17:29 Dünýäde | |
DÜNÝÄDE
Goşgular
![]() Üstünlige aňsat ýetjek bolýas biz, Ýaşamasy juda agyr dünýäde. Onsoň çalt sargaryp, çakgan solýas biz Çyn sözi juda az wagyr dünýäde. Gümanly ýaşasaň bolarsyň küpür, Herniçik etmeli baryňa şükür, Dymsaň-a samsyksyň, gürleseň pökür, Ýok zada etmeli sabyr dünýäde Aýna däl, kalbyna seretsin her kim, Dünýä gözel bolsa göwnüňde görküň Ýaşap başarmadyk özünden görsün, Ýaşanyňa degýän nebir dünýede. Göwün gulpdyr, açarydyr öwgüler, Dost bolmagy başarsaňam döw bilen, Degmäň, degmäň, degmäň ynsan göwnüne, Ahyrky pillesi gabyr dünýäde. Aşyrmät GARLY. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |