14:30 Dünýäni üýtgeden adam: Gadyrly dostum Mihail Gorbaçýow | |
DÜNÝÄNI ÜÝTGEDEN ADAM: GADYRLY DOSTUM MIHAIL GORBAÇÝOW
Publisistika
Gorbaçýow "Sowuk urşuñ" we ýadro ýaraglanşygy ýaryşynyñ soñuna nokat goýdy. Ýewgeniý Lebedew syýasat meýdanynyñ titanyny, mähir-muhabbetden doly gojany we ruhubelent ynsany ýatlaýar. Hemme zady üýtgedeniñ Mihail Gorbaçýowdygyny ýatdan çykarmalyñ. Mihaili soñky gezek görenimizde saglyk ýagdaýynyñ peselendigi we deminiñ sanalgydygy görnüp durdy. Saçy bütinleý agarypdy we mazaly gojalşansoñ, mañlaýyndaky meşhur haly garalyp, mesaña göze ilip durdy. Müddetiniñ doluşandygyny bilip durdy. Gorbaçýow saglygy hakda "bulam-bujar" diýipdi. Şindi meniñ ýagdaýymda wagt ýitirmegiñ geregi ýok. Onuñ bilen birinji gezek Parižde, milleniumdan bir salym soñ tanşymdym. Ol kakam bilen "Eýfel" diñindäki restoranda günortanlyk edinýärdi. Kakam ikisi Dmitriý Muratowa 2021-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyny gazandyran rus kampanýor gazeti "Новая газета"-nyñ şärikdeşidiler. Dogrusyny aýtmaly bolsa, şeýle beýik adam bilen duşuşma ähtimallygyndan göwnüm geçgindi, aýratynam resmi we dabaraly ýagdaýda bolmagyna garaşandygym üçin. Beterem ýalñyşmak islämokdym. Günortanlyk nahary birnäçe henek atyşmadan we gürrüñden ybaratdy. Hoşlaşanymyzda Mihail meni gujaklady. Soñky ýyllarda ol gujaklamagy epeý gowy görýärdi. 1999-njy ýylda leýkemiýa keseline uçrap ölen Raisanyñ hormatyna düwnüge garşy göreş fonduny guranda, fonduñ başlygy bolmagymy sorady. Hususanam, 2007-nji ýylda açylanda Russiýanyñ düwnük keselli çagalary üçin birinji hususy kliniki merkezine öwrülen Sankt-Peterburgdaky täze Raisa Gorbaçýowa adyndaky Çagalar gematologiýasy ýilik goýma merkezi üçin 10 million sterlingden gowrak pul topladyk. Munuñ özi ony ýagdaýyny soramaga baran näsaglarymyzyñ ýanynda görýändigimi añladýardy: Elmydama olar üçin wagt tapýardy we hemişe ýardam goluny uzadýardy. Bu adam halklaryñ ykbalyny şekillendirip bilýän prezidentleri we korollary bilen dil tapyşyp bilýän adamdy, emma onuñ özüni alyp barşynda hiç hili badyhowalyk, hondanbärsilik ýokdy. Ony şular ýaly görnüşde güýçlendiren adamkärçiligini göreniñde, tolgunmazlyk mümkin däldi. Mihail aýalynyñ ölen gününiñ hormatyna 2009-njy ýylda geçirilen dabaraly çärede myhmanlarynyñ öñünde rus halk aýdymy "Köne hatlary" aýdyp berdi. Birinji gezek režimi saklap galmak islänleriñ özüni agdarmaga synanşan 1991-nji ýylyñ agdarlyşygy wagtynda öñki alşan hatlaryny ýakyp durka Raisanyñ üstünden barandygyny aýtdy. Mihail diñleýjilerine "Men uzakda işläp ýörkäm, aýalym bilen hemme zat hakynda hat arkaly pikir alyşardyk" diýdi. "Yzyma öwrülip, ony bu hatlary ýakyp durka görenimde, öñki alşan hatlarymyñ okalmaly däldigi üçin şu köne rus aýdymyny aýtdym. Bu aýdym maña şony ýatladýar". Aýdym aýdyp durka, gözünden biygtyýar paýrap dökülen ýaş sebäpli aşak egildi. Aýdyp bolanda köpçülik bir adam ýaly bolup ör turdy. Ony iñ soñky gezek fondunyñ öñünde görenimde, şindizem aýalynyñ ölümi zerarly hasrat çekýändigi duýulýardy. Bir-biriniñ içinden geçýän otaglar arasynda 1990-njy ýylda özüne berlen Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyñam bolan baýraklardyr syýasat meýdanynda geçiren wagtlaryna degişli fotosuratlardan doludy. Ýene-de iñ köp öñe saýlanyp durany Raisanyñ fotosuratlarydy. Hatda Raisanyñ portreti iş otagyndaky gaýyşlanan stolyñ arkasynda - diwarda buýsanç bilen asylgy durdy. Mihail surata gamgyn göz aýlap: "Bir gün onuñ bilen el tutuşyp agşamky gezelenje çykypdyk. Biziñ bütin durmuşymyzy şeýdip ýöräp geçirdik" diýdi. "Meniñ pikirimçe bar bolan zat - öz ýarpy bölegimizi biri-birimizden tapmagymyzdy. Onuñ maña degişlidigi hakdaky pikire uýup gezdim". Ol maña awtobiografiýasy "Ýeke özümden" okap berdi. Bu awtobiografik kitapda aýalynyñ aradan çykan güni ýazan we gyzy Irina bilen Raisanyñ syrkaw ýatanda geçiren günlerinden gürrüñ berýän gündelikden parçalar bar. Raisanyñ haly teñleşdigiçe Gorbaçýow oña özüni taşlap gitmezligi üçin ýalbardy, çünki aýaly ony taşlap gitse, onuñ üçin durmuşyñ hiç hili manysy bolmajak ýalydy. Mihal maña muny "özümi hiç haçan beýle ýalñyz duýmandym" diýip gürrüñ berdi. Mihaliñ ölüm habaryndan alyp biljek ýeke-täk tesellim onuñ indi şeýle ýitgi duýgusy bilen ýaşamajakdygy boldy. Hemme zady üýtgedeniñ Mihail Gorbaçýowdygyny ýatdan çykarmalyñ. Onuñky soñky ýüz ýylyñ iñ möhüm ömürleriñ biridi. Gündogar Ýewropany gan dökmezden azatlyga çykardy. Ýadro ýaraglanşygy ýaryşyny soñlandyrdy. Ýurdunda söz azatlygyna, syýasy oppozisiýa, dini edim-gylymlara, daşary ýurtly turistleriñ gelip-gitmegine rugsat berdi. Soñky duşuşygymyzda Mihailden geljekki nesiller tarapyndan nähili ýatlanasynyñ gelýändiginu soradym. "Sowuk urşy" soñlandyrandygy hakykatyna goldanyp. Germaniýanyñ birleşmegi üçin şert döretdim. Munuñ netijesinde häzir Germaniýa biziñ dostumyz. Elbetde "Aç-açanlygyñ we üýtgedip gurmagyñ" getiren uly mümkinçiliklerini ýatlajaklaryny pikir edýärin. Ýatlara zat kän. Soñ ol egilip, ýuwaşlyk bilen aýagyma kakdy. "Elbetde, ýagşy adam bolandygym üçin" diýdi. Belki-de, iñ möhüm jümle şu söz bolsa gerek. Ýewgeniý LEBEDEW. 02.09.2022 ý. https://www.independent.co.uk/voices | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |