgünde kyn şertlerde ýaşaýan öñki owgan režiminiñ ýolbaşçylarynyñ we owgan intelligensiýasynyñ arasynda ullakan lapykeçlik döredýär. Çünki olar zamanabap dünýäniñ demokratiýa we adam hukuklary hakdaky süýji wadalaryna çyn ýürekleri bilen ynanypdylar. Olar günleriñ bir güni medeni dünýäniñ aýrylmaz bölegine öwrüljekdiklerine, öñki garañky günleri we hiç haçan gutarmajak ýaly bolup görünen uruşy yzda galdyryp, asuda we bagtyýar geljege ýelken açyljakdygyna bil baglapdylar. Häzir respublikan režimiñ çökmeginden soñ daşary ýurda çykan owgan intelligensiýasynyñ uly bölegi şular ýaly depressiýa döwrüni başdan geçirýär. Gürleşen, görüşen köp sanly owgan intelligentleriniñ ruhy saglygy ýerinde däl. Okap, ýazyp, pikirlenip bilýän her bir owganystanly bolup geçýänlere düşünmekde kynçylyk çekýär. Günbatarda özlerine täze durmuş gurup, rahatlyk tapanlara çenli göwünleri döwük, ruhlary ýaraly. Ukrain konflikti, Gazadaky çaknyşyklar we ABŞ-Eýran dartgynlylygy ýaly birnäçe meseleler bilen gidişýän dünýä jemgyýetçiliginiñ üns merkezinde Owganystan diýilýän zat ýok. Dünýäniñ kellesini agyrdyp biljek bir zat edäýmse, Talibanyñ ýurduñ içinde näme edýändigi, öz halkyna nähili çemeleşýändigi hiç kime gyzykly däl. ABŞ-nyñ sebitden çekilmegine çaksyz begenen Hytaý, Eýran, Päkistan, Russiýa ýaly ýurtlar Taliban bilen dostana gatnaşyklary ýola goýmak üçin nobata durdular. Aýratynam Hytaý Taliban bilen ýakyndan gyzyklanýar we oña dürli tehniki, tehnologiki kömekleri berýär. Hytaýly firmalar bu ýurtda içerki çaknyşyklar bolanda ýykylan, harap bolan mekdepleri, hassahanalary, ýollary, köprüleri we şuña meñzeş başga-da birnäçe gurluşyk desgalaryny abatlaýar we täzelerini gurmagyñ meýilnamasyny işläp düzýär. Talibanyñ häkimiýet başynda oturmagy Hytaý, Russiýa, Eýran ýaly ABŞ-nyñ basdaşlygyny edýän ýurtlaryñ bähbidine ýaraýar. Owgan oppozisiýasy bolsa Günbatar tarapdarlygyny edýändigi we Günbataryñ adamy hasaplanýandygy üçin bu ýurtlaryñ gözünden düşen ýagdaýda. Indi Eýranam, Özbegistanam, Russiýa-da öñki Demirgazyk ýaranlygynyñ liderlerine gyzyklanma bildirenok. Owgan halky-da ýagdaýdan hoşal ýaly bolup görünýär. Kyrk ýyldan gowrak wagt uruşdan we çaknyşyklardan bizar-peteñi çykan ýönekeý owganlar üçin Kabulda kimiñ häkimiýetde oturandygynyñ onçakly tapawudy-da ýok. Olara uruş bolmasa bolýar. Ýurduñ içindäki ýagdaýa iñ köp gaýgylanýanlar - sowatly owganlar. Bu gatlagyñ arasynda hemmeleriñ biri-birinden soraýan soragy şu: - Taliban nähili giderkä ýa-da gidermek üçin näme etmeli? Edil häzirki wagtda bu soragyñ jogabyny doly berip biljek ýogam bolsa, hemmeler şu ýagdaýy gowy bilýär: Owganystan problemasy heniz düýpli çözülenok. Ýurtda emeli, galp asudalyk höküm sürýär. Ýurtdaky palasyñ aşagyna süpürilip ýygşyrylan problemalaryñ üýşmegi edil häzirki wagtda hiç kimiñ ünsüni çekmese-de, durnukly çözgüdiñ tapylmadyk ýagdaýynda öñde hemmeleriñ kellesini agyrdyp biljek uly problemalara öwrülme ähtimallygy ýokary. Owganystan edil häzir sönen wulkana meñzeýär. Emma wulkanyñ iru-giç atylyp dynjagyny hemmeler bilýär. Şoñ üçin gaty gijä galynmanka öñüni alyş çärelerini geçirmek gerek. "Öñüni alyş çäreleri" näme diýýän bolsañyz, bu ýurtda giñ gurşawly täze hökümetiñ gurulmagy, aýal-gyzlaryñ bilim almaga bolan hukugynyñ dikeldilmegi we Owganystanyñ täzeden medeni dünýäniñ aýrylmaz bölegine öwrülmegidir. Esedulla OGUZ, Germaniýaly türkmen žurnalisti. Çarşenbe 07.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |