22:15 Durmuş | |
DURMUŞ
Goşgular
"Durmuş - täze gelen gelin, Ýeňňesi kän eken juda." Aşyr Hanow. O:tdan sowuk, buzdan ýyly Bu durmuşyň synag ýoly. Dünýe kiçi çagajyk däl, Aldasañ ynanar ýaly. Bihuda geçirlen ömür, Göýäki görünmez ümür. Ömri bezär ýagşylyklar, Sen bu hakda pikir öwür. Soňy bardyr goja ýerleň, Ömür ýaşamaga berlen. Yzyñdan gep urjaklar kän, It üýrse-de, geçer kerwen. Ýazgydymdan çykabilmen, Yşka gaşym çytabilmen, Gadyr bilmez biweç bilen Ykbalymy çatabilmen. Kän durmuşyñ ýaranlary, Dünýäniñ wadasy hany?! Hakykat gaýduwsyz, mertdir Ýeňer ähli ýalanlary. Dünýe bakylyga geda, Umytdan bolmaýyn jyda, Durmuş - täze gelen gelin, Ýeññesi kän eken juda! Nury SAKÇYÝEW. | |
|
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |